Hesperian Health Guides
Himikatlar bilen zyýansyzlandyrmak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 19: Lukmançylyk galyndylary > Himikatlar bilen zyýansyzlandyrmak
Himiki buglar örän zyýanly bolýar |
Adaty zyýansyzlandyrma üçin ulanylýan himikatlaryň ählisi zyýanly bolansoň, olary örän seresaply ulanmalydyr. Zyýansyzlandyrmak üçin adaty ulanylýan himikatlaryň düzümine 6%-li wodorodyň öteturşusy, hlor hekiniň ergini, 70%-li etanol we 70%-li ýa-da 90%-li alkogolyň izopropil ergini girýär.
Adaty zyýansyzlandyryjy we arassalaýjy serişdeleriň düzüminde glýutaraldegid we formaldegid girýär. Glýutaraldegidiň we formaldegidiň yzygider täsiri düwnük keseline we ölüme eltýär. Bu himikatlar ulanylmaly däl!
Saglyk öýleriniň köpüsi himikatlary ulananlarynda, şu howpsuzlyk düzgünlerine eýerýärler:
- Himiki zyýansyzlandyryjy serişdeleri jaýyň daşynda ýa-da oňat şemalladylýan otaglarda ulanmak.
- Himiki zyýansyzlandyryjy serişdeleriň iş üçin gerekli mukdaryndan artygyny ulanmazlyk.
- Himikatlar ulanylanda ýa-da ýok edelinde, derini, gözleri, dem alyş ýollary we beden agzalary goramak üçin ellikleri, gorag äýnekleri, maskany we gorag egin-eşikleri geýmek (ser. Goşundy A).
- Zyýansyzlandyryjy himikatlary ýörite ýazgyly konteýnerlerde saklamak. Ol konteýnerleri başga maksatlar üçin ulanmazlyk.
- Himikatlary soň iýmit we içgi üçin ulanyljak bedrelerde, konteýnerlerde ýa-da çüýşelerde garmazlyk we saklamazlyk.
- Himikatly konteýnerleriň agzyny jebis ýapyp, olary dikligine saklamak. Olaryň ýarylmadygyna, jaýryk däldigine göz ýetirmek.
Mazmuny
Himiki zyýansyzlandyrmany talap etmeýän galyndylar
Köplenç bedeniň böleklerini zyýansyzlandyrmay diýip hasap edýärler. Emma beden bölekleri, şol sanda çaga ýoldaşyny hajathanalarda ýa-da çuň çukurlarda gömse bolýar. Käbir halklarda çaga ýoldaşynyň gömülmegi (jaýlanylmagy) wajyp dessur hasaplanylýar. Bu iş dogry amala aşyrylanda, daş-töwerekdäki adamlary köpelip biläýjek zyýanly mikroblardan gorap biler.
Has howpsuz himikatlar bilen zyýansyzlandyrma
Hawa-da, ol bizi hem öldürip bilýär!
Bu serişde täsirli! Ol ähli zady öldürýär.
|
Önümi saýlanyňyzda, özüňizden şulary soraň: Ol hakykatdan hem zyýanlymy? Soňra ondan howpsuz dynyp bolarmy? |
Saglyk öýleriň käbirinde zyýansyzlandyrmak we arassalamak üçin düzüminde glýutaraldegid ýaly zyýanly himikatlary bolan arassalaýjy serişdeleri ulanylýar. Ýöne saglyk öýlerindäki zatlaryň arassa we mikrobsyz bolmagy üçin, has howpsuz, arzan arassalaýjy serişdeleri hem ulanyp bolar. Pollary, diwarlary we mebelleri arassalamak üçin, gyzgyn suw we adaty sabyn ýeterliklidir.
Ýokanç keselli syrkawlaryň bolýan ýa-da bejergi alýan ýerlerinde keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, has güýçli zyýansyzlandyryjy serişdeler ulanylmalydyr. Düzümi pyrtykal ýagly ýa-da beýleki tebigy ýagly wodorod öteturşusynyň ergini pollary we beýleki zatlaryň ýüzlerini zyýansyzlandyrmak üçin netijelidir. Olar saglyga zyýan ýetirmeýärler we ýok edilmezden öň zyýansyzlandyrylmaly däldir. Zyýansyzlandyrmak üçin howpsuz erginleri sirkeden (uksusdan) we wodorodyň öteturşusyndan taýýarlap bolar.
Zyýansyzlandyrmak üçin howpsuz erginleri taýýarlamak
Ak aşhana sirkesini we wodorodyň öteturşusyny deň mukdarda garyň (öteturşynyň adatça 3%-li ergini ulanylýar, emma 6%-lisini ulanmak has netijeli bolýar). Size diňe bir günüň dowamynda gerek boljak mukdaryny garyň. Ergini ýapyk konteýnerde saklaň.
