Hesperian Health Guides
Zyýansyzlandyrmakdan soň
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 19: Lukmançylyk galyndylary > Zyýansyzlandyrmakdan soň
Mazmuny
Ýiti gurallary zyýansyzlandyrmak we ýok etmek
Saglyk kynçylyklarynyň käbiri ýiti gurallar ýaly lukmançylyk galyndylar zerarly ýüze çykýar. Iňňeler, almazlar, neşderler we beýleki ýiti gurallar ýaralap, ýokançlygy ýokuşdyryp biler. Şonuň üçinde, olar örän seresaply arassalanmalydyr. Saglyk öýlerinden daşary ýiti gurallar olary ýygnaýanlara we gaýtadan işleýänlere howp salýar.
Ýiti gurallaryň galyndylaryny azaltmak üçin, sanjymlary diňe zerur bolanda ulanyň.
Iňňeleri we şprisleri howpsuz usulda ýok etmek
Sanjym edilen badyna, iňňäni şprisden aýryp, ýiti zatlar üçin niýetlenen gaba salmaly. Iňňeleriň gapajyklaryny geýdirmek howpludyr. Şonuň üçin-de muny etmekden gaça durmaly. Siz birnäçe gezek ulanylýan şprislerden peýdalanmaýan bolsaňyz, iňňeleri ulanylan ýerinde ýok ediň. Iňňäni şprisden aýyrmagyň birnäçe usullary bar. Bu islendik usul bolup biler:
- Iňňe dykylyp galmaz ýaly, ony diňe bir eliňiz bilen aýryň.
- Iňňe deşmez ýaly, olary gaty gaplara salyň.
- Lukmançylyk işgärleri üçin oňaýly we aňsat usuly ulanyň.
ýiti gurallardan dynmak üçin, ganawlyja gutynyň ýasalyşy
Ganawlyja guty – ýöriteleşdirilen demir guty. Onuň ýokarsynda ganaw şekilindäki zolajygyň inli ujy barha insizlenýän şekilde bolmalydyr. Şeýle gutyny satyn alyp ýa-da kofeden we ş.m. zatlardan boşan galaýy gutudan edip bolýar. Şeýle gutular iňňä galtaşmazdan, ony şprisden aýyrmaga mümkinçilik berýär. is important is that they let you remove needles from syringes without touching the needles.
- Şprisi ulanan bolsaňyz, iňňäni gutudaky ganawjyga salyp, onuň iň insiz ýerine süýşüriň
- Soňra şprisi ýokaryk çekiň, iňňe gutynyň içine gaçar. Şprisi gerekmejek gaba salyň.
- Ýiti gurallar üçin niýetlenen konteýneriň ¾ bölegi dolsa, onuň daşyna lenta orap, gutyny ýiti gurallar üçin çukura gömüň.
Şprisleriň görnüşleri
Köp gezek ulanylýan şprisler gaýta-gaýta ulanylyp bilner. Gaýtadan ulanylýan şprisler galyndylary azaldyp, puly tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ýöne olar her gezek ulanylandan soň, yhlas bilen arassalanmaly we zyýansyzlandyrylmalydyr. Şprisi ýuwman we zyýansyzlandyrman hiç wagt gaýtadan ulanmaň, sebäbi bu AIW-iň, sary getirmäniň we beýleki keselleriň aňsatlyk bilen ýokuşmagyna mümkinçilik döredýär.
Bir gezeklik şprisler ulanylandan soň, iňňesi bilen zyňylmaly. Şeýle şprisleriň käbirini söküşdirip, gaýnadyp ýa-da berk buglap, täzeden birnäçe gezek ulanyp bolar. Emma şeýle edilmek maslahat berilmeýär, sebäbi doly zyýansyzlandyrylmadyk şpris ýa-da iňňe keseli ýaýradyp biler.
Gaýtadan ulanmak üçin iňňäni we şprisi ýuwmak we zyýansyzlandyrmak
Iňňeler arassalanylman we zyýansyzlandyrylman birnäçe gezek ulanylsa, AIW we beýleki kesellere uçratmagy ahmal. Şonuň üçin-de, gaýtadan ulanmakdan gaça durmaly. Ýöne käbir ýurtlarda iňňeleri bir gezek ulanyp ýok etmek üçin ýeterlikli şpris we iňňe ýok. Şol sebäpli biz gaýtadan ulanmak üçin iňňeleri we şprisleri ýuwlup arassalanyşy barada maglumat berýäris.
- Eliňizi mikroblardan goramak üçin, galyň ellik geýiň.
- Şprisiň iňňesi bilen ony hlor hekiniň 5%-li ergininden dolduryň.
- Hlor hekiniň erginini döküň.
- Muny birnäçe gezek gaýtalaň. ähli zatlary birnäçe gezek arassa suwa çaýkaň.
- Şprisi söküşdirip gaýnadyň ýa-da şprisi we iňňäni berk buglaň.