Hesperian Health Guides

Gyzzyrma

Bu bapda:

Mosquito.

Gyzzyrma – ganyň zäherlenmesi bolup, ol gyzdyrmanyň we üşütmäniň ýüze çykmagyna getirýär. Bu keseli plazmodiý atly parazitler döredýär. Olar köplenç gijelerine çakýan çybynlaryň belli bir görnüşiniň üsti bilen adamlara geçýär. Gyzzyrma keselinden her ýylda millionlarça adam ölýär, millionlarçasy bolsa şol kesel bilen ýaşaýar. Gyzzyrma esasan hem 5 ýaşdan kiçi çagalar, göwreli aýallar we AIW/AIDS bilen kesellän adamlar üçin howpludyr. Göwrelilik aýalyň kesele we ýokançlyklara garşy göreşmek ukybyny peseldýär.

Eger ol gyzzyrma bilen kesellese, onda güýçli ganazlyk ýüze çykyp, bu oňa göwrelilik döwründe ýa-da dogranyndan soň ölüm howpuny salyp biler. Şeýle hem gyzzyrma göwrelilik wagty çaganyň düşmegine ýa-da wagtyndan öň dogulmagyna, gowşak ýa-da öli çaganyň dogulmagyna sebäp bolup biler.

Gyzzyrmanyň birnäçe görnüşleri bar. Adamlar köp ýyllaryň dowamynda gyzzyrmanyň käbir görnüşi bilen ýaşap bilýärler. Gyzzyrmanyň köp görnüşlerini bejerip bolýar. Ýöne gyzzyrmanyň beýnä täsir edýän görnüşi (Plasmodium falciparum ýa-da P. falciparum) ýokuşanyndan 1-2 günden ölüme eltýär. Gyzzyrmanyň beýnä täsir edýän görnüşiniň bar ýerinde haýal etmän anyklaýyş işlerini geçirmeli we gyzzyrma keseline şübhe dörese, bejerip başlamaly.

Gyzzyrmada adam ilkibaşda güýçli gyzdyrdyp, soňra her 2-3 günden gyzgyny galýar. Eger adamda sowuklamanyň ýa-da haýsydyr başga bir belli keseliň alamatlary bolman, ol düşnüksiz gyzdyrýan bolsa, gyzzyrmanyň bolup bolmazlygyny barlamak üçin gan tabşyrmaly. Gany saglyk öýlerinde tabşyrmaly. Ganyň barlagy položitel bolsa ýa-da barlatmaklyk elýeterli bolmasa, onda haýal etmän bejergi almaly.

A woman sings to her baby. Malaria Song (from Mozambique.) If your child has a fever, and doesn't have diarrhea, and doesn't have a cough, it is malaria. Take your child to the hospital, start medicine the first day, continue for 2 more days. When he gets better, give him extra food 3 times each day. Do this for 2 weeks, so he will live many more years.
Alamatlary

Gyzzyrma tutgaýynyň üç tapgyry bar:

  1. Birinji tapgyrynyň esasy alamatlary – üşütmeklik we ýygy-ýygydan kellagyrynyň bolmagy. Adam 15-60 minutlap üşedýär.
  2. Soňra üşütme güýçli gyzdyrmaklyga geçýär. Adam gowşaýar we käwagt özüni bilmeýär (samraýar). Adam ençe sagatlap ýa-da günläp gyzdyryp biler.
  3. Ahyrsoňy adam derleýär-de, onuň gyzgyny gaýdýar. Adam gyzgyny gaçandan soň özüni ysgynsyz duýýar.
Bejergisi

Eger mümkin bolsa, gany barladyň. Gyzzyrmanyň ilkinji alamatlary ýüze çykan badyna bejergä başlaň. Sebäbi gyzzyrma keseli adamdan adama çybynlaryň üsti bilen geçýär. Ýöne keselli adam bejergi alsa, kesel beýleki adamlara ýokuşmaýar. Bejergi alanyňyzdan soň, çybynlar çaksa-da, gyzzyrma beýlekilere ýokuşmaz.

Ýaşaýan ýeriňizdäki saglygy goraýyş guramalary haýsy dermanlary kabul etmegi maslahat berýändiklerini anyklaň. Köp ýerlerde gyzzyrma keselini döredýän mugthorlar (parazitler) dermanlara uýgunlaşyp, olara durnukly bolýar. Bu bolsa gyzzyrmanyň öňüni almakda we bejermekde dermanlaryň täsir edip bilmeýändigini aňladýar. Bir sebitde ýüze çykan gyzzyrmany bejerýän derman beýleki bir ýerde ýüze çykan gyzzyrmany bejerip bilmezligi mümkin.

