Hesperian Health Guides

Adamlar näme üçin hajathana gurunýarlar?

Bu bapda:

Adamlar adatça arassaçylyk ýagdaýyny gowulandyrmaga ymtylýarlar. Ýöne munuň düýp sebäbi diňe sagdyn bolmak höwesi däldir. Adamlar sagdyn bolmakdan başga-da, şu aşakdakylary isleýärler:

  • käwagt ýeke bolmagy: hajathanany çuň çukur gazyp hem edýärler. Ýöne ýekelikde galmak islegi hajathananyň daşynyň ýapyk we gapysynyň bolmagyny talap edýär. Şeýle ‘gaçybatalgalar’ ýönekeý bolup, olar ýerli materiallardan gurulýar.
  • howpsuzlygy: hajathananyň howpsuz bolmagy üçin, ony oňaýly we howpsuz ýerde gurmaly. Eger hajathana ýaramaz gurlan bolsa, ondan peýdalanmak howpludyr. Şeýle hem hajathanalar öýden daşda ýa-da adam barmaýan çola ýerde gurulsa, ondan peýdalanýan aýallara zorlanma howpy abanyp biler.
  • rahatlygy: adamlar çommalyp oturar ýaly we ýerlerinden turanlarynda boýlary görünmez ýaly daşy ýapylan, rahat ýerde ýerleşýän hajathanadan has göwünjeň peýdalanarlar. Şeýle-de olar öz öýlerine golaý we ýelden, ýagyşdan, gardan gorajak hajathanalardan peýdalanmak isleýärler.
  • arassalygy: eger hajathana hapa we ýaramaz ysly bolsa, oňa hiç kimiň giresi gelmez. Ýörite işçiler hajathanalary wagtly-wagtynda arassalap dursalar, olaryň arassa saklanylmagyny üpjün edýär.
  • sylaşyk: arassaçylygyna seredilýän hajathananyň eýesine dereje we hormat bilen seredilýär. Bu bolsa adamlaryň pul çykaryp, hajathana gurmaklarynyň esasy sebäpleriniň biri bolmagy hem mümkin.
illustration of the below: A woman leads a child to a sheltered pit toilet; a man pours water for a child washing his hands; a woman pushes a wheelbarrow; a mop and bucket; a cooking pot and covered container.
Sagdyn
sanitariýa
=
+
+
+
+
Tebigy hajatlaryny ýerine ýetirmek üçin howpsuz ýer
Elleri ýuwmak usuly
Nejasatyň we peşewiň sagdyn serişdä öwrülmegi
Hajathanalaryň arassa we howpsuzdygyna göz ýetiriň
Peşew we nejasat bilen hapalanmadyk iýmit we suw