Hesperian Health Guides

Çybynlar keseli nähili döredýär

Bu bapda:

Çybynlar esasan-da şu agyr keselleriň: gyzzyrmanyň, denge gyzdyrmasynyň we sary gyzdyrmanyň döremegine sebäp bolýar. Bu keselleriň her biriniň dürli alamatlary bolup, çybynlaryň dürli görnüşleri arkaly ýokuşýar. Bu dürli görnüşleriň öz köpeliş aýratynlyklary bardyr. (Gyzzyrma hakynda, denge gyzdyrmasy, sary gyzdyrma). Çybynlar zerarly döreýän keseller dürli bolsa-da, olaryň öňüni alyş çäreleri meňzeşdir

Çybynlardan geçýän keseller nähili ýaýraýarlar?
EHB Ch8 Page 143-1.png
Çybynlar gyzzyrma, denge we sary gyzdyrmalaryna ýolugan adamy çakýar.
Şol çybynlar sagdyn adamy çakýar.
Çybynlar keselli adamy çakýar.
Sagdyn adam keselleýär.
Çybynlar beýleki adamlary çakyp, keseli ýaýradýarlar.

Çybynlaryň çakmagynyň öňüni almak

Çybynlaryň ýaýradýan keselleriniň öňüni almak üçin, olaryň adamy çakmaklygyna ýol bermeli däl. (Çybynlaryň köpelmeginiň öňüni almak barada ser.) Çybynlaryň çakmagyndan gaça durmak üçin:

  • Eliňizi, aýagyňyzy, kelläňizi we boýnuňyzy ýapyp duran eşik geýiň (uzyn ýeňli köýnek ýa-da jalbar, baş örtgüsi).
  • Çybynlara garşy ýörite spirallary we repellentleri (gan sorujylara garşy ulanylýan himiki serişde), margozanyň tohumyndan alnan ýagy ýa-da reýhan ulanyň. Çagalar üçin repellentleri ulanmak örän wajypdyr. Sebäbi beýleki degişli çäreleriň görülmedik ýagdaýynda repellentleriň özi-de çybynlaryň çakmagyndan goraýar.
  • Penjireleriňize we gapylaryňyza tor tutuň.
  • Ukynyň dowamynda çybynlardan goranmak üçin peşehanalary ulanyň. Peşehanalar çybynlara garşy niýetlenen insektisidler bilen işlenen bolmaly. Peşehananyň gyralaryny düşegiň aşagyna salyň. Şeýle edilse, çybynlar peşehananyň içine aralaşyp bilmez. Göwreli aýallara kömek berýän maksatnamalaryň hereket edýän ýerleriniň köpüsinde şeýle peşehanalar aýallara we çagalara arzan bahadan berilýär. Bu peşehanalary her 6-12 aýdan çalşyrýarlar. Açyk howada ýatan wagtyňyz hem peşehanadan peýdalanyň.


Üns beriň: Peşehanalar gyzzyrma keseline ýolukmagyň öňüni alsa-da, denge gyzdyrmasynda we sary gyzdyrmada peýdasy azdyr.