Hesperian Health Guides
Lukmançylyk galyndylaryna baha bermek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 19: Lukmançylyk galyndylary > Lukmançylyk galyndylaryna baha bermek
GALYNDYLARA GÖZEGÇILIK ETMEGIŇ ÄDIMLERI:
- Saglyk öýüniň ähli işgärlerini ýygnap, meseleleri ara alyp maslahatlaşyň.
- Ammarlardaky we dermanhanadaky zatlaryň sanawyny düzüň.
- Saglyk öýüniň kartasyny çyzyň.
- Saglyk öýüne aýlanyp, meseleleri ýüze çykaryň.
- Galyndylardan dynmagyň we olaryň işlenilmeginiň dürli usullaryny öwreniň.
- Galyndylary gaýtadan işlemegiň we ýok etmegiň dürli usullaryny agtaryň.
- Degişli çäreleri görüň!
- Saglyk öýüniň ähli işgärleri bilen türgenleşik geçiriň we olary okadyň.
1. Saglyk öýüniň ähli işgärlerini ýygnap, meseleleri ara alyp maslahatlaşyň. Merkeziň ähli işgärleri baha bermekde kömek edip bilerler. Lukmanlar, şepagat uýalary, galyndylary gaplaýanlar, tam süpürijiler galyndylaryň nädip emele gelýändigi we olar bilen bagly nähili meseleleriň ýüze çykýandygy barada dürli maslahatlary berip bilerler.
2. Ammarlardaky we dermanhanadaky zatlaryň sanawyny düzüň Materiallaryň köpüsiniň dermanhananyň ýada ammarlaryň üsti bilen alynýandygy sebäpli, bahalandyrmagy we sanaw düzmegi şol ýerlerden başlaň. Her bir zada seredip, onuň galyndylary we zyýany barada soraň.
Bir gezek ulanylýan zatlaryň deregine gaýtadan ulanylýan zatlary ulanyp bolarmy? Himikatlary ulanman ýa-da has howpsuz himikatlary ulanyp bolarmy? Saglyk öýi plastmas önümlerini, düzümi simaply zatlary azrak ulanyp ýa-da galyndylaryň mukdaryny azaltmak üçin başga zatlary edip bilermi?
3. Saglyk öýüniň kartasyny çyzyň ähli Otaglary, gapylary we penjireleri, her bir otagyň haýsy maksat bilen ulanylýandygyny görkeziň. Galyndylaryň emele gelýän ýerlerini, galyndyly konteýnerleriň saklanylýan ýerlerini, galyndylaryň emele gelen ýerinden ýok edilmek üçin eltilýän ýerlerini bellemek üçin dürli reňkli galamlary ulanyň.
Topar lukmançylyk edarasyna doly aýlanyp bolansoň, karta üýtgedilip bilner. Baha bermekden soň girizilen üýtgeşmeleri görkezmek üçin, täze karta çyzyň.
Topar lukmançylyk edarasyna doly aýlanyp bolansoň, karta üýtgedilip bilner. Baha bermekden soň girizilen üýtgeşmeleri görkezmek üçin, täze karta çyzyň.
4. Saglyk öýüne aýlanyp, meseleleri ýüze çykaryň Saglyk öýüňizdäki galyndylaryň emele gelýän ýerlerine baryp görüň. Zibil atylýan bedreleriň içindäki zibilleri gözden geçiriň, galyndylaryň görnüşine üns beriň. Gözegçiligi hepdede birnäçe gezek, dürli wagtda geçiriň. Şonda siz galyndylary dürli şertlerde görersiňiz we olaryň günüň dowamynda işlenilişi bilen tanşarsyňyz.
Dürli işgärler bilen aýlanyp görüň. Tam süpüriji lukmanyň we şepagat uýasynyň görýän zatlaryna başgaça garaýar. Olaryň her birinde galyndylary has oňat dolandyrmak barada öz pikirleri bolup biler.
Dürli işgärler bilen aýlanyp görüň. Tam süpüriji lukmanyň we şepagat uýasynyň görýän zatlaryna başgaça garaýar. Olaryň her birinde galyndylary has oňat dolandyrmak barada öz pikirleri bolup biler.
Ulanylan iňňelerden goranmagyň iň howpsuz usuly – olary deşilmeýän gutulara salmak.
Ulanylan iňňelerden goranmagyň iň howpsuz usuly – olary gerekmejek bedrä salmak.
