Hesperian Health Guides
Himiki galyndylary howpsuz ýok etmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 19: Lukmançylyk galyndylary > Himiki galyndylary howpsuz ýok etmek
Mazmuny
Himikatlar arassalaýarlar we zyýansyzlandyrýarlar
Hlor hekini dökmezden öň, ony suw bilen garyp, aşgarlaýjy çukura guýuň. Wodorodyň öteturşunyň erginini ýok etmek üçin, ony ýörite çukura dökäýmeli. Ony lagyma ýa-da unitaza dökmek hem howpsuzdyr.
Glýutaraldegid we formaldegid düwnuk keseline we ölüme eltip bilýär. Siziň merkeziňiz zyýansyzlandyrmak we arassalamak üçin şol himikatlardan peýdalanýan bolsa, olary howpsuz ýok etmegiň usullary bar. Glýutaraldegidi ýa-da formaldegidi ýok etmezden öň, turşulygyny (pH görkezijisini) üýtgetmek üçin, oňa kaustik sodasynyň (natriniň gidroksidi) erginini goşmaly. pH görkezijini lakmus kagyzy ýa-da pH ölçeýän bilen barlaň. pH görkezijini 12-ä ýetiriň we şol derejede azyndan 8 sagat saklaň. 8 sagat geçenden soň, duz turşusy bilen garyp, ortaça derejä (pH 7) ýetiriň. Glýutaraldegidi we formaldegidi ýok etmek üçin materiallaryňyz bolmasa, olardan peýdalanmaň, sebäbi olar örän howpludyr.
Arassalanandan soň, olary aşgarlaýjy çukurlara dökmek howpsuzdyr. Düşek daşlyklary arassalamak üçin ulanylýan karbol turşulygy dem alyş we deri üçin zyýanlydyr. Karbol turşulygy ýok edilende ýada ondan peýdalananda, işçi äýnek, maska we gorag egin-eşiklerini geýmelidir. Natriniň gidroksidi akdyrylýan ýuwundy suwlaryna garylmaly-da, aşgarlaýjy çukurlara dökülmeli.
Simap
Simap – gyzgynlygy ölçeýän termometriň içindäki kümüşsöw suwuklyk. Simap gan basyşyny ölçeýän gurallaryň käbirinde (köne şekildäkiler), batareýlerde we çyralarda bolýar.
Simap – örän zäherli agyr metal. Onuň azajyk mukdaryndan hem dem alnanda ýa-da deri arkaly geçende, nerwi, böwrek, öýken, beýni ýaly beden agzalaryny şikeslendirip bilýär. Ol dogabitdi ýetmezçiliklere sebäp bolup bilýär.
Simap ýakylanda dargamaýar. Ol ýakylan mahaly öňküsinden hem has güýçli gaza öwrülýär
Simabyň zyýanly täsirini azaltmagyň iň oňat usuly – düzümi simaply zatlary azrak ulanmaly. Mümkin bolsa, düzümi simaply enjamlaryňyzy metal gaplarda saklaň. Enjam döwülse-de, simap stol, oturgyç ýaly agaç zatlara siňmän, metalda galar. Siziň ýaşaýan ýeriňizde simapsyz termometrler elýeter bolsa, şolary ulanyň.
Dökülen simaby nädip aýyrmaly
Termometr ýaly içi simaply zatlar döwlende, simap ownuk bolejiklere dargaýar. Adamlary we haýwanlary ol ýerden daşda saklaň. Gyzdyryjy enjamlary, wentilýatorlary ýa-da kondisionerleri öçüriň we howa girer ýaly penjireleri açyň. Dökülen simaby aýyrmak üçin, size ellik, pipetka, 2 list gaty kagyz ýa-da karton, 2 polietilen paket, ýelimli lenta, el çyrasy (fonar) we içi suwly aýna konteýner gerek bolar.
Simaby ýygnamagyň howpsuz usuly:
- Simaba degmäň. Penjireleri ýa-da gapylary açyň.
- Sagadyňyzy we gymmat bahaly bezegleriňizi aýryň. Simap beýleki metallara ýelmeşýär
- Gündizdigine garamazdan, hemme zat oňat görner ýaly, simabyň dökülen ýerini yşyklandyryň.
- Mümkin bolsa, himiki maddalara durnukly ellik geýiň. Lateks ellikden ikisini geýiň
- Simaby kiçiräk üýşmege üýşürmek üçin gaty kagyzyň ýa-da kartonyň kiçijik böleklerini ulanyň.
- Simaby sorduryp almak üçin pipetkadan peýdalanyň we ýygnan simabyňyzy içi suwly aýna gaba salyň.
- Galan simaby ýygnamak üçin ýelimli lentany ulanyň.
- Ýelimli lentany, pipetkany, ellikleri we kartony polietilen pakete salyň.
- Paketiň daşyna “simap galyndylary” diýip bellik ediň we ony suwly konteýnere salyň.
- Konteýneriň agzyny ýapyp, oňa bellik ediň. Ony ýene-de bir pakete salyň.
- Paketden zäherli galyndylardan dynylýan usulda dynyň.
Antibiotikler we beýleki derman serişdeler
Ulanyş möhleti geçen dermanlar howpsuz ýok edilmeli himiki galyndylaryň ýene-de bir görnüşidir. Antibiotiklerden we beýleki dermanlardan howpsuz dynmak olaryň suw çeşmelerinden, galyndylar bilen iş salyşýan adamlardan daşda saklanylmagyny aňladýar. Gynansak-da, saglyk öýleri, dermanhanalar we derman öndürýän kompaniýalar köne dermanlardan howpsuz dynmagyň deregine, olary zibil dökülýän açyk ýerlere, suw ýollaryna ýa-da ýuwundy suwlaryň akýan ýeriniň aşagyna taşlaýarlar.
Antibiotikler daşky gurşawa taşlananda, olar adamlarda, haýwanlarda hatda olar bilen galtaşýan ýokançlyklarda hem antibiotik durnuklylygyny döredip bilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýokançlyga ýolugan adamlara antibiotikler bilen bejergi geçirilende, onuň netijesiz bolmagyna sebäp bolýar
Antibiotikleri azrak satyn alyň we azrak ulanyň
Antibiotikleriň bejerip bilmeýän kesellerinde olary ulanmaň. Siziň saglyk öýüňiz antibiotikleriň zerur gerek bolan mukdaryny satyn alsa, ulanyş möhleti geçen dermanlar az taşlanar.
Ulanyş möhleti geçen dermanlaryňyzy öndüren kärhana gaýtaryň
Derman öndürýän kompaniýalaryň antibiotiklerden we beýleki dermanlardan dynmak üçin ýörite enjamlary bolýar. Bu işi olar amala aşyrmalydyrlar. Derman öndürýän kompaniýa dermanlary gaýtaryp bermäge mümkinçiligiňiz bolmasa, olary howpsuz usulda ýok ediň.
Dermanlary howpsuz ýok etmek
- Ellik, gorag äýnek, maska geýiň.
- Gerdejikleri owradyň.
- Külkäni sement bilen garyň.
- Suw goşup, sementden gaty logalajyklary ýasaň.
- Şol logalajyklary agzy ýapylýan zibil çukurda gömüň.