Zyýansyzlandyrmak üçin, garyndynyň biraz mukdaryny mata bölegine siňdirip, şonuň bilen zatlaryň ýüzlerini süpürişdiriň.
Bu garyndyny stoluň üstüni, krowatlaryň aýaklaryny we beýleki zatlaryň ýüzlerini arassalamak üçin ulanmaly.
Hlor bilen zyýansyzlandyrmak
Saglyk öýleriniň köpüsi diwarlary, pollary we stollary zyýansyzlandyrmak üçin hlor ulanýarlar. Hlory ulanaňyzda seresap bolmaly, sebäbi ol syçrap, siziň deriňize we gözüňize zyýan ýetirmegi ahmal. Onuň bugundan dem almak zyýanlydyr. Agardyja ak sirkäniň garylmagy ony has täsirli zyýansyzlandyryjy serişdä öwürýär.
Zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan hlor hekiniň dürli erginleriniň taýýarlanylyşy:
1%-li hlor hekiniň ergini | 100g hlor hekine + 900 ml suw goşmaly; |
3%-li hlor hekiniň ergini | 300g hlor hekine + 700 ml suw goşmaly; |
5%-li hlor hekiniň ergini | 500g hlor hekine + 500 ml suw goşmaly; |
5%-li hlor erginiň gallonyna (4,5litr) 1 käse ak aşhana sirkesini garsaňyz, ol has oňat zyýansyzlandyrar. Erginiň bu garyndysyny bir günüň dowamynda ulanyp bolar. Ertesi gün ony täzeden ulanmaň. Garyndy güýjüni ýiterensoň, ol mikroblary ýok edip bilmeýär.
Hlor hekli bedreleri ulanmak
Hlor hekli bedreleri ulanylan hasalar, pagta tamponlary, ellikler we gandan boşan gaplar ýaly ýokanç galyndylaryň bolan ýerleriň ählisinde goýuň. Ýokançly galyndylaryň köp bolan ýerinde hlor hekli bedräni günde taýýarlaň. Galyndylary ýok etmek üçin size 1 hlor hekli bedre gerek bolar.
Gaýtadan ulanyljak enjamlary we gurallary zyýansyzlandyrmak üçin bolsa onuň dürli mukdary gerek bolýar. Ýyrtylan ellikler, şprisler, damardan goýbermek üçin ulanylýan çüýşeler, turbajyklar we gaýtadan ulanylmaga niýetlenilmedik beýleki zatlar zyňylmazdan öň hlor hekli bedrä batyrylyp çykarylýar.
Bedräniň içindäki hlor hekiniň mukdary materiallary doly çümdürer ýaly derejede bolmaly. Materiallary hlor hekiniň içinde azyndan 10 minut saklamaly. Dökülmezligi we zyýansyzlandyryş güýjüniň ýitmezligi üçin, hlor hekli bedräniň agzyny gapak bilen jebis ýapmalydyr. Sebäbi açyk gapdaky hlor bugaryp aýrylýar.
Hlor hekli bedräni taýýarlamak
Galyndylary howpsuz zyýansyzlandyrmakda hlor hekli bedre usuly giňden ulanylýar. Hlor hekli bedre 2 bölümden ybarat: hlor hekiniň ergini guýulýan konteýner ýa-da bedre we bedräniň içine salynýan kiçi gap ýa-da elek şekilli ownuk gözenekli sebet. Bu kiçi gaplara galyndylar ýerleşdirilýär. Hlor hekli bedräniň jebis ýapylýan laýyk gapagy bolmalydyr.
1 bedre hlor hekini taýýarlamak üçin hlor hekiniň 5%-li erginini taýýarlaň. Esasy bedräniň iň bolmanda ýarysy hlor hekinden doly bolmaly.
Kiçiräk gabyň, elegiň ýa-da sebediň gözeneklerinden hlor hekiniň ergini geçer ýaly edip, esasy bedräniň içinde salyň. Içi galyndyly gabyň ýokaryk galmaýandygyna we hlor hekiniň gözeneklerden geçip, galyndylaryň üstüni doly ýapýandygyna göz ýetiriň.
Kir ýuwulýan ýer
Ozal hassahanalaryň köpüsi düşek daşlyklaryny arassalamak üçin, karbol turşulygyny ulanýardylar. Ýöne bu diňe ten ýanyklary babatda bejergi alýan hassalaryň düşek daşlyklary üçin zerurdyr. Beýleki düşek daşlyklaryny we egin-eşikleri zyýansyzlandyrmak üçin, olary sabyn we gyzgyn suw bilen ýuwmazdan öň 10 minut hlor hekli bedrä basyp goýuň. Hlor hekinden zatlary çykaranyňyzda, eliňize ellik geýiň.