Hesperian Health Guides

Ýokary temperatura bilen zyýansyzlandyrmak

Bu bapda:

Saglyk öýleriniň köpüsi şprisleri we beýleki lukmançylyk gurallaryny, käbir galyndylary zyýansyzlandyrmak üçin awtoklawlary, mikrotolkunly peçleri ulanýarlar. Sizde awtoklawlar we mikrotolkunly peçler ýok bolsa, onda materiallaryň azyndan 20 minut gaýnadylmagy, buga tutulmagy ýa-da ýokary basyşly bug bilen işlenilmegi olary zyýansyzlandyrýar. Ýok edilmäge niýetlenilen galyndylar gaýtadan ulanyljak gurallar bilen zyýansyzlandyrylmaly däl, sebäbi köp gezek ulanylýan gurallary zyýansyzlandyrmadan soň alanyňyzda, olaryň ýene-de hapalanmagy ahmal.

Plastigi we kateterleri, damara sanjym etmek üçin sistemalary, turbajyklary, inli hasalary we şoňa meňzeş zatlary ownutmak üçin ellik we maska geýiň.

Hlor hekli bedräni taýýarlamak

EHB Ch19 Page 432-1.png

Lukmançylyk serişdeleri we enjamlary gaýnatmak, buga tutmak we ýokary basyşda buga tutmak üçin suwuň gaýnan pursatyndan başlap, 20 minut tutuň. Bedrä hiç zat garmaň we 20 minutdan soň ody öçürip, sowatmaga goýuň.

Gaýtadan ulanyljak materiallar gaýnadylandan we buga tutulandan soň, arassa ellik ýa-da jübtek bilen çykarylmaly-da, derrew zyýansyzlandyryjy konteýnere salnyp, jebis ýapylmaly. Gaýnag suwy seresaplyk bilen lagyma dökmeli.

EHB Ch19 Page 432-2.png

Gaýnatmak

Metall, rezin ýa-da plastmass enjamlary, matalary zyýansyzlandyrmak üçin olary gaýnatmak bolar. Gurallary ýuwup bolanyňyzdan soň, bir gaba salyp, üstünden suw guýuň. Gurallary 20 min gaýnadyň.

EHB Ch19 Page 432-3.png

Buglap arassalamak

Ellikleri, maskalary, plastmassadan we metaldan ýasalan zatlary zyýansyzlandyrmak üçin, olary buga tutup buglap bilersiňiz. Gaba guýan suwuňyz zatlaryň üstüni ýapmaly däl. Gabyň içine guýlan suw 20 minutlap buguň bolmagyny üpjün edýän mukdarda bolmalydyr. Gabyň agzyna jebis gapak ýapylmaly.

EHB Ch19 Page 433-1.png

Ýokary basyşly bug bilen arassalamak

Ýokary basyşly bugy metaly, kauçugy, plastmassalary we matalary zyýansyzlandyrmak üçin ulanýarlar. Zyýansyzlandyryljak materiallary ýuwup we çaýkap, suwa salyp, plitada goýmaly. Gapagyny ýapyp, pejiň üstünde gyzdyrmaly. Suw gaýnap başlanyndan soň, zatlary 20 minut 409,5 gram basyşda gaýnatmaly.

Awtoklaw

EHB Ch19 Page 433-2.png

Awtoklaw – zatlary ýokary temperaturanyň we basyşyň kömegi bilen zyýansyzlandyrýan kiçijek enjam. Uzak ýyllaryň dowamynda lukmançylyk gurallaryny zyýansyzlandyrmak üçin awtoklawlar ulanylýardy. Olar galyndylary arassalamak üçin ýygy-ýygydan ulanylýar.

2 aýratyn enjamyň ulanylmagy howpsuzdyr: biri – birnäçe gezek ulanyljak gurallar üçin, beýlekisi – galyndylar üçin. Zyýansyzlandyrylmaly galyndylary az bolan saglyk öýleri üçin ýokary basyşly buglaýjy arzan düşýär. Ol hem awtoklaw ýaly işleýär. Elektrik togunyň ýok ýerlerinde gaz, kerosin ýa-da günüň gyzgyny bilen işleýän awtoklawlary ulanmak bolar.

Mikrotolkunly peçler

EHB Ch19 Page 433-3.png

Mikrotolkunly peçler öz içine salnan zatlaryň suwuny gyzdyrýar. Ýokary temperaturada birnäçe minut saklanylan zatlar zyýansyzlandyrýarlar. Mikrotolkunly peçleriň ýokary kuwwatly bolany sebäpli, doly zyýansyzlandyrmany geçirmek üçin, şu usulary ularyň:

  1. Galyndylary metaldan däl gaplara salyp, olaryň üstüni ýapar ýaly derejede suw guýuň.
  2. Suw gyzyp azalmaz ýaly, gabyň agzyny jebis ýapyň.
  3. Galyndylar azyndan 20 minut işlenilsin.
  4. Agzyny açmazdan öň, gaby sowadyň. Syçraýan islendik suwuk galyndylary aşgarlaýjy çukurlara ýa-da lagymlara usullyk bilen döküň.
Ýatda saklaň: Metal zatlary mikrotolkunly peçe salmaň. Olaryň peji zaýalamagy mümkin.


This page was updated:18 dek 2022