Hesperian Health Guides

Ekologik hajathanalar

Bu bapda:

Ekologik hajathanalar nejasaty we peşewi topragy gowulandyrýan döküne öwürýär. Bu mikroblaryň ýaýramagynyň öňüni almak bilen, galyndylary gymmatly resursa öwürýär, adamlaryň saglygyny we daşky gurşawy gowulandyrýar.

Ekologik hajathanalar suwy tygşytlaýar, sebäbi olardan peýdalanylanda, diňe hajathanany ýuwmak üçin bolaýmasa, hiç hili suw gerek bolmaýar. Olar beýleki hajathanalara garanda, ýerasty suwlar üçin howpsuzdyr. Sebäbi olar ýeriň üstünde ýerleşip, çukurlary çuň däldir.

Ekologik hajathanalary şäherlerde we obalarda gurup we ulanyp bolar. Gazma hajathanalara garanyňda, olar seredilmä mätäçdirler. Şonuň üçin-de, olaryň nähili işleýändigine düşünmek zerurdyr.

Galyndylaryň döküne öwrülmegi

Mes topraga hemişe organiki maddalar (ösümlikleriň we beýleki janly-jandarlaryň galyndylarynyň çüýremeginden galýan zatlar) gerek. Organiki maddalaryň topraga siňmegininiň bu tebigy hadysasyna organiki dökünlenme (kompost etmek) diýip atlandyrýarlar

Illustration of the below: Arrows from an ear of corn, to a woman eating, to a person in a toilet shelter, to a woman farming, to a crop of corn.
Toprak däne öndürýär.
Dökün topragy baýlaşdyrýar.
Däne ekinleri azyga öwrülýär.
Adamdan çykýan galyndylary döküne öwürmek bolýar.
Iýmit adamdan çykýan galyndylara öwrülýär.
Ekologik arassaçylyk çäreleri galyndylary resursa öwürýär.

Daýhanlar ösümlikleriň we haýwanlaryň galyndylaryndan organiki dökün (kompost) taýynlap, ony topraga garýarlar. Bu däne önümlerini öndürmek üçin topragy baýlaşdyrýar. Adamlaryň güýç- kuwwatly we sagdyn bolmaklary üçin, olara azyk önümlerinden ýokumly maddalaryň gerek bolşy ýaly, ösümlikleriň hem gowy ösüp, bol hasyl bermekleri üçin toprakdaky ýokumly madalar gerekdir.

Dökünler adamdan çykýan galyndylardan hem edilýär. Ol galyndylarda-da toprak üçin peýdaly bolan ýokumly maddalar bar. Ýöne olarda kesel dörediji mikroblar hem bardyr. Şonuň üçin-de, önümleriň we haýwanlaryň galyndylaryndan edilen organiki döküne garanda, adamdan çykýan galyndylardan dökün edilende seresaply bolmaly.

Täze nejasatdan dökün etmeli däldir. Ýöne soň döküne öwrülen nejasat himiki döküni ulanmazdan, baglary we däne ösümliklerini ýetişdirmekde gowy kömek edýär.

Nejasata garanda peşewde mikroblar az bolup, onuň ýokumlylygy ýokarydyr. Peşew zyýansyz bolup, ol dökün hökmünde ýaramlydyr. Ýöne peşewi gös-göni ösümliklere ulanardan juda güýçlüdir. Ony ulanmazdan öň gaýtadan işlemelidir.

Organiki dökünli we peşewi alyp gidýän gury hajathanalar

Ekologik hajathanalaryň 2 görnüşi bar: organiki dökünli hajathanalar we peşewi alyp gidýän gury hajathanalar. Hajathanalaryň 2 görnüşinden hem zyýansyz dökün alyp bolýar. Köp adamlar hajathanalaryň 2 görnüşine-de organiki dökünli hasap edýärler, ýöne olaryň käbir tapawutlyklary bar.

