Hesperian Health Guides

Lukmançylyk galyndylarynyň zyýanynyň öňüni almak

Bu bapda:

Zyýan ýetirmezlik üçin, saglygy goraýşyň kiçi bölümlerinde, uly hassahanalarda ýa-da öýde lukmançylyk galyndylaryna we gurallaryna seresaply çemeleşmelidir:

  • Dermanlary oýlanyşykly saýlap, galyndylaryň mukdaryny azaldyň.
  • Galyndylary emele gelen ýerlerinde aýyl-saýyl ediň.
  • Düzümi mikrobly galyndylary zyýansyzlandyryň.
  • Himiki galyndylary howpsuz usulda ýok ediň.
  • Galyndylary howpsuz saklaň we daşaň.
  • Lukmançylyk galyndylaryndan mümkin boldugyça howpsuz usullar arkaly dynyň.
  • Lukmançylyk galyndylary bilen iş salyşýanlaryň ählisine howpsuz usullardan peýdalanmagy öwrediň.
health care workers wear masks as they spray cleaning solution.

Siziň klinikaňyzda, merkeziňizde ýa-da hassahanaňyzda işleýän adamlaryň lukmançylyk galyndylarynyň gaýtadan işlenilmeginde ýa-da ýok edilmeginde dogry usullary ulanýandyklaryna göz ýetiriň. Adamlar käwagt işi ýeňilleşdirip we has howpsuz edip biljek usullary hödürleýärler. Klinikalaryň käbirlerinde howpsuz usullary öwretmek we olara gözegçilik etmek üçin jogapkär adamlar bolýar.

Galyndylary azaltmak

A salesman tries to get a health worker to buy plastic sheet covers.
Biziň täze polietilen örtügimizi ulanyp görüň! Onuň bahasy örän arzan.
Bu biziň hassahanamyza dogrudan-da gerekmikä?

Has az mukdarda we has zyýansyz materiallary ulanyp, zyýanly lukmançylyk galyndylaryň mukdaryny azaldyp bolýandyr. Öz klinikaňyz üçin materiallary saýlanyňyzda, emele geljek galyndylary, olaryň näderejede zyýanly boljakdygyny we olardan nädip dynjakdygyňyzy göz öňünde tutuň.

Zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmak üçin:

  • Köp gezek ulanyp bolýan zatlaryň elýeter we howpsuz bolan ýagdaýynda diňe bir gezek ulanyp bolýan zatlardan gaça duruň. (Şprisler we iňňeler gaýtadan ulanylmaly däldir.)
  • Elýeter bolan ýagdaýlarynda simapsyz termometrleri ulanyň. Olaryň bahasy gymmat, emma olar uzak wagt hyzmat edýär, döwläýen ýagdaýynda-da, howpsuz bolýar.
  • Gereginden artyk derman satyn almaň. Olary diňe zerur bolanda ulanyň.
  • Sanjymlaryň deregine gerdejikleri içiň.
  • Mümkin bolsa, plastmassadan bolmadyk önümleri ulanyň.
  • Mümkin bolan ýagdaýlarda arassalamak we zyýansyzlandyrmak üçin zäheri az bolan serişdelerden peýdalanyň.
  • Damardan sanjym etmek üçin sistemalar, şlanglar, turbajyklar üçin poliwinilhloridsiz materiallary gözläň. Käbir ýerlerde olar arzan, elýeter bolup, syrkawlar we tutuş ilat üçin hemişe has howpsuz bolýarlar.

Galyndylary bölmek

2 people working in a garden outside a health post.
Saglygy goraýyş merkezleriniň iýmit galyndylaryny baglar üçin komposta we dökünlere öwrüp bolar.

Lukmançylyk galyndylarynyň olaryň emele gelen ýerinde aýyl-saýyl edilmegi gaýtadan işlenilmegini howpsuz edýär. Şeýle edilen ýagdaýynda saglyk öýüniň işgärleri we galyndylary ýygnaýan, satýan, gaýtadan işleýän adamlara ýetjek howpuň derejesi peselýär. Galyndylaryň aýyl-saýyl edilmegi zyýansyzlandyrylmaly ýa-da gömülmeli galyndylaryň mukdaryny we olara edilýän çykdajyny azaldýar.

Galyndylary aýyl-saýyl edip, olary reňkli konteýnerlere taşlamak

Saglygy goraýyş merkezleriniň köpüsi galyndylary olaryň emele gelen ýerlerinde saýlap, olary dürli reňkli konteýnerlere taşlaýarlar. Şeýle usulyň peýdaly bolmagy üçin, saglyk öýündäki ähli adamlara galyndylaryň haýsy reňkli konteýnere taşlamalydygyny düşündirmelidir. Dürli ýurtlarda galyndylaryň her bir görnüşi üçin dürli reňkler ulanylýar. Mysal üçin, käbir ýurtlarda gyzyl reňk “howplulygy” aňladýar. Şonuň üçin-de, ulanylan iňňeleriň we beýleki ýiti gurallaryň taşlanylýan konteýnerlerini gyzyl reňke boýaýarlar ýa-da olaryň daşyna gyzyl zolak bilen bellik edilýär.

