Hesperian Health Guides

Saglyk kynçylyklarynyň ekologik sebäpler

Bu bapda:

Tebigy baýlyklar adalatly we deň hukukly dolandyrylanda, tebigy baýlyklardan peýdalanmak we olary deň derejede paýlaşmak meselesinde hemme adamlaryň ses bermäge hak-hukugy bolýandyr. Adalatly we deň hukukly dolandyrmaklygyň köp görnüşi bar. Ýöne bu görnüşleriň ählisi özgerişlikleri gazanmakda bile işlemek üçin adamlaryň bilimlerine we jemgyýetçilik guramalaryna daýanýandyr.

Ekologik saglyk jemgyýetdäki her bir adama degişlidir. Adamlar paýlaşýan tebigy baýlyklaryny goramak üçin hyzmatdaşlyk etmelidirler. Uzak möhletli we arkalaşykly işi alyp barmak üçin, adamlar köplenç jemgyýetçilik toparlaryny ýa-da guramalary döredýärler.

Mergi keseli bütin Ekwadora köpçülikleýin ýaýranda, Salyud Para el-Pueblonyň işgärleri saglygy saklaýyş merkezleri döretdiler. Olar muny adamlaryň düşünjesini oýarmak we olary herekete çagyrmak üçin etdiler. Mergi keseliniň köpçülikleýin ýaýramagyna berk gaýtawul bermek üçin, saglyk merkezleri ilata bilimi (bedeniň suwsuzlanmagynyň öňüni alýan regidron içgisini taýýarlamak) we hyzmatlaryny (täze hajathanalary we suw ulgamlary gurmak) hödürläpdi. Olar adamlaryň saglygyny dikeldip, olaryň kuwwatlanmagyna ýardam berdiler. Muny amala aşyrmak üçin, olar saglyk öýlerini goldadylar, mekdeplerde, öýlerde we köpçülik ýerlerinde saglyk okuwlaryny geçirdiler. Olar başgalary hem öz toparlaryny we guramalaryny döretmäge höweslendirdiler. Ekologik saglygyň howandarlarynyň we zir-zibilleri gaýtadan işleýän toparlarynyň döredilmegini muňa mysal hökmünde getirip bolar.

Salyud Para el-Pueblonyň işgärleri jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, pul, tehniki endikleri, dermanlar we beýleki serişdeler bilen üpjün etdiler. Olar şol baýlyklaryň oba ýaşaýjylary tarapyndan peýdalanylyşyna we dolandyrylyşyna gözegçilik etdiler. Maksatnamany ýaýbaňlandyrmak babatdaky işleri meýilleşdirmäge we kararlary kabul etmeklige ýerli ilat hem gatnaşdyryldy.

a man speaks

Hökümet adamlaryň esasy mätäçlikleriniň öwezini dolup bilmese, olar gelejekleriniň sagdyn bolmagy üçin Salyud Para el-Pueblo ýaly guramany döretmelidirler. Şeýle jemgyýetçilik toparlary döredilip başlanylanda, hökümet halkyň öňündäki borçlaryny berjaý etmek üçin hereket edip başlaýar.

Hemme adamlaryň tebigy baýlyklar babatdaky mätäçlikleri deň däldir. Mysal üçin, erkekleriň- de, aýallaryň-da, daýhanlaryň-da, tokaýçylaryň-da, mülk eýesiniň-de, senagat pudaklarynyň-da, toprak bilen iş salyşýanlaryň-da, garaz, her kimiň tebigy baýlyklar babatda öz mätäçlikleri bolýar. Mätäçlikleriň dürli-dürli bolmagy jemgyýetçilik toparynda ýa-da guramasynda käwagt agzalalyklaryň döremegine sebäp bolýar. Bu agzalalyklar bolsa öz gezeginde uly kynçylyklary döredýärler. Girdeji babatdaky gysga möhletli talaplar bilen saglyk babatda uzak möhletli zerurlyklaryň arasyndaky deňagramlylygyň bozulmagy meseläni has-da kynlaşdyrýar. Jemgyýetçilik toparlarynyň güýçli guramalaryny gurmaklyk köp wagty talap edýär. Sebäbi mätäçlikleriň dürli-dürlüdigini boýun almaklyk we agzalalyklary aýyrmak käwagt aňsat bolmaýar.

Saglyk babatda uzak möhletli maksady döredip, şonuň ugrunda hyzmatdaşlyk etmek üçin her kime onuň öz ýoluny tapyp bermelidir. Bu kyn dawalary çözmäge we umumy baýlyklary gorajak güýçli jemgyýetçilik guramalary döretmäge kömek eder.