Hajathanalaryň ikisinde-de garyndylar bir ýyl saklanandan soň, organiki dökün üýşmeginiň üstüne ýa-da ýalpagrak çukura dökülýär we bag ekilende peýdalanylýar ýa-da dökün hökmünde topraga garylýar.

Organiki dökünli hajathanada:

  • Nejasat we peşew beton bilen suwag edilen çukura düşüp, ýerasty suwlaryna aralaşmaýar.
  • Hajathanadan peýdalanýan oňa her gezek gury ýapraklary, samany we ş.m. zatlary oklaýar. Bu ýaramaz yslaryň aýrylyp, galyndylaryň organiki döküne öwrülmegine ýardam berýär.
  • Köp mikroblary, şol sanda ýök etmesi kyn bolan togalak gurçuklaryň ýumurtgalaryny wagt öldürer.
  • Mikroblar ölüp, garyndy uzak wagtlap (1 ýyl) durandan soň, gury zatlary dökün hökmünde ulanyp bolar.

Gury hajathanada:

  • Peşew nejasatdan aýry saklanýar. Ol ýygnalýar, gaýtadan işlenilýär we dökün hökmünde peýdalanylýar.
  • Nejasat konteýner görnüşli betondan edilen uly çukurda ýa-da ony ýerasty suwlaryna geçirmejek gaty plastmasdan edilip, süýşýän konteýnerde ýygnanýar.
  • Her gezek peýdalanyp bolanlaryndan soň, nejasata gury ýapraklar bilen garylan toprak we kül oklanylýar. Bu ýaramaz ysy aýryp, galyndynyň guramagyna kömek edýär.
  • Nejasat suw bilen garyşmaýar. Gury garyndy mikroblary we tegelek gurçugy gowy öldürer.
  • Gury topragyň düzümine öwrülýänçä, nejasaty 1 ýyl saklaýarlar.
Gury hajathanalar ýerli ykdysadyýete kömek edýär
A man examines samples of toilets under a sign reading, "Sanitation Workshop Today."

Meksikanyň Morelos welaýatynyň birnäçe şäherlerinde köp adamlar ekologik gury hajathanalardan peýdalanýarlar. La Seýenega etrabynda ýaşaýan adamlar gury hajathanalary gurmaga mejburdyrlar. Sebäbi etrap çygly oý ýerde ýerleşip, hajathanalaryň çukurlary suwdan dolýardy. Bu meseläni çözmek üçin jemgyýetçilik toparynyň agzalaryndan biri peşewi nejasatdan aýry saklaýan ýörite unitaz satyn aldy. Bu unitazlar ýerli işçiler tarapyndan kiçiräk sehlerde ýasalýardy. Işçiler jemgyýetçilik toparyna täze unitazlardan nähili peýdalanmalydygyny öwretdiler.


La Seýeneganyň ilatynyň aglaba bölegi ösdürip ýetişdiren miwelerini we beýleki ösümliklerini satmak bilen güzeranlaryny dolaýarlar. Bu etrapda ýaşaýan adamlaryň käbiri gury hajathanalary ulanyp başlanlaryndan soň, peşewi we emele gelen organiki döküni (komposty) öz ekinlerinde ulanyp bolýandygyny bildiler. Beýleki adamlar hem baglaryň uly we sagdyn ösýändiklerini görüp, mugt dökün berýän hajathanalardan peýdalanyp başladylar.


Indi La Seýenegada ýaşaýan adamlaryň her biri bu hajathanalardan peýdalanýarlar. Ýerli seh şol hajathanalary gurmaklygy dowam etdirýär. Ilat bolsa sagdyn we gurply boldy.

Baglary ekmek üçin organiki dökünli hajathana

Bu hajathana agaçlary oturtmak üçin organiki dökün berýän hajathanadyr. Ony gurmak aňsatdyr. Çukur dolandan soň, hajathananyň sökülýän diwarlaryny başga ýere geçirip bolýar. Bu hajathanalar baglary we ekinleri ekmek üçin örän amatlydyr. Ýerasty suwlarynyň ýüzleý ýerleşýän ýerlerinde bu hajathanalar örän peýdalydyr, sebäbi olaryň gazma çukurlary çuň däldir.