Saglyk öýleriniň galyndylarynyň aglaba bölegi hut hojalyk galyndylary ýaly bolýar: kagyz, karton, çüýşeler, kanistralar we aşhana galyndylary. Bu galyndylar bölünende, olary dolandyrmak has ýeňil bolýar.

Id EHB Ch19 Page 426-1.png
Gündeki galyndylar haltalara ýa-da hapa atylýan bedrelere taşlanylýar-da, gaýtadan işlenilip kompost hökmünde ýa-da ikilenç ulanylyp bilner.

Konteýnerler:

  • galyndylaryň bolýan ýerine golaý ýerleşmeli;
  • olaryň reňki we bellikleri mese-mälim görnüp durmaly;
  • hapa syzmaz we döwülmez ýaly berk bolmaly;
  • akdyrman, syzdyrman ýa-da ýarman daşamak we ýapmak üçin ýeňil bolmaly;
  • bir günüň dowamynda ýygnanan galyndylar ýerleşer ýaly uly bolmaly.


Şol bir görnüşli galyndylar üçin meňzeş haltalar we konteýnerler ulansa oňat bolýar. Muny şeýle etmäge mümkinçilik bolmasa, onda olara dürli reňkli zolaklar we boýaglar bilen bellik ediň. Okap bilýän ýa okap bilmeýän işçileriň haýsy konteýnerleriň adaty galyndylar üçin ulanylýandygyny, haýsylaryň bolsa zyýanly galyndylar üçin ulanylýandygyny ýatda saklamaklaryna kömek eder ýaly, hemişe şol bir reňki ulanyň.

Galyndylary saklamak we daşamake

A man wearing gloves and a mask removes a bag from a bin labelled "infectious."

Lukmançylyk galyndylary tä howpsuz usullarda gaýtadan işlenilýänçä ýa-da ýok edilýänçä, ygtybarly saklanylmalydyr. Şeýle galyndylaryň taşlanyljak ýa-da saklanyljak konteýnerlerini olaryň emele gelýän ýerinde ýerleşdirmeli. Lukmançylyk galyndylaryny hiç haçan wannalarda, girelgäniň agzynda, umuman, köpçüligiň bolýan ýa barýan ýerlerinde zyýansyzlandyrmaly däldir.

Hapa atylýan bedreleriň we haltalaryň ¾ bolegi dolanda, olaryň agzyny berk ýapmaly, sebäbi bulary daşaýan işçileriň olary dökmegi mümkin. Ulanylan iňňeleri we beýleki ýiti gurallary haltalara salmaň. Halta ýyrtylan ýa-da hapa syzdyrýan bolsa, ony başda halta geçiriň.

Agzy jebis ýapylan haltalar ýok edilýänçä, olary agzy ýapyk jaýda saklaň. Satmak üçin zir-zibil ýygnaýan adamlara elýeter bolmaz ýaly, otag goralmalydyr. Lukmançylyk galyndylaryny gysga wagtyň dowamynda howpsuz saklap bolar. Tiz wagtdan olar çüýräp, ýaramaz ysy we ýokanç keselleri ýaýradyp bilerler. Galyndylardan her gün dynmak has gowudyr. Galyndylary hiç wagt 3 günden artyk saklamaň. Uzak wagt saklasaňyz, burnuňyz size muny “duýdurar”.

Köp mukdardaky lukmançylyk galyndylaryny aýyrmak üçin arabalary ulanyň, sebäbi olary arassalamak aňsat bolýar. Arabalar her gezek ulanylanylandan soň arassalanylmalydyr. Haltalar we bedreler ýüklenip, düşürilende zaýalanmaz ýaly, gyralary ýiti arabalary ulanmaň.

Galyndylar bilen işlenilende ýüze çykyp biljek zyýanyň öňüni almak:

  • Iňňelerden, beýleki ýiti gurallardan, mikroblardan ýa-da ganyň we beýleki suwuklyklaryň, himikatlaryň syçramagyndan goranmak üçin, gorag egin-eşikleri geýiň.
  • Ulanylandan soň, haýal etmän iňňeleri we beýleki ýiti gurallary ýörite ýiti gurallar üçin niýetlenen gaplara salyň. Ýiti zatlary paketlere ýa-da beýleki galyndylar bilen garyşdyryp salmaň.
  • Her gezek galyndylar bilen iş salşanyňyzda, syrkawyň daňysyny çalşanyňyzda ýa-da ony kabul edeniňizden soň, hökman eliňizi ýuwuň.
  • Iňňelleriň gapajyklary hemişe geýdirilgi bolsun.
  • Galyndylaryň deriňize galtaşmagyna ýol bermäň. Gorag egin-eşikleriňize hapa galyndylar siňen bolsa, ony haýal etmän çykaryň, suw we sabyn bilen gowy edip ýuwnuň.
  • Ýörite egin-eşikler diňe arassa bolsa goraýar. Her gezek ulananyňyzdan ýa-da hapa daşanyňyzdan soň, ellikleri, öňlükleri, äýnekleri we maskalary ýuwuň ýa-da zyýansyzlandyryň. Bu sizden soň olary geýjek adamy gorar.