Ulanylan iňňelerden goranmagyň iň howpsuz usuly – sanjym etmegi şepagat uýasyna ynanmak.
Galyndylary howpsuz dolandyrmak üçin, biz bir-birimiz barada özümiz barada aladalanyşymyz ýaly alada etmeli.
5. Galyndylardan dynmagyň we olaryň işlenilmeginiň dürli usullaryny öwreniň Saglyk öýüne birnäçe gezek aýlananyňyzdan soň, meseleleri we mümkin bolan çözgütleri topar bilen ara alyp maslahatlaşyň. Çözgütler gymmat bahaly we tehniki taýdan çylşyrymly bolmaly däldir. Çözgütleriň köpüsi diňe guramaçylygy, hyzmatdaşlygy we borçlary talap edýär. Ýiti galyndylar, soňra himikatlar, gan we beýleki suwuk maddalar ýaly has zyýanly galyndylardan başlap, meýilnama düzjek boluň.
Esasy maksat haýsydyr bir bölümi däl-de, eýsem bütin ulgamy gowulaşdyrmakdyr.
Esasy maksat haýsydyr bir bölümi däl-de, eýsem bütin ulgamy gowulaşdyrmakdyr.
6. Galyndylary gaýtdan işlemegiň we ýok etmegiň dürli usullaryny agtaryň Galyndylaryň döreýän ýerini, olaryň saklanylýan ýerini, saglyk öýüniň niresinden alnyp gaýdylýandygyny yzarlaň.
Galyndylar yzygider köpelýärmi? Olar nähili ýygnalýar? Galyndylary ýygnaýanlar hakykatdan hem ellik, ýapyk aýakgap ýa-da gorag egin-eşikleri geýýärlermi? Galyndylar howpsuz konteýnerlerde daşalýarmy?
Galyndylary gaplaýanlar käbir zatlary köne-sanalary alýanlara satýarlar. Galyndylaryň saýlanyşyna we olaryň zyýansyzlandyrylmagyna baglylykda, bu iş howply ýa-da howpsuz bolup biler. Galyndylary ýygnaýanlar gaýtadan ulanyljak materiallary howpsuz usulda ýygnalyp-ýygnalmaýandygy barada alada edýärmi? Galyndylaryň işlenilmeginden ýa-da olaryň satylmagyndan eklenýän adamlar üçin bu ulgamy has howpsuz etmegiň usullary barmy?
Galyndylary gaplaýanlar käbir zatlary köne-sanalary alýanlara satýarlar. Galyndylaryň saýlanyşyna we olaryň zyýansyzlandyrylmagyna baglylykda, bu iş howply ýa-da howpsuz bolup biler. Galyndylary ýygnaýanlar gaýtadan ulanyljak materiallary howpsuz usulda ýygnalyp-ýygnalmaýandygy barada alada edýärmi? Galyndylaryň işlenilmeginden ýa-da olaryň satylmagyndan eklenýän adamlar üçin bu ulgamy has howpsuz etmegiň usullary barmy?
7. Degişli çäreleri görüň! Saglyk öýünde bolup geçýän zatlar hemmelere degişlidir. Galyndylary howpsuz etmek üçin edilen her bir ädim adamlara we daşky gurşawa ýetýän zyýany azaldýar. Häzirki wagtda saglyk öýüni nähili kämilleşdirip bolar? Galyndylar zibil taşlanýan ýerlere alnyp gidilensoň ýa-da galyndylar ýakylýan peçlere salnansoň, saglyk öýi olaryň dolandyrylyşyna täsir edip bilermi?
8. Saglyk öýüniň ähli işgärleri bilen yzygider türgenleşik geçiriň we olary okadyň Howpsuzlyk meýilnamasynyň islendigini alyp görsek-de, ol galyndylar bilen iş salyşýan we lukmançylyk galyndylaryny döredýän adamlaryň okadylmagynyň we türgenleşdirilmeginiň dowam etdirilmegine esaslanýar. Hiç zyýan ýetmez öýdýän ýagdaýyňyzda, elbetde, howpsuzlyk usullaryna biparh garasa bolýar. Şonuň üçin-de, galyndylara her ýyl gaýtadan baha bermek adamlara seresap bolmagyň wajyplygyny ýatlatmaga kömek eder.
This page was updated:18 dek 2022