Hesperian Health Guides

Aýallaryň we erkekleriň talaplary tapawutlydyr

Bu bapda:

Hajathanadan peýdalanmak babatda aýallaryň we erkek adamlaryň talaplary we endikleri tapawutlydyr. Käbir ýurtlarda erkek adamlar aýallara garanda, köpçüligiň içinde ýa-da açyk meýdanda öz hajatlaryny gaty arkaýyn bitirýärler (mysal üçin, Hindistanda). Aýallaryň bolsa çaga seretmek, suw we odun getirmek, nahar taýýarlamak we öýi arassalamak ýaly öý aladalary ýeterlik bolýar. Bu olaryň howpsuz, arassa, rahat hajathanalardan peýdalanmaklaryna täsir edýär.

As women wait at a bus stop, a man urinates against a nearby wall.
Adatça erkek adamlara öz hajatlaryny ýerine ýetirmek aňsat.

Hajathanalary guranyňyzda, aýallaryň hajatlaryny ýatdan çykarmaň

A woman and girl at a toilet shelter.

Arassaçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzülende, oňa aýallary gatnaşdyrmazlyk olaryň saglyk meselesinde uly töwekgelçiligi döredýär. Sebäbi olaryň hajatlarynyň we talaplarynyň ýerine ýetiriljekdigi ikuçludyr. Erkekler jemgyýetiň her bir agzasynyň saglygyny gowulandyrmak isleýän bolsalar, arassaçylyk çärelerini özgerdenlerinde, aýallaryň talaplaryny hem göz öňünde tutmalydyrlar.

Jemgyýetiň arassaçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzülende, oňa aýallaryň gatnaşmagyny ýeňilleşdirmek üçin, şu aşakdakylary ýerine ýetirilmelidir:

  • Duşuşyklary aýallar üçin amatly bolan wagtda geçiriň.
  • Aýallaryň çagyrylandygyna we çykyş etmek üçin özlerini rahat duýýandyklaryna göz ýetiriň.
  • Eger aýallar köpçüligiň öňünde çykyş etmäge utanýan bolsalar, onda olar üçin aýratyn duşuşyklar guraň.
  • Çözgütleri bilelikde kabul ediň.
If you teach a man, you teach one person. If you teach a woman, you teach a whole nation - African proverb.

Aýallar adatça çagalara haýsydyr bir zady öwretmek bilen meşgullanýarlar, olaryň aladasyny edýärler. Şonuň üçin-de, aýallaryň talaplarynyň kanagatlandyrylmadyk ýagdaýynda, çagalaryň talaplary hem kanagatlandyrylýan däldir. Tutuş jemgyýetiň we aýry-aýry hojalyklaryň arassaçylyk çäreleri meýilleşdirilende, muňa aýallar hem gatnaşdyrylmalydyr, ýogsa hemmeleriň zyýan çekmegi mümkindir.


Aýallaryň hajathanalar babatdaky kynçylyklaryny çözmek

Bu sapak aýallaryň howpsuz we arassa hajathanalardan peýdalanmaklaryna päsgel berýän kynçylyklar barada gürrüň etmäge kömek eder. Esasy maksat – her bir adamyň saglygyny gowulandyrmak üçin haýsy zatlary özgertmelidigini çözmeli. Bu işler ilki diňe aýallar bilen geçirilip, soňra umumy duşuşyklar guralýar.

Wagty: 1 sagat.

Materiallar: Surat çekmek üçin uly tagta kagyzy, ruçka (markerler), ýelimli lenta.

