Hesperian Health Guides
Çybynlara garşy jemgyýetçilik gözegçiligi
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 8: Çybynlar zerarly döreýän keseller > Çybynlara garşy jemgyýetçilik gözegçiligi
- Suwuň ýygnanýan ýeri bolan (ýata suw) köne maşyn tekerlerini, gül küýzelerini, nebit önümlerinden boşan çelekleri, üsti açyk suwly çelekleri we jaýyň töweregindäki islendik ýata suwy aýryň.
- Ýer bilen işläniňizde suwuň ýygnanmagyna ýol bermäň, suw topraga siňip gider ýaly ediň.
- Suw akyp durar ýaly, sakanyň goralýandygyna göz ýetiriň (9-njy baba seret).
Öýüň töwereklerindäki çybynlaryň köpelýän ýerlerini aýryň:
Çybynlaryň köpelmeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän çärelerde ulanylýan beýleki usullar:
- Çybynlar bilen iýmitlenýän balyklary köpeltmek. Merkezi amerikan balygy, Günorta amerikan guppisi, Afrikan tilapiýasy, karpy we beýleki balyklary çybynlaryň köpelmeginiň öňüni almakda ulanyp bolar. Bu balyklar dürli ýerlerde dürli-dürli atlandyrylýar, ýöne adatça olar il arasynda “çybyn balyklary” diýip atlandyrylýar.
- Suwuň akyp durandygyna we meýdanlaryň zeýkeşiniň maksada laýyk işleýändigine göz ýetiriň. Bu tebigy suw akymlarynyň dikeldilip, suwuň akmagyna ýol berer. Suwlar ulanylmaýan suwaryş garymlaryny we howdanlary doldurar.
- Baglar ekiň. Şonda çybynlary iýýän guşlar, ýarganatlar we beýleki tebigy kömekçiler şol ýerde mesgen tutup, çybynlary ýok ederler. Afrikada we Hindistanda ösýän margoza agajy çybynlary golaýlaşdyrmaýar, ýapraklary bolsa derman hökmünde peýdalanylýar.
Insektisidlerden peýdalanmak
Çybynlaryň möwsümleýin köpelýän ýerlerinde olary insektisidleriň kömegi bilen çalt öldürip bolar. Öň DDT pestisidi gyzzyrma çybynyna garşy giňden ulanylyp, çybynlaryň köpelýän ojagynyň üstüne sepilýärdi. Ýöne DDT adamlar we mal-garalar üçin zyýanlydyr. Ol rak (düwnük) keseline we dogabitdi kemçilige sebäp bolup bilýär (16-njy baba ser.). DDT howanyň we suwuň üsti bilen uzak aralyklary geçip, daşky gurşawda köp ýyllap saklanýar. Wagtyň geçmegi bilen olar has-da howply bolýar. Şonuň üçin-de, köp ýurtlar häzirki wagtda gowşak zäherli insektisidlerden peýdalanýarlar. Insektisidiň piretrin atly görnüşi adamlara, mal-gara we topraga az wagtlyk zyýan ýetirýär. Piretrin DDT we malationdan (pestisidiň zyýanly görnüşi) tapawutlylykda, bellenilen meýdan ölçegine has az mukdarda sepilýär.
Piretrin daşky gurşawda toplanmaýar. Emma ol zäherli bolany üçin, ondan peýdalanýan adamlar seresaplylyk çärelerini görmelidirler. Piretrin deriniň we gözüň gyjynmagyna, örgün örmegine we dem alşyň kynlaşmagyna getirýär. Çagalar, göwreli we emdirýän aýallar insektisidiň bu görnüşine galtaşmakdan gaça durmalydyrlar. Piretrin suwa düşende, ony zäherläp bilýär
Suw ulgamlarynyň we howdanlaryň golaýynda piretrin serişdelerini hiç wagt ulanmaň.
Insektisidler – bu çybynlara garşy gysga wagtlaýyn göreş. Eger Siz ony ulanmaly bolsaňyz, onda howpsuz eginbaş geýiň. |
Ýakynda DDT insektisidini gaýtadan, ýöne täze usulda ulanyp başladylar. Häzir jaýyň içinde onuň çäkli mukdaryny pürkmek maslahat berilýär. Jaýyň içki diwarlaryna DDT-nyň az mukdarda pürkülmesi şol ýerde mesgen tutan çybynlary öldürmek üçin edilýär. Bu usul kiçi meýdan üçin zäheriň az ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle edilende, zäher suwa aralaşmaýar, çybynlaryň bu zähere uýgunlaşmagynyň öňüni alýar.
Insektisidleriň ählisi zäherlidir. DDT, piretrin we beýleki insektisidler ulanylanda, şu talaplary berjaý ediň:
- Görkezmelerden ugur alyp, seresaplylyk bilen pürküň.
- Insektisidleri pürkeňizde, hemişe ýörite gorag eşiklerini geýiň.
- Mümkin boldugyndan az himikat ulanyň. Diňe çybynlaryň bolýan ýerlerine pürküň.
- Çagalaryň, göwreli we emdirýän aýallaryň golaýynda pürkmäň.
- Çagalaryň insektisidlenen peşehananyň ujuny agyzlaryna alyp çeýnemeýändiklerine we oňa galtaşmaýandyklaryna göz ýetiriň.
