Hesperian Health Guides
Jemgyýetiň çözgütleri
Saglyk öýüňizde awtoklaw ýa-da ýuwundylar akdyrylýan howpsuz çukur bolmasa, galyndylary zyýansyzlandyryp, howpsuz konteýnerlere bölüp salyň, howpsuz çukury ýa-da zibil atylýan ýeri bar bolan edara ugradyň. Ýiti gurallary ýygnamak, daşamak we ýok etmek boýunça sebit ulgamy şäherlerdäki we obalardaky saglygy goraýyş bölümleriniň köpüsine hyzmat edip biler.
Sebitde galyndylar kommunal hojalygy tarapyndan ýygnalýan bolsa, zyýansyzlandyrylan galyndylar ýygnalyp, zibil atylýan ýere iberilip bilner. Zäherli galyndylar olar üçin niýetlenen ýerlere (bar bolsa) iberilmeli. Ýerlerde galyndylar ýygnalmaýan bolsa, geljek üçin gaty galyndylary gaýtadan işleýän ýa-da ýok edýän ulgamy döretmek barada pikirleniň (18-nji baba ser.). Saglyk öýüňiziň peýdalanýan usullary siziň serişdeleriňize we haýsy zadyň siz üçin has gowy boljakdygyna baglydyr.
Saglyk öýünde bolup geçýän zatlar jetgyýetdäki adamlaryň ählisine degişlidir. |