Hesperian Health Guides

Akdyrylýan hapa suw meselesi

Bu bapda:

Lagym ulgamy peýdalanylan hapa suwlary turbalar arkaly alyp gidýär. Gür ilatly şäher ýerlerinde lagym ulgamy adamlaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyryp biler. Ýöne saglyk kynçylyklarynyň öňüni almak üçin hapa suwlary arassalap, olary howpsuzlandyrmalydyr. Howpsuzlandyrylan suwlar gaýtadan peýdalanylmagy üçin suw gözbaşlaryna gaýtarylmalydyr.

Lagym suwlaryny işläp arassalamaklyk gymmat düşýär. Olar köplenç suw gözbaşlaryna arassalanylman düşýär. Bu bolsa lagym suwlaryndaky galyndylary, mikrobdyr gurçuklary we zäherli himikatlary ýaýradýar. Şeýlelikde, şol hapa suwlaryň ýaýran ýerlerinde sary getirme, mergi, garahassalyk ýaly keseller döreýär. Ýöne hapa suwlar gymmat düşýän usullarda arassalanylaýan ýagdaýynda-da, gaýtadan ulanmak gaty bir ygtybarly hem däl. Olar şu kynçylyklaryň döremegine getirip biler:

  • aşaky akym boýunça suw çeşmeleriniň hapalanmagy;
  • adamlaryň ýaşaýan we daýhançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýan ýerlerindäki topragyň hapalanmagy;
  • oba hojalygy üçin zerur bolan dökünleriň ýitirilmegi;
  • içmek, ýuwunmak we oba hojalygynyň işleri üçin ulanylýan suw çeşmeleriniň hapalanmagy;
  • ýakymsyz yslaryň döremegi.


Lagym suwlaryna dürli galyndylar garylyp taşlananda (mysal üçin fabriklerde ulanylan himikatlaryň galyndylary), bu saglyk kynçylyklarynyň has-da artmagyna sebäp bolýar. Lagym suwlarynyň şeýle hapalanmagy olary arassalamagy juda kynlaşdyrýar, olary gaýtadan ulanmak örän howply bolýar.

In a village, a man carries water near a polluted stream.
Lagym suwlarynyň akýan ýerlerinde ýaşaýan adamlar bu suwlardan has köp ejir çekýändirler.

Akdyrylýan hapa suwlary arassalamagyň iň howpsuz we arzan usuly – olaryň çykýan ýerinde işläp arassalamakdan ybarat. Bu suwlary olaryň çykýan ýerinde arassalap, şol ýerdäki ösümlikleri suwaryp, olary ýere siňdirmeli. Hapa suwlary arassalamagyň iň ýönekeý usuly – septik çeleklerinden peýdalanmak. Bu usulda hapa suwdaky galyndylar bir ýere üýşürilip, dargama sezewar edilýär. Arassalamak usullaryň ýene biri – aşgarlap almak üçin niýetlenen ýörite çukurlary ulanmak. Bu usulda suw toprakdan çykyp, ýene-de topraga siňýär. Ýöne bu usul ýörite tehniki meýilnamalyşdyrmany we degişli başarnyklary talap edýär. Gynansak-da, bularyň baryny şu gollanmanyň çäginde beýan edip bolmaýar.

Arassalaýyş işlerini köp halatlarda az mukdardaky suw ýa-da bütinleý suwsuz geçirip bolýar. Şeýle işlerde lagym zeýakabalar ulgamy ulanylsa, örän köp suw sarp etmeli bolýar. Suw baýlygy çäklije bolan jemgyýet ýada lagym ulgamyny çekdirip bilmeýänler hajathanalaryň beýleki amatly görnüşlerini saýlap bilerler.

Adamlar öz hususy zeýakabalaryny gurýarlar

Oranji – Päkistanyň Karaçi şäheriniň 900 000 ilatly şäherçesi. Oranji köp ýyllaryň dowamynda zyýansyz suwy ýa-da arassaçylygy saklamak boýunça hyzmatlary bolmadyk ýerdir. Lagym suwlary ýaplara akdyrylyp, siňekdir çirkeýleri köpeldýärdi, keselleriň döremegine sebäp bolýardy. Doktor Ahtar Hamid Han adamlaryň saglyk babatdaky kynçylyklaryny aradan aýyrmak maksady bilen 1980-nji ýylda Oranji Pilot Taslamasyna (OPT) başlady.


Oranjiniň ýaşaýjylary ýerasty lagymyny geçirmeli diýen netijä geldiler. Olar başda lagym ulgamyny hökümet gurar diýip pikir etdiler. Ýöne doktor Han Karaçiniň hökümetiniň lagym gurmaga pul bermejekdigini bilýärdi. Oranjiniň adamlary uly maslahat geçirip, ýeterlik pullary bolmasa-da, özleriniň zeýakabalary gurup biljekdikleri hakynda netijä geldiler.


Bu işi amala aşyrmak üçin ilki bilen jemgyýetdäki guramalar ýaýbaňlandyrmalydy. 20- 30 jaýdan ybarat her bir köçede ýa-da geçelgede zeýakaba gurmak we OPT kömek üçin ýüz tutmak boýunça işler gurnalypdy. OPT edilen teklipleriň we talaplaryň ählisine garap, meýilnama taýýarlady. Guramaçylyk toparlary zeýakaba gurmak üçin adamlardan pul ýygnadylar.


A small group of people dig.

Adamlar ilki-ilkiler zeýakaba üçin betony nädip garmalydygyny, çukuryň haýsy çuňlukda gazylmalydygyny bilmeýärdiler. Şoňa görä-de, edilen işleriň käbiriniň hili pes boldy. Iki ýylyň dowamynda birnäçe zeýakabalary gurulsa-da, olaryň kemçiligi köpdi. Meýilleşdirilen zeýakabalaryň käbiri bütinleý gurulman galdy. OPT guramaçylary bu işiň adamlara ýeterlik öwredilmändigine düşünip, degişli okuw toplumyny geçirmegi makul bildiler. Muňa aýallar we çagalar hem gatnaşdyryldy. Netijede, edilen işleriň hili gowulandy. Jemgyýetde edilýän hyzmaty gowulandyrmak, sarp edilmeli puluň mukdaryny tygşytlamak üçin, taslamanyň işine käbir üýtgeşmeler girizildi. Görlen çäreleriň netijesinde zeýakabalaryň gurluşygy çalt tamamlandy.


Indi her köçäniň öz zeýakabasy bardy. Öýlerden akýan hapa suwlar şol zeýakabalar arkaly howpsuz aralyga äkidilýär. Adamlaryň saglygy gowulandy, Oranji ýaşamak üçin ýakymly ýere öwrüldi. Ýöne kynçylyklar heniz hem bar. Oranjiniň adamlary zeýakabany özleri gurup bilseler-de, lagym suwlaryny arassalaýan ulgamy gurmak üçin hökümetiň goldawyna we puluna mätäçdiler. Hökümet pul bermeýärdi. Emma birnäçe ýyldan pes bahalay taslama işlenilip düzülende, hökümet puluň gerekli mukdaryny berdi. Adamlar zeýakabany aşaky akym boýunça akyp gidýän lagym suwlary arassalaýan süzüji ulgama birikdirdiler. Adamlar öz zeýakabalaryny gurmak üçin bilelikde işläp, ilkinji möhüm işleri etdi. OPT hökümetiň we degişli hünärmenleriň ýerli lagymy adamlaryň talaplaryna we ilatyň mümkinçiliklerine laýyklykda gurup bolýandygyny, bu işler arkaly adamlaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyryp bolýandygyny subut etdi.