Hesperian Health Guides

Bap 3: Tebigy baýlyklary hemmeler üçin goramak


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 3: Tebigy baýlyklary hemmeler üçin goramak


Bu bapda:

Men and women around a table outside a home pour honey into jars. Biziň we tutuş jemgyýetiň saglygy tebigy baýlyklardan peýdalanyp bilşimize baglydyr. Biziň her birimiz tebigy baýlyklardan peýdalanýarys. Şonuň üçin-de, tebigy baýlyklary goramakda-da, olary saklamakda-da, paýlamakda-da azda-kände ornumyz bardyr.

Gynansak-da, tebigy baýlyklardan hemmeler deň derejede peýdalanyp bilmeýärler. Pukara adamlar bu baýlyklardan az derejede, barly adamlar bolsa köp derejede peýdalanýarlar. ägirt korporasiýalar, häkimiýetler, ýaragly güýçler bu baýlyklaryň aglaba bölegini öz elinde saklaýarlar. Iň bärkisi, obanyň çäklerinde-de tebigy baýlyklardan pukara adamlar az, gurplurak adamlar bolsa köp peýdalanýarlar. Köp halatlarda pukara adamlar baýlardan “artan” baýlyk ugrunda biri-birleri bilen göreşmeli bolýarlar. Tebigy baýlyklaryň şeýle adalatsyz paýlanylmagy pukara adamlaryň saglygyna uly zyýan ýetirýär.

Hawa, tebigy baýlyklary goramak barada uzakly gün gürrüň etseň edip oturmaly. Emma tebigy baýlyklaryň şeýle adalatsyz paýlanylmagy dowam edýärkä, ekologik saglyk diňe ygtyýary güýçli bolan baýlaryň paýyna düşer. Gününi zordan dolaýan pukaralaryň paýyna mundan hiç zat düşmez. Hindileriň öňbaşçysy Mahatma Gandiniň aýdyşy ýaly, “Hemmeleriň mätäçligini kanagatlandyrmak üçin zat ýeterlikdir. Emma hemmeleriň açgözlügini doýurmak üçin ýeterlik zat ýokdur”.