Hesperian Health Guides
Iri bentleriň saglyga ýetirýän zyýany
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 9: Suw toplaýjy çäkleri goramak > Iri bentleriň saglyga ýetirýän zyýany
- suw almalara gözegçilik etmek;
- ekinleri suwarmak we içmek;
- elektroenergiýany öndürmek;
- dynç almak.
Bentler häzirki zaman şäherleriniň gurulmagyna we köpleriň durmuşyny gowulandyrmaga ýardam etdiler. Emma boýy 15 metrden ýokary, käwagt bolsa 250 metre ýetýän bentler adamlara zyýan ýetirýärler.
Mazmuny
Ýaki şäherçesiniň ilatynyň iri bent zerarly kesellere sezewar edilmegi
Köp ýyl mundan öň Ýakiniň ilaty Demigazyk Meksikanyň yssy we gurak klimatynda oba hojalyk bilen meşgullanyp ýaşaýardy. Rio derýasy ýylyň dowamynda ilaty agyz suwy bilen üpjün edýärdi, oba hojalyk we beýleki işlere hemaýat berýärdi.
Emma derýada bendiň gurulmagy olaryň durmuşyny üýtgetdi. Meksikanyň hökümeti bentdäki suwuň ýarysyny Ýakilere degişlidigi bilen ylalaşýardylar. Ýöne tiz wagtdan ýakiler öz obalaryna suwuň akmaýandygyny bildiler. Derýanyň ähli suwy pagtany we bugdaýy ösdürip ýetişdirýän önümçilik daýhan birleşiklerine akdyrylýan eken. Iri daýhan birleşikleri ýakileriň obalarynyň daşyny “gabap”, oba adamlaryny ekinlerine gerek bolan suwdan mahrum etdiler.
Gurak çöl toprakda pagtany we bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin köp suw, himiki dökünler, pestisidler gerek bolýar. Hasyl ekilenden tä ýygnalýança, pestisidler 45 gezek pürküldi. Ahli zäherli maddalar suwaryş kanallaryna düşdüler. Derýa böwetlenip, başga ýerlere sowlansoň, başga suw çeşmeleri ýokdy. Ýakiniň ilatyna kanallaryň suwuny içmekden başga zat galmady. Ýyllaryň geçmegi bilen hapalanan suw olaryň kesellemegine sebäp boldy.
Birnäçe ýyllap hapa suwy içensoňlar, ýakileriň çagalaryna okamak, pikirlenmek, ösmek we oýnamak kyn düşdi. Çagalaryň köpüsi ganyň rak keseli (akganlylyk) ýaly agyr kesellerden, guran el-aýaklar, port süňkler ýaly dogabitdi şikeslerden ejir çekdiler. Şeýle saglyk kynçylyklary pestisidler bilen zäherlenen suwuň içilmegi we zäherlenen howadan dem almaklyk zerarly ýüze çykdy.
Ýaki ilatynyň saglyk kynçylyklary derýa bendi gurlandan soň başlandy.
Bentleriň akymdan ýokarda we aşakda döredýän kynçylyklary
Bentler ilkinji nobatda derýanyň böwetlenen ýa-da böwetlenjek ýerinden ýokarda ýaşaýanlar üçin kynçylyklary döredýär.
Göçüp gitme we garyplyk
Adamlar bentler zerarly başga ýerlere göçüp gitmäge mejbur bolýarlar. Köpler hasylsyz ýerlerde we şäher harabalyklarynda ýaşamaly bolýarlar.
Göçüp gidýänlere pul we ýer bermek wada edilýär. Emma köplenç ýerli hökümet agzalary puly bermeýärler. Diňe suwa gark ediljek ýerlere eýeçiligini tassyklaýan kanuny hukuklary bar bolan adamlara pul ýa-da başga ýer berýärler. Käte öňki ýeriň deregine berlen ýeriň hasyllygy pes we oba hojalyk işleri üçin ýaramsyz bolýar.
Bent zerarly suwa gark ediljek şäherleri goldamak we ösdürmek üçin, hökümet hiç serişdeleri goýbermeýär. Şonuň üçin-de, mekdepler, ýollar we saglygy goraýyş hyzmatlary pese düşýär. Käbir şäherler suwuň astyna gidýänçä, köp ýyllaryň dowamynda şeýle ýagdaýda galýarlar.