  1. Uly kagyza hajathanalar barada birnäçe pikiri ýazyň. Soňra olaryň her birini okaň-da, topardaky aýallaryň pikirlerini biliň. Eger aýallar okalan pikir bilen ylalaşýan bolsalar, goý, ellerini galdyrsynlar. Her bir “hawa” diýlip ylalaşylan jogap üçin sözlemiň gapdalynda bellik goýuň.
  2. illustration of the below; 5 women sit and discuss by wall with a large piece of paper reading: "Too far from my house. Safer to go in the bush. No way to wash after. The toilet is dirty and I am the person who must clean it. I do not want to be seen entering or leaving the toilet. Pregnant women are not permitted to use toilets. During monthly bleeding we are not permitted to use the toilets. The toilets are not safe for children."
    Aýbaşynyň gelýän wagty bize hajathanalardan peýdalanmaga rugsat edilmeýär.
    Hajathanalar çagalar üçin howpsuz hem däldir.
  3. Her pikiriň gabadyndaky “hawa” belliklerini sanaň. Has köp agzalan meseleleri saýlap alyň- da, olary ara alyp maslahatlaşyň. Kynçylygyň düýp sebäpleri nämede? Bu kynçylyklardan nähili keseller döräp biler? Ýagdaýy gowulandyrmak üçin näme edip bolar? Ýagdaýy gowulandyrmaga nämeler böwet bolýar?
  4. Sapagyň soňunda topar umumy talaplaryň: aýallaryň-da, erkekleriň-de talaplarynyň kanagatlandyryljakdygyna göz ýetirip, degişli hereketleri saýlap biler.


Hajathanalardan peýdalanmaklygy ýeňilleşdirmek

A person holding onto a hand support made of sticks squats to defecate over a pot.

There are many ways to make toilets easier for children and adults with disabilities to use. People need different adaptations depending on their abilities, so it is best to involve disabled people in the planning. Be creative in finding solutions that fit everyone’s needs.

A toilet chair.
Keseligine goýulýan agaç gerek bolanda birikdirilýär.

Hajathanalary maýyp çagalar we ulular üçin niýetläp gurmagyň birnäçe usullary bar. Maýyp adamlar öz başarnyklaryna görä dürli ýagdaýlara uýgunlaşmaly bolýarlar. Şonuň üçin-de, şeýle meýilnamalar düzülende, olara maýyp adamlary hem gatnaşdyrmalydyr. Hemmeleriň talabyny kanagatlandyrýan çözgütler agtarylanda, muňa döredijilikli çemeleşiň.

Eger adama çommalyp oturmak kyn bolsa, onda tutawaç ýa-da belendräk ýer ediň. Hajathana ýerde gazylyp gurlan bolsa, onda oturgyjyň oturylýan ýerini oýup, ony hajathananyň deşiginiň üstünde ýerleşdiriň. Eger adama hereket etmek kyn bolsa, onda onuň arkasy, böwürleri we aýaklary üçin direg ediň ýa-da howpsuzlyk guşagyny berkidiň.

Kör adamlar öýden hajathana özleri baryp biler ýaly, şol aralyga ýüp çekiň ýa-da haýat guruň.

Eger adam egin-eşiklerini geýip çykarmakda kynçylyk çekýän bolsa, onda onuň eşikleriniň giň we çeýe bolmagynyň aladasyny ediň. Onuň ýatjak we geýinjek ýeri arassa we gury bolmalydyr.

Eger adama oturmak kyn bolsa, onda onuň üçin süýşýän tutawaç we basgançaklar ýasaň.

Maýyplaryň tigirli kürsüleri üçin amatlaşdyrylan hajathanal

illustration of the below:A woman in a wheelchair uses a toilet shelter.
Maýyplar kürsüsi arkaýyn sygar ýaly ýeterlik giň ýer gerek
Kömege çagyrmak üçin jaňjagaz
Ýaplanyp oturmak üçin söýget
Maýyplar kürsüsinden meýdan edilýän ýere geçmek üçin tutawaç
Maýyplaryň kürsüsi bilen meýdan edilýän ýeriň beýikligi deň bolmaly
Aňsat girip-çykar ýaly, daşyna açylýan giň gapy
Gapynyň tutawajyna daňlan ýüp
Öýden hajathana aňsat barar ýaly tekiz ýol
A curtain with a sign reading "In Use."