Häzir dürli sebitlerde gyzzyrmany bejermek üçin täze dermanlar ýa-da dermanlar toplumy bar. Olaryň biri artemizinin (köp ýyllaryň dowamynda Hytaýda ulanylýar) köplenç gyzzyrma garşy serişdeler ýa-da antibiotikler bilen bile ulanylýar. Käbir etraplarda hlorohin (köp ýyllaryň dowamynda giňden ulanylýar) häzir hem ulanylýar. Haýsy dermanyň täsir edip-etmeýändigini ýerli saglygy goraýyş guramalarynda anyklamalydyr.

Ýatda saklaň: Özüňizi gowy duýýan bolsaňyz hem bellenilen güne çenli ähli dermanlary kabul etmelidir. Eger Siz derman kabul etmekligi bes etseňiz, gyzzyrma gaýtalanyp, dermanlaryň täsiri ýetmez.
A standing woman points to her pill bottle.
Bellenilen dermanlaryň baryny kabul eden aýal tiz gutuldy
A woman shakes with fever as she lies on a cot.
Dermanlary kabul etmekligi bes eden aýal heniz hem keselden saplanman, ýorgan-düşekli ýatyr.
Gyzzyrmanyň öňüni almak

Gyzzyrma köplenç gyzgyn, ýagyşly möwsümde ýüze çykýar. Sebäbi bu keseli geçiriji çybynlar ýyly ýata suwda köpelýärler. Ýöne käbir ýerlerde gyzzyrma gurak möwsümlerde-de ýüze çykýar. Muňa çybynlaryň kiçi suw howdanlarynda hem köpelip bilen ýagdaýlary sebäp bolýar. Denge gyzdyrmasy we sary gyzdyrma kesellerinde bolşy ýaly, gyzzyrmanyň-da öňüni almaklygyň iň gowy usuly çybynlaryň çakmagyndan gaça durup, degişli seresaplylyk çärelerini geçirmekden ybaratdyr.

Çybynlardan goraýan serişdeler bilen işlenilen peşehananyň içinde ýatmaklyk gyzzyrmanyň öňüni almakda we oňa gözegçilik etmekde gowy usuldyr. Bu peşehanalar “piretrin” atly serişde bilen işlenilip, olar gyzzyrma garanyňda has howpsuzdyr. Çybynlardan goraýan serişdeleri siňdirilen peşehanalar diňe şu serişdeler bilen işlenilen wagtynda (derä siňmegi) ýa-da çagalaryň bu peşehananyň ujuny agzyna alyp soranda (tüýkülik bilen geçmegi) howpludyr. Bu serişdeler bilen işlenilen peşehanalar akar suwlarda ýuwlanda, aşaky akymyň ugrundaky adamlaryň saglygyna howp salýandyr. Peşehananyň ýyrtylan ýa-da deşilen ýeri bar bolsa, ol ygtybarly bolup bilmez.

Peşehana 6-12 aý ulanylandan ýada ýuwlandan soň, oňa siňdirilen serişdeler aýrylýar. Eger peşehana heniz-de ulanmaga ýaramly bolsa, ony gaýtadan pestisid bilen işlemelide, ulanybermeli. Pestisidi gaýtadan ulanan ýagdaýyňyzda ellik geýiň we seresaplylyk çärelerini berjaý ediň.

2 people sleep in a bed draped with mosquito netting.
Gyzzyrma keselini ýaýradýan çybynlar gijelerine çakýar. Gyzzyrmanyň öňüni almak üçin, insektisidlenen peşehananyň içinde ýatyň.

Hemmeler üçin bejergi

Gyzzyrma garyp adamlaryň arasynda has köp ýaýrap, ondan ölýän adamlaryň sany ýylsaýyn artýar. Adamlar gan barlagyndan geçmäge we derman satyn almaga pullary bolmadyk ýagdaýlarynda şol kesel bilen ýaşamaga mejbur bolup, gyzzyrmadan ölýärler. Gyzzyrma bir adamdan başga adama ýokup bilýär.

Ol köplenç garyp we sosial deňsizliginiň bolan jemgyýetlerinde ýüze çykýar. Öňüni alyş çäreleriniň üstünlikli geçirilmegi üçin, olar garyplygyň we deňsizligiň düýp sebäplerini aradan aýyrmaga gönükdirilmelidir.