Hajathananyň çukurynyň toprak bilen gömülmegi, ol ýerde agaçlaryň ekilmegi galyndylaryň pytrap gitmegine kömek edýär.

Bu usul miweli baglary we beýleki peýdaly agaçlary ekip başlamak üçin örän amatlydyr. Eger siziň bag ekmek niýetiňiz ýok bolsa, onda hajathanalaryň başga görnüşlerinden peýdalanayp bilersiňiz.

A woman plants a small tree between a toilet shelter and some larger trees.

Agaçlary oturtmak üçin ýönekeý hajathananyň gurluşygy

Hajathanany gurmakçy bolýan ýeriňizi tekizläň-de, beton halkasyny ýerleşdiriň. Beton halkasynyň içinde çuňlugy 1m bolan çukur gazyň. Soňra beton halkasyny ýerinde goýuň- da onuň üstünden ýasan sekiňizi goýuň. Hajathananyň diwarlaryny guranyňyzda, olary süýşürmek aňsat bolar ýaly edip guruň.

Hajathanadan peýdalanmak we ony saklamak

Women work together to move a toilet shelter over a platform and pit.
  • Peýdalanyp başlamazdan öň, çukuryň içine gury ýapraklary we saman düşäň. Bu nejasatyň dargamagyna kömek eder.
  • Her gezek peýdalanyp bolnandan soň kül ýa-da gury ýapraklar bilen garylan toprak taşlaň.
  • Eger üýşmek beýgelse, taýak bilen aşak basyň.
  • Sekini ýygy-ýygydan arassalaň we ýuwuň. Ýöne çukura köp suwuň gitmeginden ägä boluň.
  • Çukur dolandan soň hajathananyň daşyny, sekini we halka görnüşli berkitmäni aýryň.
  • Gury ösümlikleri toprak bilen garyp, çukuryň üstüni 15sm galyňlykda gömüň. Birnäçe hepdeden galyndylar çöker. Şol ýere köpräk toprak we gury ösümlikleri taşlaň-da, bag ekiň, ony suwaryň. Miweli agaçlar gowy ösüp, zyýansyz we bol miwe berýärler.
  • Hajathananyň daşyny, sekini we beton halkasyny başga ýere geçiriň, çukur gazyň we hemme zady täzeden gaýtalaň.

Iki çukurly organiki dökünli hajathana

EHB Ch7 page 128-1.png
1 metr
30 cm
1 metr

Hajathananyň bu görnüşi organiki dökünli ýönekeý hajathana meňzeşdir. Ýöne munda gömlen çukuryň üstünde bag ekilmeýär-de, onuň içindäki döküni ekin meýdanynda ulanmak üçin çykarýarlar. Bu hajathana adaty gazma hajathanalara garanda ýerasty suwlar üçin has howpsuzdyr, sebäbi galyndylar ýalpak çukuryň içinde toprak bilen garylýar-da, guraýar. Mikroblar ölüp, ýok bolýarlar.

Iki çukurly organiki dökünli hajathananyň gurluşygy

Çuňlugy 1-1,5m, ini 1m iki çukur gazyň. Bu çukurlaryň arasy 30sm bolmaly. Iki çukuryň-da diwarlaryny berkidip, gyrasyna beton halkasyny goýuň.

Bir çukuryň üstüne sekini goýuň-da, hajathananyň diwarlaryny guruň. Ikinji çukuryň üstüni beton ýa-da agaç bilen ýapyň. Birinji çukury tä dolýança ulanyň. Alty adamlyk maşgala bu çukury 1 ýylda doldurar.

