Hesperian Health Guides

Sary gyzdyrma

Bu bapda:

Çybynlardan geçýän sary gyzdyrma Afrikada we Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde bolýar. Sary gyzdyrmanyň iki görnüşi bolup, ol dürli ýollar bilen ýaýraýar:

Mosquito.

Jeňňel sary gyzdyrmasy ýokançly çybynlardan maýmynlara we tersine, maýmynlardan çybynlara geçmegi bilen ýaýraýar. Adamlar bolsa bu kesele maýmynlary çakan çybynlardan ýolugýarlar. Jeňňel sary gyzdyrmasy seýrek kesel bolup, ol esasan hem tropiki tokaýlarda işleýän adamlara ýokuşýar.

Şäher sary gyzdyrmasy keseliň tiz ýaýrap, sary gyzdyrmanyň epidemiýasyna (giňden ýaýramagyna) sebäp bolýar. Gyzzyrma we denge gyzdyrmasy ýaly, sary gyzdyrma hem çybynyň keselli adamy çakyp, ganyny sormagy netijesinde ýaýraýar. Soňra ol sagdyn adamy çakyp, keseli oňa ýokuşdyrýar.

Şäher sary gyzdyrmasyny denge gyzdyrmasyny ýaýradýan gara çybynlar ýaýradýar. Gara çybynlaryň arkasynda we aýaklarynda ak menekler bar. Bu çybynlar şäher we oba ýerlerindäki ýata suwlarda mesgen tutup köpelýärler.

Alamatlary
Man shaking.

Sary gyzdyrmada gyzgynlyk, üşütmeklik, myşsa agyrylary (esasan hem arkada), kellagyrylar, işdäniň kesilmegi, ýürek bulanmaklyk we gaýtarmaklyk, damar urgularynyň gowşamagy ýaly alamatlar bolýar. Köp adamlarda bu kesel 3 ýa-da 4 günden soň aýrylýar.

Ýöne käbirlerinde, 7 keselliden 1-de, ilkinji alamatlar ýiteninden 24 sagat soň kesel gaýtalanýar. Sary getirme, garyn boşlugyndaky agyry we gaýtarmaklyk, agyzdan, burundan, gözden we içki agzalardan ganyň akmagy bilen utgaşyp biler. Kesele ýolugan adam 10-14 günüň dowamynda ölmegi ahmal, ýöne sary gyzdyrma ikinji gezek ýoluganlaryň ýarysy saglyklaryna düýpli zeper ýetmezden gutulýarlar.

water container, barrel, and pile of tires, all covered.
Sary gyzdyrmanyň öňüni almak üçin, çybynlaryň köpelýän ýerlerini ýok ediň we suwly gaplaryň agzyny ýapyk saklaň.
Bejergisi

Sary gyzdyrma ýolugan adam ýorgan-düşekli ýatyp, köp mukdarda suwuklyk içmelidir. Adamlaryň köpüsi wagtyň geçmegi bilen doly gutulyp, bu kesele durnukly bolýarlar. Ilkinji gezek keselläp, gutulmankalar bu kesele ikinji gezek ýoluganlaryň sany ujypsyzdyr. Ýöne olar hem adatça gutulýarlar.

Öňüniň almak

Gyzzyrmada we denge gyzdyrmasynda bolşy ýaly, sary gyzdyrmanyň öňüni almagyň gowy usuly çybynlaryň çakmagyndan gaça duruň, çybynlara gözegçilik etmekden ybarat. Sary gyzdyrmanyň öňüni almaklygyň ýeke-täk dogry usuly sanjym geçirmekdir, ýöne olar elýeterli bolman biler ýa-da gymmat bolmagy mümkin.