Hesperian Health Guides

Bap 2: Jemgyýet saglygynyň ähmiýetine düşünip, degişli çäreleri geçirmek


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 2: Jemgyýet saglygynyň ähmiýetine düşünip, degişli çäreleri geçirmek


Bu bapda:

 A health promoter and group of villagers participate in an educational activity with signs reading "Problems, Causes, and Solutions."

Gloriýa we saglyk howandarlarynyň birnäçesi Manglaralto şäherçesinde we töweregindäki sebitlerde köp adamlaryň keselländiklerini bildiler. Olar jemgyýetiň saglyk meselesine howp salýan mergi keseliniň ekologik sebäbiniň bardygyna düşündiler. Mergi keseli agyz suwunyň hapalanmagy zerarly döräpdi. Saglyk howandarlary we oba mugallymlary bu meseläni nähili çözmelidigini her adama öwretmek üçin, ähli öýlere aýlanyp çykdylar. Olar mergi keselinden köp adamlary halas edensoňlar, oba ilaty olara ynanýardy. Indi bu topar saglyk kynçylyklaryny döredýän sebäpleriň aslyny anyklap, olar bilen göreşmegiň usullaryny düzüp başladylar.

Saglyk howandarlary ýerli ilatyň bilim derejesini artdyrmak, olary taslama gatnaşdyrmak bilen, keselleriň düýp sebäplerine garşy degişli çäreleri geçirdiler. Netijede, olar ekologik saglygyň ýagdaýyny gowulandyrmagy başardylar. Oba ilaty özleriniň edýän işleriniň oňat netijeleri berýändigini görenlerinde, özlerine bolan ynamy has-da artdy. Keselleriň döremeginiň düýp sebäplerini ýüze çykarmak üçin, köp soraglar berilmelidir, dürli usullarda köp maglumatlary toplamalydyr. Jemgyýetçilik toparynda käwagt güýçli agzalalyklar bolýar.

Bu agzalalyklary aradan aýryp, dogry çözgütleri tapmak üçin köp zatlar babatda maslahatlaşmaly bolýar. Ýöne her obadaky jemgyýetçilik toparyň özlerine gerek bolan özgertmeleri gazanmakda öz çözgütleri, öz usullary bolýandyr. Jemgyýetçilik toparlar Salud para el Pueblonyň mysalynda saglygyň ekologik meselesiniň düýp sebäplerini ýüze çykaryp, olary aradan aýyrmagyň usullaryny öwrenip bilerler.