  1. Birinji çukur az-owlak dolandan soň, onuň üstüni 30sm galyňlykda toprak bilen dolduryň- da, ony tagta ýa-da beton bölegi bilen ýapyň. Sekini we hajathananyň daşyny ikinji çukuryň üstüne geçiriň. Ony hem dolýança ulanyň.
  2. Birinji çukur az-owlak dursun ýa-da ol 2 hepde durandan soň, oňa köpräk toprak taşlaň we çukuryň üstünde pomidor ýaly möwsümleýin gök önümleri ekiň. Çukurdaky galyndylaryň çüýremegi dowam edýärkä, bu ýerde däne we käşir, kartoşka ýaly gök ekinleri ekmekden gaça duruň.
  3. Ikinji çukur dolandan soň, birinji çukury susak bilen boşadyň. Elleriňize ellik geýiň we täze dökün bilen işläniňizden soň elleriňizi ýuwuň.
  4. Woman shoveling compost into a wheelbarrow.
    2 çukurly organiki dökünli hajathanalardaky döküni 1 ýyldan soň ekiniň topragy bilen garmak howpsuzdyr. Ýöne işlän wagtyň ellik bilen ädik geýmek hökmandyr.
  5. Soň peýdalanar ýaly, çukurdaky gury döküni haltalarda we konteýnerlerde saklaň, ýa-da organiki dökünleriň üýşmegine goşuň, ýa-da bagçylygyň içinde topraga garyň. (Garyndynyň haçan taýýar bolýandygy hakyndaky maglumat üçin “Gatan döküni haçan ulanmak bolýar”). Ikinji çukurdaky zatlar çöküp çüýreýän wagty, sekini we hajathananyň daşyny birinji çukuryň üstüne goýmaly.

Iki çukurly organiki dökünli hajathanany saklamak

  • Hajathananyň içinde gury ýapraklar bilen garylan içi gumly bedräni goýuň. Her gezek peýdalanyp bolanyňyzdan soň, bir gysym garyndyny çukura taşlaň.
  • Eger çukuryň içindäki tümmek beýgelse, ony taýak bilen aşak itmeli.
  • Sekini ýygy-ýygydan arassalaň we ýuwuň.

Peşewi alyp gidýän gury hajathanalar

Gury hajathanalarda çukur bolmaýar. Hajathananyň içindäki zatlary aňsatlyk bilen aýyrmak üçin, olar ýeriň ýüzünde gurulýar. Şeýle hem olarda peşew bilen nejasat üçin aýry-aýry unitazlary bolýar. Bu bolsa hajathananyň içindäkileriň gury saklanmagyna, mikroblaryň ölmegine, ýaramaz ysyň bolmazlygyna ýardam edýär. Bu ýagdaýda peşewi hem dökün hökmünde ulanmak bolýar. Şeýle hajathanalaryň ýeriň üstünde gurulýanlygy üçin, olar ýerasty suwlaryna zyýan ýetirmeýärler.

Gazma hajathananlara garanyňda, gury hajathanlaryň gurluşygy gymmatdyr. Olardan peýdalanmak üçin ýörite bilmeli zatlar bar, sebäbi olar gazma we ýuwujy hajathanalara garanyňda, başga usulda ulanylýar. Olary talaba laýyk ýagdaýda saklamak üçin, edilmeli ýörite işler bar. Ýöne olar galyndylardan dökün almak isleýän adamlar üçin gaty gowudyr. Şeýle hem şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanmak gowudyr:

  • ýerasty suwlaryň ýüzleý ýerleşýän ýerlerinde;
  • gazma hajathanalary gurup bolmaýan ýerlerde;
  • ýygy-ýygydan suw joşgunlarynyň bolýan ýerinde;
  • gazmak üçin juda gaty ýerlerde;
  • öýlerinde ýa-da öýleriniň golaýynda hemişelik hajathana isleýän adamlar üçin.

