Hesperian Health Guides

Bap 19: Lukmançylyk galyndylary


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 19: Lukmançylyk galyndylary


Bu bapda:

In a hospital ward, a health worker drops a needle into a box labelled "sharps."

Saglygy goraýyş gullugynyň işgärleri adamlaryň sagdyn bolmagy ugrunda elinde baryny edýärler. Emma lukmançylyk galyndylary howpsuz işlenilmese, olar saglygy goraýyş işgärleri we töwerekdäki adamlar üçin keselleri ýaýradýan ojaklara öwrülip bilýärler.

Klinikalaryň, hassahanalaryň, barlaghanalaryň, gan we plazma banklarynyň, diş bejerýän klinikalaryň, çaga dogrulýan öýleriň we weterinar hassahanalaryň galyndylary lukmançylyk galyndylaryna degişlidirler. Şeýle hem olara waksinasiýa maksatnamalaryndan (immuniteti berkitmek üçin geçirilýän sanjymlar), lukmançylyk kömeginden, näsaga öý şertlerinde seredilmekden galýan galyndylar degişlidir.

Lukmançylyk galyndylarynyň köp bölegine kagyz, karton we iýmit galyndylary ýaly adaty galyndylar hem degişlidir. Emma lukmançylyk galyndylarynyň käbiri hapa mikrobly gan ýa-da bedeniň bölünip çykmalary bilen hapalanyp, keselleri ýaýradyp biler. Ulanylan iňňeler we beýleki ýiti gurallar şikeslenmelere sebäp bolup, keselleri ýaýradyp biler. Plastmassa ýaly käbir lukmançylyk galyndylaryň düzüminde zäherli himikatlar bardyr. Zyýanly mikrobly we zäherli himikatly galyndylar adaty galyndylar bilen garylsa, olar bilen iş salyşýanlara howp salyp bilýär. Hut şol sebäpli galyndylaryň bölünmegi örän wajypdyr.

Lukmançylyk galyndylarynyň howpsuz işlenilmegi üçin hem beýleki gaty galyndylary ýok etmekde ulanylýan usullardan peýdalanylýar (18-nji baba ser.). Emma bedeniň biologiki suwuklyklary we mikroblar bilen hapalanan galyndylar adamlaryň saglygyna we daşky gurşawa zyýan etmez ýaly, zyýansyzlandyryp, ýörite usullar arkaly ýok edilmelidir.



This page was updated:05 ýan 2024