Hesperian Health Guides
Ýakylýan galyndylar bilen bagly meseleler
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 19: Lukmançylyk galyndylary > Ýakylýan galyndylar bilen bagly meseleler
Galyndylaryň açyk otda ýa-da galyndy ýakylýan peçde ýakylmagynyň netijesinde zäherli galyndylar tüsse görnüşinde howa, kül görnüşinde topraga we ýerasty suwlara düşýärler. Düzümi simaply, gurşunly we beýleki agyr mettally galyndylar ýakylanda, bu zäherli maddalar daşky gurşawa düşýärler.
Üç halta galyndy ýakylanda, bir halta kül emele gelýär, | Beýleki zäherli himikatlar howa, topraga, suwa düşýärler. |
Gan saklanylýan paketleri, turbajyklary we käbir şprisleri taýýarlamak üçin ulanylýan plastmassalar ýakylanda dioksinler we furanlar ýaly örän zäherli himikatlary bölüp çykarýar. Bu himikatlaryň reňki we ysy ýokdur. Olar aýallaryň we erkekleriň önelgesiz bolmagyna we beýleki agyr saglyk kynçylyklaryna uçradyp bilýärler (16-njy we 20-nji baba ser.).
Käte galyndylary doly ýakmak üçin galyndy ýakylýan enjamlar ýeterlik derejede oňat we uzak ýanmaýarlar. Galyndylar ýakylýan enjamlaryň käbiri immunizasiýa (waksinalar) galyndylary ýaly ýörite galyndylary ýakmaga niýetlenendir. Emma olarda dermanlary, pestisidleri we beýleki zäherli materiallary hem ýakýarlar.
Lukmançylyk galyndylarynyň howpsuz işlenilmegi üçin, ilki olary aýyl-saýyl etmelidir. Gaýtadan işlenip we ulanyp boljak materiallary bölüp aýryp, zyýanly mikrobly galyndylary bolsa zyýansyzlandyrmaly. Galyndylary ýakmagyň deregine haýsydyr başga bir usul ulanylaýanda-da, lukmançylyk kasamynyň “zýýan ýetirme” diýen ýörelgesine eýermek örän möhümdir.