2 kameraly gury hajathanalar

Bu hajathananyň 2 kamerasy bolup, ondaky nejasat howpsuz döküne öwrülýär. Onuň bir tarapy hajathana hökmünde ulanylýar, beýleki tarapynda bolsa hejasat gurap dargaýar. Aýallar we erkek adamlar üçin niýetlenen ýörite hajathana peşewi nejasatdan aýyrýar. Peşew turbalar arkaly hajathananyň daşyndaky gaba akyp gidýär. 1 ýyla golaý wagtdan soň, nejasat guraýar-da, ony ol ýerden aýryp, organiki dökün üýşmegine dökýärler ýa-da ekin meýdanlarynda ulanýarlar. Ýygnalan peşew bolsa suw bilen garylyp, dökün hökmünde peýdalanylýar.

2 kameraly gury hajathananyň bölekleri

EHB Ch7 page 129-1.png
Öňünden görnüşi
Arka tarapyndan görnüşi
Rahatlyk we hajathanany gury saklamak üçin diwarlar
Hajathanadan we peşew akdyrylýan nowadan akyp barýan peşew üçin gap
Kerpiçden, betondan we beýleki berk materiallardan edilen 2 kamera. Kameralaryň biri hajathana hökmünde ulanylsa, beýlekisi nejasatyň dargamagy üçin niýetlenen
Peşew akdyrylýan nowa (pissuar)
Guran nejasatlary çykarmak üçin arka tarapdaky kiçijik gapylar
Peşew akdyrylýan nowadan we unitazdan peşewi gaba akdyrar ýaly şlanga
Gury hajathanany gurmagyň 3 usuly

EHB Ch7 Page 130-1.png
2 kamera
2 sany kiçijik gapy
Ýelejirediş turbasy
Ýelejirediş turbasynyň deşigi
Peşewi kameradan alyp gidýän şlanga üçin her tarapdan ýa-da öňünden deşik
Hajathanalaryň 3 görnüşi üçin hem diwarlar we basgançaklar guruň. Gapylary yz tarapyndan oturdyň (beton plitalaryny hek ergini bilen berkitmek bolar). Hajathananyň aşagyndaky deşikden konteýnere peşewi alyp gidýän turbany zeýkeş çukuryna ýa-da baglyga çenli çekiň. Ondan akýan peşew ekine dökün bolar.
HAJATHAN-
ANLARYŇ GÖRNÜŞLERI
  1. Çommalyp oturmak
EHB Ch7 Page 130-2.png
2. Oturgyçda oturmak üçin ...
EHB Ch7 Page 130-7.png
3. ...ýa-da unitazdabowl
EHB Ch7 Page 130-12.png
BINÝADYNY GURMAK
EHB Ch7 Page 130-3.png
EHB Ch7 Page 130-8.png
EHB Ch7 Page 130-8.png
2 kameradaky peşewi konteýnere alyp gider ýaly kameralary bölüji diwarda ýer goýuň. Her kamera üçin deşik goýup, sekini tagta ýa-da beton bilen ýapyň. Her kamera üçin deşik goýup, sekini tagta ýa-da beton bilen ýapyň.
PEŞEWI ALYP GITMEK
EHB Ch7 Page 130-4.png
EHB Ch7 Page 130-09.png
EHB Ch7 Page 131-13.png
Suwdan boşan 20 litrlik çüýşäniň düýbüni kesip aýryň. 2 kamerany bölýän diwardaky ýere çüýşäni başaşaklygyna berkidiň. Peşewi alyp gider ýaly turbany deşige berkidiň we turba bilen gabyň sepleşýän ýerinde hiç zadyň syzmaýandygyna göz ýetiriň. Çüýşäniň bokurdagyna süzgüji berkidiň. Ol nejasatyyň we beýleki zatlaryň turba düşmezligini üpjün eder. Plastmas çüýşäniň düýbüni we bir tarapyny kesiň. Peşewi alyp gider ýaly turbany onuň bokurdagyna berkidiň. Nejasat we beýleki zatlar çüýşä düşmez ýaly, oňa süzgüji dakyň. Peşewi alyp gidýän unitazy ýasap ýa-da käbir ýerlerden satyn alyp hem bolýar. Şeýle unitazlary oturtmak we peýdalanmak aňsatdyr.
AŞAGYNY GURUP GUTARMAK
EHB Ch7 Page 131-5.png
EHB Ch7 Page 131-10.png
EHB Ch7 Page 131-14.png
Sekiniň üstünde çommalyp oturyljak ýerde deşik ediň. Onuň aşagynda çüýşäni başaşak ýerleşdiriň. Peşew çüýşä akýar, nejasat bolsa, deşigiň düýbünden aşakdaky kamera düşýär. Ulanylmaýan kameranyň deşigini ýapyp goýuň. Her deşigiň öňüne peşewi alyp gidýän guraly oturdyň. Deşigiň üstünde oturgyçlary berkidiň. Bir deşikde peşewi alyp gidýän unitazy oturdyň. Eger beýleki deşik ulanylmaga taýýar däl bolsa, ony ýapyp goýuň.
DAŞYNYŇ GURLUŞYGY
EHB Ch7 page 131-6.png
EHB Ch7 page 131-11.png
EHB Ch7 Page 130-15.png
Konteýnerde ýygnanan peşew dökün hökmünde peýdalanylýar
...ýa-da şlanganyň kömegi bilen sorujy guýa akdyrylýar.

