Hesperian Health Guides

Bap 7: Hajathanalaryň gurluşygy


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 7: Hajathanalaryň gurluşygy


Bu bapda:

A woman walks a child to a sheltered pit toilet as a man pours water for a child to wash his hands.

Adamdan çykýan galyndylar (nejasat we peşew) suwy, iýmiti we topragy dürli ýokançlyklardyr gurçuklar bilen hapalap bilerler. Bu bolsa saglygyň düýpli kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar. Hajathanalary gurmak, olary arassa saklamak we elleri ýuwmak ýaly arassaçylyk çäreleri dürli ýokançlyklaryň ýaýramagynyň öňüni alyp, saglygyň gowy bolmagyny üpjün edýär.

Hajathanalaryň birnäçe görnüşi bolýar. Olara nejasaty we peşewi döküne öwürýän gazma hajathanalary, ekologik hajathanalary (ekologik arassalaýyş), zarply suw akymy bilen ýuwulýan hajathanalar (lagym suwlary) we beýlekiler degişlidir. Ýöne siziň ýaşaýan çäkleriňizde bularyň haýsysy ulanylsa-da, olaryň esasy wezipesi agyz suwuny, iýmiti we ellerimizi adamdan çykýan galyndalardan goramakdan ybaratdyr. Howpsuz we amatly hajathananyň gerek bolşy ýaly, hajathanadan peýdalanylandan soň elleri ýuwmak hem hökmandyr. Howpsuz hajathanalar we elleri ýuwmaklyk adamlardan çykýan galyndylardaky ýokançlyklar zerarly döreýän keselleriň öňüni alýar.

Ýaramaz gurlan hajathanalar we lagym ulgamy (kanalizasiýa) keselleriň döremeginiň we ýerasty suwlarynyň hapalanmagynyň esasy sebäpleridir. Arassa suwuň gitdigiçe ýetmezçilik edýändigi üçin, adamdan çykýan galyndylary zyýansyz ýerleşdirmek has hem wajyp meselä öwrülýär.