Hesperian Health Guides

Lukmançylyk galyndylary sebäpli döreýän saglyk kynçylyklary

Bu bapda:

Lukmançylyk galyndylary howpsuz ýok edilmedik ýagdaýynda saglyk kynçylyklaryny döredip biler:

  • ulanylan iňňeler we ýiti gurallardan geçýän B we C gepatiti, bürmek keseli, AIW/AIDS keselleri, deriniň agyr ýokanç keselleri.
  • zyýansyzlandyryjy, arassalaýjy serişdelerden, dermanlardan we barlaghana himikatlaryndan dem alnanda ýüze çykýan demgysma we beýleki kynçylyklar, gözüň awuşamagy, deri örgünleri, allergiki täsirler.
  • antibiotiklere durnuklylyk. Adam antibiotikleri köp ulansa, olaryň täsir edişi peselýär.
  • ýakylanda, dioksin ýaly zäherli himikatlary daşky gurşawa bölüp çykarýan galyndylar zerarly döreýän düwnük (rak) keseli, dem alyş bilen bagly kynçylyklaryň we beýleki keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär.


Lukmançylyk galyndylaryndan has köp zyýan çekýän adamlar:

Homes and a woman and boy near a trash heap and a building with a smoking chimney.
A man putting a bottle in a sack at a dump site.
galyndylaryň ýakylýan we zibil dökülýän ýerlere golaý ýaşaýan adamlar saglyk öýüniň galyndylaryny ýygnaýan, gaýtadan işleýän ýa-da taşlanan zibilleri satýan adamlar
A health care worker examines a patient in a ward.
saglyk öýüniň işgärleri we syrkawlary
Sengunyň kesele ýolukmagy
Young woman with baby on her back picks up trash.

Sengu Hindistanyň kiçijek obasynda doglupdy. Birnäçe ýyla çeken gurakçylyk we hasylsyzlyk zerarly ol ejesi we kiçi oglan jigisi bilen gowy ýaşaýşyň gözleginde şähere gidýär. Ol ejesi bilen zibil dökülýän ýeriň golaýyndaky baýyrlykda ýaşaýardy. Şol ýerde ýaşaýan çagalar Sengu zibil taşlanýan ýerden satmak üçin zat saýlamagy öwretdiler. Günde irden okuwa gitmezden öň, ol galaýynyň galyndylaryny, aýna çüýşeleri, polietilen paketleri we beýleki zatlary ýygnaýardy. Sengu olary satyp alan puluna mekdepden soň nahar we gyzgyn çaý satyn alýardy.


Şäherde ýaşamak örän kyndy. Sengunyň ejesi öýden uzak ýerde işlemeli bolýardy. Ol uzak gün öýde bolmaýardy. Sengu kiçi jigisine seretmeli bolansoň, okuwyny taşlamaga mejbur bolýar. Gününiň köp bölegini jigisini arkasyna daňyp, Sengu zibil taşlanýan ýerde zibilleri saýlamaly bolýardy.


Käte Sengu zibilleriň arasyndan ganly hasalary, iňňeleri we hassahananyň beýleki galyndylaryny tapýardy. Sengunyň ýuka dabanly köwşi ony zibilleriň arasyndaky ýiti zatlardan goramaýardy. Käte aýna gyýyklary we posly demir onuň dabanyny, topugyny şikeslendirýärdi. Günleriň birinde şprisiň iňňesi köwüşden geçip, Sengunyň aýagyna çümýär. Tiz wagtdan Sengu basyk (angina) we gyzzyrma bilen keselleýär, ysgyndan düşýär.


Birnäçe hepdeden Sengunyň ýagdaýy gowulaşýar. Emma birnäçe aýdan soň, onuň ýagdaýy ýene-de ýaramazlaşýar. Ol hemişe ýadawlyk duýýardy, onuň gyzgyny galýardy, agzyna ýara düşýärdi. Işdäsi kesilip, Sengu gün-günden horlanýardy. Ejesi we maşgalasy Senguny alada etseler-de, lukmana ýüz tutar ýaly pullary ýokdy. Ahyry ejesi doganoglanyndan karz pul alyp, Senguny saglyk öýüne alyp gaýdýar. Lukman olary diňläp, gözden geçirip, barlag üçin gan alýar.


Ertesi gün olar saglyk öýüne dolanyp gelýärler we lukman Sengunyň ejesine gyzynyň AIW bilen keselländigini habar berýär. Ol dermanlara, bejergä, alada mätäçdi, emma maşgalada ony hassahana ýerleşdirmek üçin pul ýokdy. Uly gynanç bilen ejesi Sengu öýde seredýär. Ýöne maşgala onuň ýagdaýynyň gowulaşmajakdygyny bilýärdi. Birnäçe aýdan Sengu aradan çykýar.

Sengunyň aradan çykmagyna näme sebäp boldy?

Sengu hapa iňňä basyp, AIW/AIDS keseline ýolugandygy zerarly aradan çykýar.

Onuň kesellemeginiň we ýogalmagynyň ekologik (lukmançylyk galyndylarynyň ýaramaz ýok edilmegi) we durmuş (garyplyk) sebäpleri bardy.

Senguny halas edip bolarmydy?

Woman asks questions.

Garyplyk ençeme ýaşaýyş sebäplere görä döreýär. Şonuň üçin-de, bu meseläni çözmek kyn bolýar. Aşakdaky soraglar käbir meseleleri aýdyňlaşdyrýar:

  • Sengu näme üçin mekdepde däldi?
  • Sengu näme üçin galyndylary ýygnamaly bolýardy?
  • Näme üçin Sengunyň aýagyny gorap biljek aýakgaby ýokdy?
  • Näme üçin ol dermanlary we lukmançylyk kömegini alyp bilmedi?


Ýuka dabanly aýakgap, lukmançylyk kömegini almak üçin puluň ýetmezçiligi, açlyk we garyplygyň beýleki kynçylyklary, ine, şular ýokardaky soraglara jogap bolup bilerdi. Şeýle durmuşy kynçylyklary çözmek üçin köp wagty sarp etmeli bolýar.

A woman holding her head sits outside a shack.
Lukmançylyk galyndylary adamlaryň köpüsine, şol sanda saglyk öýüne ýüz tutup bilmejek örän garyp adamlara-da zyýan ýetirip bilýär.

Ekologik meseleleri bolsa tizara çözüp bolýandyr. Geliň, şu soraglardan başlaly:

  • Lukmançylyk galyndylary näme üçin gaýtadan ulanylyp we işlenilip biljek galyndylara garylýar?
  • Näme üçin şeýle zyýanly açyk zibil dökülýän ýer döredi? Näme üçin ol ýerde howpsuz ýok edilmedik galyndylar bardy?


Lukmançylyk galyndylarynyň jogapkärçilikli dolandyrylmagy durmuş şertlerini, esasanam galyndylaryň hasabyna ýaşaýan garyp adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyryp biler.


This page was updated:18 dek 2022