2 kameraly gury hajathanadan peýdalanmak we ony saklamak

EHB Ch7 page 132-1.png
Adamlara kömek üçin hajathanadan peýdalanmagyň we saklamagyň düzgünleri hakynda maglumaty asyp goýuň.
Suwly çüýşe. Her gezek peýdalanylandan soň, ys azalar ýaly, peşew akdyrylýan nowa (pissuara) we peşewiň separatoryna biraz suw guýuň.
Peýdalanylmaýn kamerany ýapyk saklaň.
Plastmas gapdan peşew akdyrylýan nowa ýasaň- da, oňa peşewi konteýnere ýa-da zeýkeş çukuryna alyp gidýän turbany berkidiň.
Kagyz
Peşewi aýyrýan tory arassa saklaň. Toruň dykylan ýagdaýynda, ony aýryň-da, arassalaň ýa-da çalşyryň.
Toprak, kül we gury ösümlikler garylan garyndy üçin gap. Hajathanadan her gezek peýdalanylandan soň, garyndydan 2 gysymy unitazyň gury bölegine taşlaň. Soňra gapagyny ýapyň.


  • Hajathananyň nejasat saklaýan kamerasyna hiç hili suwuň barmaýandygyna göz ýetiriň.
  • Eger hajathananyň içindäki zatlar öllenýän bolsa, oňa gury zatlary taşlaň.
  • Eger hajathananyň içinde ýakymsyz ys bar bolsa, oňa gury zatlary oklaň we ýelejirediş turbasynyň dykylmandygyna göz ýetiriň.
  • Eger nejasatlar tümmegi beýgelen bolsa, ony taýak bilen aşaklygyna itiň.
  • Peşewli konteýner dolan bolsa, ony boşadyň we ondan dökün ediň.
  • Birinji kamera dolan bolsa, beýlekisini ulanyň. Peýdalanylmaýan kameranyň gapak bilen ýapylgydygyna göz ýetiriň.
  • Kamera boşadylmazdan öň, nejasat 1 ýyllap çüýräp dursa gowy bolar. Bir ýyldan soň ýa-da ikinji kamera-da dolandan soň, birinji kamerany boşatmaly we bu işleri gaýtalap durmaly

Hajathana zir-zibil taşlamaň

EHB Ch7 page 133-1.png
Hajathana zir-zibil taşlamaly däl

Ekologik hajathanalar oňat işlär ýaly, olar diňe adamdan çykýan galyndylar üçin ulanylmalydyr. Aýbaşysy bolýan aýallar ekologik hajathanalardan peýdalanyp bilerler. Ýöne aýbaşy döwründe ulanylýan gigiýeniki ýa-da ýörite serişdeler we ş.m. zatlar hajathana taşlanmaly däldir.

