Hesperian Health Guides
Lukmançylyk galyndylaryny gömmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 19: Lukmançylyk galyndylary > Lukmançylyk galyndylaryny gömmek
Golaýda zibil üýşürilýän ýa-da gömülýän ýer bar bolsa, zyýansyzlandyrylan galyndylary şol ýerde ýygnap, howpsuz gömüp bolar. Şeýle ýeriň bolmadyk ýagdaýynda, saglyk öýünde galyndylar üçin uly bolmadyk çukur gazmagy göz öňünde tutuň. Galyndylaryň howpsuz gömülmegine gözegçilik ediň. Ýiti zatlar iň howply galyndy bolandyklary sebäpli, iňňeleri we ýiti gurallary saglyk öýündäki howpsuz çukurlarda gömmelidir.
Galyndylar bilen iş salyşýan adamlaryň ählisi galyndylary howpsuz gömmek we ýok etmek barada degişli maglumatlary bilmelidir. Bu galyndylaryň howpsuz ýok edilmegi üçin zerurdyr.
Mazmuny
Galyndylar üçin howpsuz çukurlar
Galyndylary gömmäge niýetlenen çukurlaryň howpsuz bolmagy üçin, olar golaýdaky guýulardan aşakda, ýerasty suwlaryň akyp çykýan çeşmelerinden, suw gözbaşlaryndan azyndan 50 metr uzaklykda gazylmalydyr. Suwuklygyň topraga we ýerasty suwlara siňmeginiň öňüni almak maksady bilen, çukuryň düýbi we gapdallary palçyk bilen suwalmaly. Çukura bellik edilmeli. Ony adamlardan we haýwanlardan goramak üçin, daş-töweregine haýat aýlamaly.

Beton örtükli çukury ýasamak
Şeýle çukury gündeki galyndylar üçin däl-de, diňe ýokançly galyndylar üçin ulanmak bolar.

- Giňligi 1-2 m we çuňlugy 2-den 5 metre çenli bolan çukur gazyň. Çukuryň düýbi ýerasty suwuň iň ýokarky derejesinden azyndan 1½ metr ýokarda bolmalydyr.
- Çukuryň düýbüni 30 sm galyňlykda palçyk bilen suwap tekizläň
- Içine suw akmaz ýaly, çukuryň gyralaryna çykyt aýlaň.
- Çagalaryň we haýwanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, çukur gazan ýeriňiziň daş-töweregine haýat aýlaň.
Galyndylary her gezek çukura taşlap, onuň üstüni 10 santimetr gum ýa-da gum we hek garyndysy bilen gömüň. Hek galyndylary zyýansyzlandyryp, haýwanlary ürküzýär.
Galyndylar çukuryň 0,5 metr üstüne çykanda, olary ýarym metr galyňlykda gum bilen gömüň- de, azyndan 10-30 santimetr galyňlykda beton bilen örtüň.
Ýiti gurallary betonly konteýnerlerde “gulplamak”

Ýiti gurallary we ýiti gurallar üçin konteýnerleri zyýansyzlandyrmak üçin demir gap ulanylýar. Konteýner dolup barýarka (¾ bölegi), 1 bölek sementden, 1 bölek hekden, 4 bölek çägeden we ⅓ -den ½ çenli suwdan ybarat garyndyny oňa goşuň. Hek zyýansyzlandyryjy serişde hökmünde hyzmat edýär. Sement bolsa galyndylaryň arasyndaky boşluklary doldurmaga kömek edýär. Konteýneriň agzyny berk ýapyp, ony garymda ýa-da zibil dökülýän ýerde gömüň.
Suwuk galyndylary ýok etmek
Saglyk öýleriniň köpüsi hlorly heki, hapa suwy we beýleki suwuklyklary lagyma dökýärler. Lagym olary suw çeşmesine alyp gaýtmaýan bolsa, howpsuzdyr. Dökmezden öň suwuklyga köpräk suw garyň. Suw çeşmelerini goramak üçin, ulanylan hlor hekini we beýleki suwuklyklary hapa suw üçin howpsuz çukurlara döküň. Dökmezden öň arassalamak üçin glýutaraldegid we formaldegid ýaly himikatlar ulanylýar
Aşgarlaýjy çukuryň gurluşygy

Suw ýollaryndan we guýulardan daş ýerlerde, silleriň bolmaýan ýerlerinde çuňlugy ýarym metrden 1 metre çenli bolan çukur gazyň. Onuň düýbüne birnäçe santimetr galyňlykda gum düşäň. Soňra birnäçe santimetr galyňlykda çagyl döküň-de, üstüne uly daşlardan bir gat goýuň. Şeýle çukurlar suwuk galyndylary süzüp, olaryň ýerasty suwlaryna düşmeginiň öňüni alýar. Ýagyş suwy çukuryň içine syrykmaz ýaly, onuň üstüni ýapyň.