Hesperian Health Guides
Immunizasiýa maksatnamalary
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 19: Lukmançylyk galyndylary > Immunizasiýa maksatnamalary
Bu maksatnamalar galyndylardan dynmaklygyň meýilnamalaryny göz öňünde tutmaýarlar. Olar immunizasiýa maksatnamalaryny geçirenlerinde, galyndylary ýok etmekligi waksina edilen saglyk öýüniň ýa-da ýönekeý adamlaryň üstüne atýarlar. Bu bolsa öz gezeginde galyndylaryň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýan ýetirýän açyk otda ýakylmagyna eltýär.
Immunizasiýa maksatnamalary galyndylar babatdaky jogapkärçiligi öz üstlerine alyp bilerler
Immunizasiýa maksatnamasy netijeli meýilnamalaşdyrylyp, goldanylanda, ol öz döreden galyndylaryndan howpsuz dynyp biler:
- Waksinalar sebitlere ulagda getirilýär. Waksina sanjymlary edilenden soň, lukmançylyk galyndylaryny merkezi hassahanalardaky awtoklawda arassalamak üçin, ýene-de şol ulaglara ýükläp bolýar.
- Immunizasiýa maksatnamasy işini tamamlanyndan soň, şol çäklerde uzak wagt galyp biljek galyndylary daşamak üçin saglyk ulgamyny döretmäge kömek etmeli.
- Iňňeleri we şprisleri waksinasiýa sanjymlary edilýän ýörite sapançalarda ulanmak. Bular galyndyny az emele getirýändir.