Ekologik hajathanalara kanistr, çüýşe, plastmas, pagta bölegi ýa-da gaty köp mukdarda kagyz we ş.m. dargamaýan, çüýremeýän zatlary taşlamaly däl. Az-owlak kagyz, ýapraklar, ýonuşga we beýleki ösümlikleri ulanmak bolar. Sebäbi olar topragyň aşagynda pytrap gidýärler.

Gatan döküni haçan ulanmak bolýar

Hajathananyň içindäki zatlar guran bolsa we onuň ysy bolmasa, onda olaryň taýýar boldugydyr. Galyndylar şu ýagdaýa gelýänçä, olar hajathananyň kamerasynda 1 ýylyň dowamynda gury saklanylmalydyr.

Eger siz içindäkileri aýyrmaly diýip hasap etseňiz, onda kamerany açyň. Eger üýşmek çyg bolsa, oňa gury ösümlikleri ýa-da kül bilen garylan topragy taşlaň, soňra, goý, ol birnäçe hepde dursun. Eger üýşmek gury bolsa we ysy bolmasa, ol taýýardyr.

EHB Ch7 page 133-2.png
Dökün hökmünde peýdalanmak üçin gury galyndyny aýryň.
EHB Ch7 page 133-3.png
Adamdan çykýan galyndylar bilen işlenende, ellik we ädik geýmeli. Hajathana boşadylandan soň, hökman ýuwunmaly.


Ony susak ýa-da pil bilen aýryň. Bir ýyl geçenden soň mikroblar bolmaýar we ony topraga garyp ulanmaklyk howpsuzdyr. Ýöne biraz şübhelenýän bolsaňyz, galyndyny açyk haltalarda ýa-da gury konteýnerlerde günüň aşagynda saklaň ýa-da organiki dökün üýşmegine goşuň.

Peşewden taýýarlanylýan dökün

Käbir daýhanlar suw bilen garylan peşewi dökün hökmünde ulanýarlar. Sebäbi peşewiň düzüminde ösümlikleriň gowy ösmegi üçin gerek bolan azot we fosfor ýaly ýokumly maddalar bar. Nejasata garanyňda peşewden peýdalanmak has howpsuzdyr. Ýöne dökün üçin gowy bolan peşewdäki ýokumly maddalar, suw çeşmelerini hapalap bilýär. Şeýle hem peşewde gansorujy ýasy gurçuklar bolup biler. Şonuň üçin peşewi suw çeşmelerine, içilýän ýa-da ýuwunylýan suwlar bilen garmaly däldir.

Peşewden dökün taýýarlamak

Peşew birnäçe günüň dowamynda ýapyk konteýnerde durmaly. Bu peşewdäki hemme mikroblary öldürer we ýokumly maddalaryň howa çykmagyna päsgel berer.

EHB Ch7 page 134-1.png
3 küýze suw we 1 küýze peşew = zyýansyz dökün

Dökün etmek üçin 3 bölek suwa 1 bölek peşewi goşuň. Bu suwuklyk bilen ösümlikleri hepdede 3 gezek dökünläp bilersiňiz. Peşew bilen dökünlenen ösümlikler himiki dökünler bilen dökünlenen ösümlikler ýaly ösýär we olar az suwy talap edýärler. Ysmanak ýaly ýapraklary iýilýän ösümlikleriň ösüşi has-da gowulanar. Emma peşew bilen işläniňizden soň, hökman elleriňizi ýuwuň.

Peşewden fermentleşdirilen döküni taýarlamak

Organiki döküne peşewi goşmaly we ol çüýräp, turşamaly (fermentasiýa geçmeli). Bu täze emele gelen topraga ösümlikleri ekmeli.

