Hesperian Health Guides

Bap 8: Çybynlar zerarly döreýän keseller


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 8: Çybynlar zerarly döreýän keseller


Bu bapda:

Woman and children bothered by mosquitoes outside a house.

Çybynlar gyzzyrma, denge gyzdyrmasy we sary gyzdyrma ýaly keselleri ýaýradýarlar. Bu keseller bir adamdan beýleki adama çalt geçýär. Çybynlar ýata suwda köpelýärler. Çybynlaryň ýaýradýan keselleriniň öňüni almak üçin:

  • Olaryň çakmagyndan gaça durmaly. Penjirelere tor tutmaly, çybynlary kowýan zyýansyz zatlary ulanmaly, egin-eşikler teniň köp bölegini ýapmaly, mör-möjeklere garşy ulanylýan himiki serişdelerini siňdirilen peşehanalary ulanmaly.
  • Keselleri bejermek üçin, adamlara hemaýat berilmeli. Adamlaryň tölemäge ýagdaýlarynyň ýokdugyna garamazdan, olaryň öz wagtynda we netijeli bejergi alýandyklaryna göz ýetiriň.
  • Çybynlaryň köpelýän ýerleri ýok edilmeli. Çeleklerde ýa-da başga uly göwrümli gaplarda saklanylýan suwlaryň üsti ýapyk bolmaly. Suw kranlary, guýular we kanallar üçin gowy zeýkeş guruň. Bu çäre ýere dökülýän suwlaryň topraga siňip, ýata suwlaryň emele gelmeginiň öňüni alar.
  • Ýere we suwa gözegçilik edip, çybynlaryň köpelmeginiň öňüni alyň.


Toprakdan peýdalanmagyň usullarynyň birdenkä özgermegi, mysal üçin, köp sanly agaçlaryň çapylyp aýrylmagy, bentleriň gurulmagy, derýalaryň hanasynyň üýtgemegi ýa-da uly meýdanlarda ösümlikleriň ýok edilmegi – bularyň hemmesi çybynlaryň köpelmegine ýardam berýär.

Çybynlar zerarly döreýän keseller adatdan daşary ýagdaýlarda, ýagny uruş bolýan halatlarynda, adamlaryň ondan-oňa göçýän wagtlarynda, tebigy heläkçiliklerde has çalt ýaýraýar. Sebäbi şeýle ýagdaýlarda öňüni alyş çäreleri berjaý etmek kyn bolýar.


Transamazon magistralynda dörän gyzzyrma (malýariýa) keseli

Braziliýanyň hökümeti köp ýyllaryň dowamynda ýurduň ähli ýerinde gyzzyrmanyň öňüni almak we bejermek üçin adamlar bilen hyzmatdaşlyk etdi. Geçirilen işleriň netijesinde bu kesele ýolugýanlaryň sany ep-esli kemeldi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen ýerden peýdalanmaklygyň usullarynyň üýtgemegi we saglyk babatda edilýän aladalaryň kemelmegi gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagyna sebäp boldy.


1970-nji ýylda Braziliýanyň hökümeti tropiki tokaýyň içinden geçýän Transamazon magistraly diýip atlandyrylan uly ýoluň gurluşygyna başlady. Hökümet täze ýoluň ugrunda ýaşaýyş jaýlaryny, fermalary gurdy. Ol ýerlere Braziliýanyň garyp we iň gür ilatlay ýerlerinden adamlar göçürildi. Şeýle ýoluň gür tokaýlygyň içinden çekilmegi tropiki agaçlaryň millionlarçasynyň çapylyp, uly meýdanlaryň ösümliksiz galmagyna sebäp boldy. Ýagyş suwy suw howdanlarynda we ganawlarda ýygnanyp, çybynlaryň köpelýän ýerine öwrüldi. Çybynlar bilen iýmitlenýän jandarlaryň birtopary ýok edildi, galanlary bolsa magistralyň geçýän ýerinden başga ýerlere gitdi. Mundan başga-da, ýoly gurýan we täze ýere göçüp gelen adamlaryň saglygynyň aladasyny edýän saglyk öýleri ýa-da saglygy goraýyş gullugynyň işgärleri azdy.


Magistralyň geçen ýerinde gyzzyrma keseli-de döreýärdi. Ýol gurluşygyna gatnaşanlarda, magistralyň boýunda ýaşaýanlar-da gyzzyrma keseline ýolugýardylar, köpüsi bu keselden ýogalýardylar. Täze ýere göçüp baranlar ýerli ýagdaýlardan ejir çekýärdiler, sebäbi toprak mes däldi, ýygy-ýygydan ýagýan ýagyşlar ýoly weýran edip, hereketi kynlaşdyrýardy. Garyplyk we lukmançylyk kömeginiň uzakda bolmagy saglyk meselesini kynlaşdyrýardy. Gyzzyrma bütin ýurtda birinji derejeli “jellada” öwrüldi.

A man slaps away mosquitoes as he walks down a road lined with tree stumps.