Bentler derýanyň tebigy akymynyň bozulmagyna getirýärler. Olar görnüşlerine baglylykda, suwuň köpelmegine ýa-da azalmagyna sebäp bolýarlar. Silleriň we gurakçylygyň tebigy aýlawy bozulyp, ägirt ýer çäklerine we tutuş derýa zyýan ýetirilýär.
Mör-möjekleriň köpelmegi üçin täze ýerler
Çybynlar suw howdanlarynyň gyrasyndaky suwaryş kanallarynyň ýalpak ýyly suwlarynda köpelýärler. Suw howdanynyň suwunyň derejesiniň hemişe beýgelmegi ýa-da peselmegi ýaş çybynlary ýok edýär. Emma bentleri dolandyrýan adamlar adatça muny wajyp hasaplamaýarlar.
Derýa körlügini ýaýradýan çirkeýler öz ýumurtgalaryny bentden akýan suw ýaly çalt akýan suwlara taşlaýarlar. Suwaryş taslamalardaky we suw howdanyndaky asuda suwlar şistosomy ýaýradýan balykgulaklaryň köpelýän mesgenlerine öwrülýärler.
Derýanyň arnalarynyň we kenarlarynyň pytramasy
Bent derýany böwetlände, suw bilen akyp gelýän daşlar we topragyň owunjak bölekleri derýanyň kenarynda däl-de, derýanyň düýbüne we howdanda çökýär. Suw howdanyndan akdyrylýan suwda gyrmança bolmaýar. Gyrmança topragy mes edip, hasyllylygy artdyrýar. Emma howdandan akdyrylýan suwda gyrmançanyň bolmazlygy akymdan aşakdaky ýerleri garyplaşdyrýar. Suw howdanlaryndan gaýdan suw gyrmançany akyp barýarka ýygnaýar. Ol derýanyň hanasyna has çuň gidip, topragy öňküden-de beter köwýär.
Iri bentleriň alternatiwalary
Bent gurmagyň meýilnamasy bar bolsa, ilkinji berilmeli sorag şeýledir: Bu zerurmy? Bentler suw almalaryň öňüni almak, elektroenergiýa, suwaryş, ösüp barýan şäherleri suw bilen üpjün etmek üçin gurulýar. Bu hyzmatlaryň ählisi uly zyýan ýetirmejek usullar arkaly amala aşyrylyp bilner.
Ikinji berilmeli sorag şeýledir: Bähbidini kim görer? Ýer ýüzünde bentlerden zyýan çeken jemgyýetçilik toparlaryň hemmesi iri bentlere garşy çykyp, alternatiwalary hödürlediler. Olaryň köpüsi üstünlikli boldy.
Suw almalara ýol bermezlik. Mümkinçilik bolsa, derýalaryň tebigy arnalarynda we batgalyk ýerlerde gurluşyk işlerini geçirmekden gaça duruň. Suw almalara ýol bermezlikde derýalaryň tebigy akymlarynyň goralmagy bent bilen onuň öňüni ýapmakdan has netijeli kömek edýär.
Elektroenergiýa. Ulanyljak ýerinden golaýda ýel, gün ýa-da kiçi gerimli elektroenergiýanyň ulanmaklygyň taslamasyny düzüjileri we hökümeti goldaň. Ýerli dolandyrylýan we gözegçilik edilýän energiýa şäherlerdäki we şäherçelerdäki, şeýle hem oba ýerlerindäki adamlar üçin has durnuklydyr (23-nji baba ser.).
Suwaryş. Iri bentlere garanyňda, ýerli ösüş suw howpsuzlygyny has gowy üpjün edýär. Hindistanyň Gujarat welaýatynda ýerasty suwlaryň üstüni dolmak we guraklyk döwründe ulanmak üçin ýagyş suwuny ýygnamaga niýetlenen müňlerçe ownuk bentler guruldy. Hökümet we oba ilaty bentleriň gurluşygyna sarp edilen serişdeleri özara paýlaşdylar. Öň suwarmaga niýetlenen suwdan ýarym ýylyň dowamynda peýdalanýardylar. Indi obalaryň köpüsinde tutuş ýylyň dowamynda suw bolýar.
