Hesperian Health Guides

Bap 9: Suw toplaýjy çäkleri goramak


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 9: Suw toplaýjy çäkleri goramak


Bu bapda:

People at a meeting observe as 2 women show a large drawing labeled "Our Watershed."

Siz islendik ýerde: şäherde ýa-da oba ýerlerinde ýaşaýandygyňyza garamazdan, suw toplaýjy çäkleriň meýdanynda ýaşaýansyňyz. Suw toplaýjy çäkler – bu ýagyş, gar suwlarynyň aşak syrygyp, çeşme, derýa, köl ýa-da batgalyk meýdany ýaly uly suw howdanlaryna ýygnanýan çäkleri. Suw toplaýjy çäklere başgaça “tutulma ýeri” hem diýilýär, sebäbi ol ýapgydyň depesinden we akymdan ýokarda bolan ähli suwy “tutup”, suw howdanlaryna syrykdyrýar.

Suw toplaýjy çäkler müňlerçe kilometre ýaýylyp gidýän meýdanyň ýa-da diňe bir jülgäniň ululygynda bolup bilýär. Ýagyş we gar suwlaryny beýik depelerden pes jülgelere syrykdyrýan uly suw toplaýjy çäkleriň (mysal üçin, dag ulgamy) içinde birgiden kiçi (mysal üçin, çeşmeler we bulaklar) suw toplaýjy çäkler bolýar.

Sagdyn suw toplaýjy çäkler suw gorlaryny goraýarlar, tokaýlary, ösümlikleri we ýabany tebigaty iýmitlendirýärler, topragy mes saklaýarlar, özüni oňarýan jemgyýetçilik toparlary goldaýarlar. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň çapylyp aýrylmagy, galyndy hapalaryň taşlanylmagy ýa-da ýollaryň, ýaşaýyş jaýlaryň we bentleriň gurulmagy ýaly uly üýtgeşmeleriň oýlanyşyksyz girizilmegi suw toplaýjy çäklerine we olaryň suw gorlaryna zyýan ýetirip bilýärler. Bu bolsa öz gezeginde topragyň adamlara berýän goldawyna täsir edip, saglyk ýagdaýy bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagyna, açlygyň döremegine we migrasiýa (başga ýerlere göçme) sebäp bolup biler. Gelejekde çözmesi kyn boljak meseleleriň ýüze çykmazlygy üçin, suwuň suw toplaýjy çäklerinden syrykdyrylyşyna, topragyň ulanylmagynyň kämilleşdirilmesine giriziljek özgertmeleri meýilleşdirmelidir.