- Insektisidlenen peşehanany legende ýuwuň. Hapalanan suwy suw ulgamlaryny hem-de suw çeşmelerini goramak üçin, hapa suwly çukura guýuň.
Insektisidleriň çendenaşa köp ulanylmagy çybynlary oňa öwrenişdirýär. Soňabaka bu insektisideler çybynlara hiç täsir etmeýär, olary öldürmeýär. (Insektisidleriň zyýany we olardan zyýansyz peýdalanmagyň tärleri barada giňişleýin maglumat üçin 14-nji baba seret).
Insektisidleri pürkmek – çybynlary tiz ýok etmek üçin geçirilýän çäre. Ýöne bu çäre diňe beýleki degişli çäreler bilen utgaşdyrylyp geçirilende oňat netije berýär. Şonuň üçin-de, diňe insektisidleri pürkmek bilen çäklenmän, hemmelere elýeterli bejergi berip, çybynlara garşy köpçülikleýin göreşmeli, adamlaryň bu babatdaky bilimlerini artdyrmaly.
Gyzdyrmanyň öňüni almak üçin, çybynlary ýok etmelidir
Managuanyň, Nikaraguanyň adamlary geçen 25 ýylyň dowamynda denge gyzdyrmasy bilen köp kesellediler. Gyzdyrmany ýokuşdyryjy çybynlaryň öýüň içinde we daşynda bolýandyklary, üstesine-de howpsuz suwy we hapa suw zeýkeşi bolmadyk tropiki şäherlere köp adamlaryň göçüp gelmekleri gyzdyrmanyň giňden ýaýramagyna sebäp boldy.
Managuanyň adamlary 10 etrapda denge gyzdyrmasyny azaltmak we öňüni almak üçin, alymlar, hökümete degişli däl guramalar we Saglygy goraýyş ministrligi bilen bileleikde işlediler. Olar ilki bilen denge gyzdyrmasynyň ýaýraýşy barada maglumat ýygnadylar. Çagalar ösüş döwri dürli derejede bolan çybynly suwlary nusga üçin ýygnadylar; alymlar bolsa denge gyzdyrmasynyň çybynlarynyň näçe çagany çakandygyny bilmek üçin, olaryň tüýküliklerini barladylar; jemgyýetçilik toparyň agzalary öýlere aýlanyp, denge gyzdyrmasy hakynda näme bilýändiklerini we ol barada näme pikir edýändiklerini bilmek üçin adamlar bilen gürrüňdeş boldular.
Olar denge gyzdyrmasy hakynda pikir alyşmak üçin ýaşaýyş etraplarynda geçirilen ýygnaklardan, plakatlardan we obada bolup geçen hadysalardan peýdalandylar. Çagalar ýasama-çybyn gurjaklary döwüp, içindäki süýjülikleri pytradyp oýnaýardylar. Ýaşlar toparyň agzalary bilen bilelikde denge gyzdyrmasynyň öňüni almak hakynda meşhur aýdymlary döredip, olary ýerine ýetirýärdiler.
Her etrapda çybynlara gözegçilik etmegiň öz maksatnamasy işleýärdi. Çybynlaryň taşlanan maşyn tekerlerinde köpelýändiklerini bilensoňlar, toparlardan biri köne tekerleri ýygnady-da, içini toprak bilen dolduryp, beýiklige çykylýan ýodalarda basgançak hökmünde ulanmagy teklip etdi. Olar şeýdip çybynlaryň köpelmeginden dynyp, ýapgyda münüp düşmekligi ýeňilleşdirdiler. Beýleki tekerleri bolsa bag ekmek üçin ulandylar.
Başga bir etrapdaky topar bolsa suw saklanylýan çelekler üçin gapaklar ýasap, olary arzan bahadan satdylar. Bu çäre çybynlaryň köpelmeginden dyndyryp, topar agzalaryna girgeji getirdi.
Denge gyzdyrmasynyň öňüni almak boýunça jemgyýetçilik maksatnamasy häzirki güne çenli hereket edýär.
Bu maksatnama adamlaryň denge gyzdyrmasy bilen kesellemegini azaltmak bilen çäklenmän, beýleki peýdalary hem getirdi:
- Ýaşlar toparyň agzalary bilen bilelikde öz etraplarynda gowy özgerişlikleri durmuşa ornaşdyrdylar. Bu çäre toparyň jebisligini güýçlendirdi.
- Sazandalar meşhur aýdymlary döredip, adamlara öwretdiler. Şonuň üçin-de, denge gyzdyrmasynyň öňüni almak işi şadyýan geçdi.
- Dini we syýasy toparlar öz aýratynlyklaryna garamazdan, umumy taslamanyň üstünde bile işlediler.
- Saglygy goraýşyň ýerli işewürleri Saglygy goraýyş ministrliginden saglyk öýlerinde we lukmançylyk merkezlerinde maslahat bermekligi guramaklaryny haýyş etdiler.
Häzir goňşy 10 obanyň ilaty denge gyzdyrmasynyň öňüni almak we ýaşaýyşy gowulandyrmak üçin, beýleki etraplaryň ýaşaýjylaryna kömek edýärler.