Siziň suw toplaýjy çäkleriňizde bent gurulýan ýa-da gurulmakçy bolýan bolsa....
Bütin dünýäde jemgyýetçilik toparlary täze bentleriň gurulmagyna garşy çykyş edýärler. Olar köne bentleri ýykmagyň üstünde işläp, olaryň ýetiren zyýanynyň pul we ýer öweziniň dolunmagyny talap edýärler. Käbir jemgyýet toparlary bentleriň ýetiren zyýanyny azaltmak, derýalaryň tebigy akymyny dikeltmek üçin, bentleri dolandyrmagyň usullaryny üýtgetmekligi talap edýärler.
Taýpalaryň özara hyzmatdaşlygy ýukon derýasyny goraýar
Ýukon derýasynyň uzynlygy takmynan 3 700 kilometr bolup, ol Alýaskanyň köp sanly şäherlerinden, obalaryndan, Kanadanyň we Birleşen Ştatlaryň serhedinde ýerleşýän Ýukon meýdanlaryndan akyp geçýär.
Derýa hapalanmak howpy abanýanlygy sebäpli, geljekki nesiller üçin derýanyň arassalygyny goramak maksady bilen, ýerli guramalaryň altmyşysy şertnama gol çekip, hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyga geldiler. Olar Ýukon derýasynyň suw toplaýjy çäklerini goramak üçin, Taýpalar Birleşmesi atly guramany döretdiler.
Taýpalar Birleşmesi derýany bütinleý arassalamakdan däl-de, kiçiräk taslamalardan we aýdyň maksatlary kesgitlemekden başlady. Derýanyň boýunda ýaşaýanlar jogapkärçiligi öz üstlerine alyp, ilki bilen polietilen paketleriň ulanylmagyny gadagan etdiler. Olar şeýle çäreler arkaly suw toplaýjy çäkleri goramaklyga üýtgeşmeler girizip biljekdiklerine göz ýetirdiler. Polietilen paketleriň gadagan edilmegi bilen gazanylan üstünlikden soň, gurama taşlanan hapany, batareýjikleri, nebiti, döwük maşynlary ýygnamaga girişdiler. Gurama suw toplaýjy çäklerde hapa atylýan ýerleri gurdy. Ol zäherli maddalary suwdan we ýerden daşda saklamak üçin, batareýjikleri zyňmaga niýetlenen konteýnerleri goýdy. Soňra bilelikde işläp, kiçiräk howa gatnaw kompaniýasyny, gämi gatnaw kompaniýalaryny we şol ýerlerdäki harby bazalary könelen batareýlerden, maşynlardan we nebitden howpsuz usulda dynmalydygyna ynandyrdylar.
Indi Ýukonyň taýpa hökümetleri lagym ulgamlaryny we hapa atylýan ýerlerini gowulandyrýarlar, hapany täzeden işläp, gaýtadan ulanmagyň maksatnamalaryny düzýärler. Olar suwuň hapalanmagyny we onuň hapalanmagynyň alamatlaryny kesgitlemegi, öňüni almagy ýaşlara öwredýärler.
Ýukon derýasynyň suw toplaýjy çäkleri boýunça Taýpalar Birleşmesi atly gurama ştatyň hökümeti, Birleşen Ştatlaryň, Kanadanyň ýerli we milli hökümetleri, suw toplaýjy çäkleri we daşky gurşawy goraýyş toparlary, meýilleşdirýän agentlikler we daşarky maslahatçylar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Suw toplaýjy çäkler boýunça birleşme köp sanly toparlary birleşdirip, suw toplaýjy çäklerinde ýaşaýan her bir adamyň gatnaşyp biljek meýilnamasyny düzüp, degişli işleri geçirmek üçin zerur serişdeleri ýygnamagy başardylar.
Ilki kiçi, soňra uly ädimleri edip, suw toplaýjy çäkler boýunça Birleşme kem-kemden ütgeşmeleri amala aşyrýar. “Men çaga wagtym suwy hut derýanyň özünden içýärdim. Elli ýyldan biz ýene-de ondan suw içip bileris” – diýip, Birleşmäniň bir agzasy aýdýar.