Hesperian Health Guides

Ekologik saglygy gazanmak üçin çäreler toplumyny geçirmek

Bu bapda:

Ekwadoryň kenarýakalaryndaky hapa baýyrlarda ýaşaýan adamlar köp ýyllaryň dowamynda garyplykda we beýleki döwletlerden üzňelikde ýaşaýardylar. Bu ýagdaý olaryň ruhdan düşüp, gelejege umytsyz garamaklaryna sebäp boldy. Olaryň gündeki ýaşaýşy juda agyr bolansoň, olar ýagty gelejegi meýilleşdirjek-de bolmaýardylar.

Gloriýa we Salud para el Pueblonyň işgärleri mergini togtatmak üçin degişli çäreleri geçirip, köp adamlary halas etdiler. Saglyk howandarlary, ýerli guramalar we oba ýaşaýjylary merginiň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almakda hyzmatdaşlyk etmegi üstünlik getirdi. Bu üstünlik olary beýleki saglyk meseleleri hem batyrgaý çözmäge höweslendirdi. Hawa, elhenç apy-tupan olaryň eden işleriniň uly bölegini weýran edipdi. Ýöne olar birleşip, apy-tupanyň getiren weýrançylygyndan soň özlerini dürsemegi başardylar. Olaryň indi beýleki meseleleri çözmäge hem ýagdaýlary bardy. Olar jemgyýet saglygyny berkitmek maksady bilen, ýaşaýyş şertlerini günsaýyn gowulandyryp, gelejege tarap barýarlar.lthier continues, as they improve present-day conditions and build for the future.

Ilkinji sebäplere düşünmek üçin geçirilýän işler

 Man and women asking and answering questions.

Näme üçin mergi köp adamlara ýokduka?
Sebäbi suwda mikroblar köp.
Bu keseliň fiziki sebäbidir.
Näme üçin suwda mikroblar bar?
Sebäbi bizi mikroblardan gorap biljek hajathanalarymyz ýok.
Bu keseliň ekologik sebäbidir.
Näme üçin oňat gurlan hajathanalarymyz ýok?
Sebäbi biziň oňat hajathanalary gurmaga pulumyz ýok.
Bu keseliň ykdysady sebäbidir.

Saglyk kynçylyklary dürli sebäplere görä, mysal üçin: mikroblar, zäherli himikatlar, pajygaly ýagdaýlar, açlyk, adatdan daşary sowuk ýa-da yssy howa we ş.m. arkaly ýüze çykyp bilýärler. Bular keseliň döremegine gönüdengöni täsir etse-de, her keseliň öz düýp sebäbi bolup, ony anyklamak örän möhümdir.

Keseliň düýp sebäbi anyklanylsa, bu onuň gelejekde gaýtalanmazlygyna kömek eder. Gloriýa özüniň usin“Eýsem näme üçin şeýle bolduka?”]] diýen soragy arkaly saglyk kynçylyklarynyň birnäçe düýp sebäbiniň bolup bilýändigine düşünmäge ýardam edti.

Özgerişlik üçin wagt gerek

Ekologik saglygy göz-açyp ýumasy salymda gowulandyryp bolmaýar. Manglaraltonyň saglygy saklaýyş gullugynyň işgärleri mergi keselini bejermek üçin, ilki bilen syrkawlara regidron içgisini içirdiler, soňra bolsa agyz suwuny arassalamak üçin degişli çärelerini geçirdiler. Olar gelejekde mergi ýa-da başga bir köpçülikleýin ýaýraýan keselleriň gaýtalanmazlygy üçin, ýörite jemgyýetçilik toparlaryny döredip, suw geçiriş ulgamlaryny we hajathanalary gurmaklygy ýola goýdular. Ýöne El-Nino tupany bu zatlaryň baryny weýran edipdi. Şonuň üçin-de, saglygy saklaýyş gullugynyň işgärleri tokaýlaryň çapylyp aýrylmagy toprak pytramasynyň (eroziýasynyň) we suw joşgunlarynyň döremegine sebäp bolandygyna düşündiler. Olar uzak möhletli özgerişlikleri amala aşyrmak üçin, düýp sebäplere düşünmelidiler.

 woman speaking
Ekologik saglyk ädimme-ädim kämilleşýär. Sabyr-takatly boluň.

Biz käwagtlar, gynansak-da, üstünlik gazanmak üçin göreşmeli bolýarys, şowsuzlyklara uçrasakda, olara çydamaly bolýarys. Ýöne munuň peýdaly tarapynyň bardygyny hem ýatdan çykarmaly däl, sebäbi ýalňyşlar arkaly biz öz tejribämizi artdyrýarys. Ekologik saglygy gowulandyrmaklyk wagty talap edýär. Sebäbi ol özgerişlikleriň şu 4 dürli görnüşini talap edýär:

  • Özümiz üçin gurýan suw ulgamlarymyzy, jaýlarymyzy ýa-da beýleki zatlarymyzy gowulandyrmak üçin amala aşyrylýan özgerişlikler (pudaklar düzümi);
  • Satyn alýan zatlarymyz babatda özgerişlik. Muňa köne-küşül zatlary, zäherlenen azyk önümlerini we arassalaýjy serişdelerini, polietilen paketlere dolanan önümleri satyn almakdan ýüz öwürmek degişlidir (sarp edijilik);
  • Endiklerimizdäki özgerişlik. Muňa elleri dogry ýuwmak, zir-zibilleri gaýtadan işleýän merkeziniň işini ‎ý‎eňilleşdirmek üçin, hapalary bölüşdirmek, däne önümlerini täze usullar arkaly ýetişdirmek ýaly işler degişlidir (tertip);
  • Daşky gurşaw babatda dogry çözgütleri kabul etmäge ýerli ýaşaýjylaryň, toparlaryň, merkezi häkimiýetiň we beýlekileriň işjeň gatnaşmagy üçin amala aşyrylýan özgerişlikler (syýasy).


Bu özgerişlikleriň hemmesi wagty talap edip, biri-birine täsir edýärler.

Ýaşlar bien işlemek

Ýaşlar bilen işlemeklik özgerişlikleriň dowam etjekdiginiň girewidir. Sebäbi olar öwrenýän zatlaryny gelejege ýetirmegi başararlar. Biziň her birimiz öz ýaşymyza garamazdan, ýaşlary täze zatlary öwrenmäge we ulanmaga höweslendirip bileris.