  1. Gury hajathanalardan peşewi ýygnaň. Her bir litr peşewe mes topragyň ýa-da organiki döküniň 1 n. ç-ni goşuň.
  2. Bu garyndy 4 hepdäniň dowamynda açyk durmaly. Garyndynyň güýçli ysy bolýar, şonuň üçin ony adamlardan daşda saklaň. Peşewli garyndyda fermentasiýa amala aşyp, onuň reňki goňur bolar.
  3. Uly konteýneriň içini gury ýapraklardan, samandan we beýleki guran ösümliklerden dolduruň. Konteýneriň düýbündäki deşikden suw syzyp geçmez ýaly, onuň içine galyň polietilen ýazyň.
  4. Fermentleşen peşewi goşuň. Iň gowy garyndy – ösümlikleriň 7 bölegi bilen peşewiň 1 böleginiň garylmagydyr (gury ösümlikleriň her 30 sm³ takmynan 3 litr peşewi goşmaly).
  5. Üstüne topragyň ýuka gatlagyny düşäň (10 sm köp däl). Şol ýere tohum ýa-da şitil ekiň.
  6. Her 2 günden peşew bilen suwy 1:10 gatnaşykda garyp, ösümlikleri suwaryň. (Bu garyndy ýokarda teklip edilen garyndydan gowşakdyr, sebäbi ony açyk meýdanda däl-de, ýapyk konteýnerde ulanýarlar). Gury ösümlikler 10-12 aýdan mes topraga öwrülýärler.

Täze toprak ekin ekmekde ulanylýar.

Amatlaşdyrylan we uýgunlaşdyrylan hajathanalar

Şu kitapda ekologik arassaçylykda ulanylýan hajathanalaryň diňe käbir görnüşleri beýan edilendir. Ýöne bu hajathanalary her bir jemgyýetçilik toparynyň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin gowulandyryp we uýgunlaşdyryp bolýar. Gury hajathanalary, ine, şu aşakdakylar has-da ýaramly ederler:

EHB Ch7 page 135-1.png
  • Günüň ýylylygy galyndylaryň dargamagyna kömek edýär. Hajathana guranyňyzda onuň kameralarynyň gapysyny güne tarap ediň we ony gara boýag bilen reňkläň. Bu kamerada ýokary temperaturanyň bolmagyna ýardam berip, onuň ýelejiredilişini gowulandyrar we mikroblary öldürer
  • Ýelejiredilmäniň güýçlenmegi galyndylaryň dargamagyna kömek eder. Kamerany ulanyp başlamazdan öň, onuň düýbüne gamyş we beýleki gury ösümlikleri düşäň. Şeýle edilende nejasat ýelejiredilip, has tiz gurar.

Düýbüne gury ösümlikler düşelen hajathananlar

Hindistanyň adamlary peşewiň we hajathana ýuwulýan suwuň ösümliklere akyp gitmegi üçin gury hajathanalary uýgunlaşdyrypdyrlar.

EHB Ch7 page 135-2.png
Külli bedre
Ýuwujy suw deşigiň üsti bilen ösümliklere akyp barýar.
Ýuwujy suw
Nejasat üçin deşik
Peşew üçin deşik
Suwuň we peşewiň akyp barýan ekinli ýerine çäge we çagyl düşelýär, oňa gamyş we beýleki iýilmeýän ösümlikler ekilýär. Ösümlikler boý alandan soň, olary ýygyp, hajathananyň içine oklaýarlar.
Hajathanadan peýdalanmazdan öň, onuň aşagyndaky kameranyň düýbüne saman düşeýärler. Bu çygy sorup, oňat kompostyň bolmagyna ýardam berýär. Hajathanadan peýdalanylanyndan soň, oňa 1-2 gysym toprak ýa-da kül taşlanýar. Içindäkiler gurap dargar ýaly, wagtal-wagtal gury taşlanýar. 1 ýyldan soň birinji kamerany açyp, içindäkileri çykarýarlar we organiki dökün üýşmegine ýa-da topraga dökýärler.