Hesperian Health Guides

Denge gyzdyrmasy

Bu bapda:

Denge gyzdyrmasyny üsti ak menekli, ýöne daşdan ak zolak bolup görünýän gara çybynyň ýaýradýan wirusy döredýär. Onuň aýaklary hem zolaklydyr. Bu çybyny käwagt “sary gyzdyrmanyň çybyny” diýip atlandyrýarlar, sebäbi ol sary gyzdyrmany hem ýokuşdyryp bilýär. Denge gyzdyrmasy adatça gyzgyn, ýagyşly möwsümde ýüze çykýar. Ol köplenç şäherlerde, ýata suwlaryň bar ýerlerinde, zeýkeş ulgamy ýaramaz bolan suwly howdanlaryň bolan ýerlerinde ýaýraýar.

Mosquito.

Eger adam bu kesele birinji gezek ýolugan bolsa, ol dynç alyp, köp suwuklyk içip, lukmanyň gözegçiligi astynda çalt gutulyp biler. Ýöne adam ikinji gezek keselleýän bolsa, kesel has agyr geçýär. Adamyň kiçi gan damarlarynyň zeperlenmegi we ganyň düzüminiň üýtgemegi zerarly ölmek howpy ýüze çykýar.

Alamatlary

Adam bu kesele birinji gezek ýoluganda, birdenkä gyzdyrýar-da, üşedýär. Onuň kellesinde, bokurdagynda we tutuş endamynda güýçli agyry peýda bolýar. (Şonuň üçin-de, käwagt denge gyzdyrmasyny “süňkleriň owranyp barmasy” diýip-de atlandyrýarlar). Adam özüni ysgynsyz duýýar. 3-4 gün geçenden soň adam birnäçe sagadyň dowamynda, käwagt 2 güne çenli özüni gowy duýup başlaýar. Soňra keseliň başga alamatlary: ellerde we aýaklarda örgün peýda bolýar. Örgün gollara, aýaklara we bedene ýaýraýar (ýüze däl).

Çagalar, ýaşlar, garry adamlar ýa-da kesele garşy durnuklylygy pes bolan adamlar (mysal üçin göwreli aýallar, AIW/AIDS keseline ýoluganlar) gemorragik gyzdyrma diýip atlandyrylýan gyzdyrmanyň iň agyr görnüşine ýolukmak howpuna düşýärler. Eger haýal etmän bejergi alynmasa, gyzdyrmanyň bu görnüşi damarlaryň zeperlenmegi netijesinde içki agzalardan gan akmalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup, adamy öldürip bilýär.

Bejergisi

Gyzdyrmany bejerýän derman we onuň öňüni alýan sanjym (waksina) ýokdur. Bu kesele ýolugan adam ýorgan-düşekli ýatyp, köp mukdarda suwuklyk içmeli. Agyryny we gyzgyny aýyrmak üçin ibuprofen we parasetamol (aspirin içmek bolmaýar!) kabul etmeli.

Ýatda saklaň: Gemorragik gyzdyrmany diňe gany we beden içindäki suwuklygy ýörite abzalyň kömegi bilen çalşyp (gemodializ) bejerip bolýar. Eger adamyň derisi ganjaryp, hiç zat iýip-içip bilmeýän bolsa ýa-da bulaşyk hereketler edýän bolsa (gyzdyrmanyň, ysgynsyzlygyň we huşsuzlygyň netijesi), ony derrew keselhana äkidiň. Çagalar, garrylar ýa-da süýjikeseli, ýüregagyrysy bolan adamlar, AIW/ AIDS keseline ýoluganlar bu kesele ýoluksalar, haýal etmän bejergi almalydyrlar.
Öňüni almak
Covered water container.

Gyzdyrmany ýaýradýan çybyn arassa ýata suwda köpelip, adatça gündizine çakýar. Şol sebäpden gündiz ýatýan kiçi çagalar we garry adamlar üçin gerek bolýamasa, peşehana tutmak zerurlygy ýok. Gyzdyrmany ýaýradýan bu çybynlar esasan hem kölegeli, garaňky ýerlerde – stoluň ýa-da çarpaýanyň aşagynda ýa-da garaňky burçlarda bolýarlar.

Gyzdyrma bilen kesellemezlik üçin, çybynlaryň çakmagyndan gaça duruň. Ýaşaýan ýeriňizde çybynlara garşy gözegçiligi güýçlendiriň.