Siziň merkeziňizde gorag egin-eşikleri bolmasa, goranmak üçin elýeter materiallardan peýdalanyň. Mysal üçin, gorag öňlükleri, jalbarlary, maskalary we şlýapalary ýasamak üçin, arassa paketleri ulanyň. Bu ýokdan gowudyr.

Galyndylary zyýansyzlandyrmak

Zyýansyzlandyrmak – ýokanç keselleri döredýän mikroblary ýok etmek. Lukmançylyk galyndylary mümkin boldugyndan öz dörän ýerlerinde zyýansyzlandyrylmalydyr. Zyýansyzlandyrmagyň umumy usullaryna şular degişlidir: hloruň erginini, wodorodyň öteturşusyny ýa-da beýleki himikatlary ulanmak; gaýnatma, buga tutma, ýokary basyşly buga tutma, awtoklaw ýa-da mikrotolkunlar ýaly ýokary dereje gyzgynlygyň kömegi bilen zyýansyzlandyrmak.

Galyndylar şeýle usullarda zyýansyzlandyrylandan soň, olary gömmek howpsuz bolar.

Sterilizasiýa bilen zyýansyzlandyrmanyň tapawudy barmy?

Saglygy goraýyş edaralarynyň käbiri zyýansyzlandyrmak sözüniň deregine sterilizasiýa sözüni ulanýarlar. Ýöne sterilizasiýa we zyýansyzlandyrma (dezinfeksiýa) şol bir manyny aňlatmaýarlar, adamlaryň köpüsi olary çalyşýarlar.

Sterilizasiýa bir zatdan ähli mikroblaryň aýrylmagyny aňladýar. Muny etmek örän kyn.
Zyýansyzlandyrma bolsa bir zatdan mikroblaryň köp mukdarynyň aýrylmagyny we netijede ýokançlyklaryň geçmezligini aňladýar.

Adamlaryň köpüsi saglygy goraýyş enjamlarynyň arassalanmagyna sterilizasiýa diýýärler, poluň we beýleki zatlaryň ýüzlerini zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalanmagyna bolsa zyýansyzlandyrmak ýa-da dezinfeksiýa diýýärler. Emma zyýansyzlandyrmanyň dürli derejeleri bolýar.

Şu kitapda beýan edilýän arassalaýyş usullary ýokary derejedäki zyýansyzlandyrma degişlidir. Şeýle derejede geçirilen zyýansyzlandyrma mikroblaryň ählisiniň diýen ýaly ýok edýär. Şonuň üçin-de, biz kitapda beýan edilýän usullaryň bary üçin zyýansyzlandyrma sözüni ulanýarys.

Galyndylaryň haýsylary zyýansyzlandyrylmaly

Ýokanç keselli syrkawyň islendik galyndylary (nejasaty, peşewi, beden suwuklyklary, gany, tüýküligi we ş.m.) bilen hapalanan zatlaryň ählisi hökman zyýansyzlandyrylmalydyr. Bu ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar.

Zyýansyzlandyrylmaly galyndylara şular degişli:

Zyýansyzlandyrylmany talap etmeýän galyndylar:

EHB Ch19 Page 428-4.png
  • beden agzalary;
  • zyýansyzlandyrmakdan we arassalamakdan galýan hapa suwlar;
  • zyýansyzlandyrmak, arassalamak we barlaghanalarda synaglar üçin ulanylýan himikatlar;
  • iýmit galyndylary;
  • gan we bedeniň beýleki suwuklyklary bilen hapalanmadyk dürli materiallar (karton, kagyz, plastik, aýna, galaýy, demir).
EHB Ch19 Page 428-2.png
  • ulanylan iňňeler we ýiti uçly gurallar;
  • gan we bedeniň beýleki suwuklyklary;
EHB Ch19 Page 428-1.png
  • bedeniň suwuklyklary we gan bilen hapalanan hasalar, tamponlar, beýleki galyndylar;
  • gan, bedeniň suwuklyklary ýa-da nejasatlar bilen hapalanan zatlar;
EHB Ch19 Page 428-3.png
  • ýokanç keselli (mergi ýaly) adamlaryň nejasatlary;
  • ähli syrkawlaryň düşek daşlyklary we ýata hassalar üçin goýulýan peşew gaplary


This page was updated:18 dek 2022