Hesperian Health Guides

Saglyk kynçylyklarynyň ekologik sebäpler

Bu bapda:

A starving child begs. Saglyk kynçylyklarynyň ekologik sebäplerine şular degişlidir:

  • Biziň sagdyn ýaşaýşymyz üçin zerur bolan wajyp zatlaryň – arassa howanyň we suwuň, sagdyn topragyň we tokaýlaryň, howpsuz we amatly jaýlaryň, şeýle hem howpsuz iş şertleriniň ýetmezçiligi;
  • Bize gerek bolmadyk zyýanly zatlaryň – hapanyň, zäherli himikatlaryň, taşlandylaryň we emeli (kuwwatlylygy güýçli, ýöne ýokumlylygy az bolan) iýmitleriň juda köplügi.


Ekwadordaky bolup geçen wakada saglyk kynçylyklarynyň döremegine arassa suwuň, hajathanalaryň we baglaryň ýetmezçiligi sebäp bolupdy. Hindistanyň Bhopal şäherinde bolup geçen wakada saglyk kynçylyklarynyň döremegine zäherli himikatlaryň artykmaçlygy sebäp bolupdy.

Şu ýokarda agzalan wakalaryň her birinde ekologik saglygy gowulandyrmak üçin degişli çäreleri görmelidi. Bu çärelere esasan-da ýaşaýyş üçin möhüm bolan tebigy baýlyklaryň ýetmezçiliginiň we çendenaşa hapaçylygyň öňüni almaklyk degişlidir. Biz öz ýaşaýan çäklerimizi we tebigy baýlyklarymyzy goramak bilen, öz çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň gelejegini goraýandyrys.

Townspeople clean up trash from a waterway.

Adamlar köp, baýlyklar bolsa juda az. Eýsem bu dogrudan-da şeýlemikä??

Ýer ýüzünde süýji suwuň, agaçlaryň, gazylyp alynýan peýdaly we beýleki tebigy baýlyklaryň mukdary çäklidir. Şol baýlyklardan peýdalanýan adamlaryň sany bolsa gitdigisaýy artýar. Ýöne esasy kynçylygy döredýän ýagdaý adamlaryň sany däl-de, tebigy baýlyklaryň deň derjede paýlanylman, nädogry ulanylýanlygyndadyr. Käwagt haýsydyr bir adam ýa-da topar tebigy baýlyklardan öz paýyna düşýäni bilen kanagatlanman, olaryň juda köp bölegini öz eline alýar ýa-da daş-töwerekdäki gurşawy juda köp hapalaýar. Bu ýagdaý daşky gurşawyň saglygyna we adamlaryň saglygyna uly zyýan ýetirýär.

Baý adam garyplygyň we ekologik weýrançylygyň sebäplerini şeýle düşündirýär: “Adamlar juda köp, ýer we tebigy baýlyklar bolsa juda az.”
A fat man with a money sign on his tie points his finger.
Crowded stick figures covering a cartoon earth begin to fall off the edges.
A man in a suit smoking a cigar rips a giant cartoon banknote away from a starving family.
Pukara adamlar garyplygyň we ekologik weýrançylygyň sebäplerini şeýle düşündirýär: “Ýer we tebigy baýlyklar adalatsyz bölünen, mümkinçilikler az sanly adamlaryň elinde.”


Käbir adamlar daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak üçin adamlaryň sanyny azaltmaly diýip hasaplaýarlar. Bu pikir “ýurduň ilat sanyna gözegçilik etmek” diýen meýilnama eltýär. Ýöne şeýle meýilnamalaryň biri-de adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrmady. Sebäbi olar ekologik weýrançylygyň, garyplygyň, pukaralaryň saglyk kynçylyklarynyň düýp sebäbine asla üns bermeýärler. Maşgalanyň tebigy baýlyklardan ýeterlik derejede peýdalanmaga mümkinçiligi bolanda, ol sagdyn we bolelin durmuşda ýaşasy gelýär. Şeýle maşgala adatça köp çaga edinmeýär. Jemgyýetçilik toparlar, hökümet we ösüş maksatnamalary çagalaryň janlaryny halas etmegi, aýallaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny kämilleşdirmegi meýilleşdirseler, “ýer ýüzüniň ilat” meselesi çözüler.

Tebigy baýlyklaryň adalatsyz paýlanylmagynyň meselesini ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň sanyny azaltmak arkaly çözüp bolmaýar. Barly adamlar tebigy baýlyklardan çeni bilen peýdalansalar, olary geljek üçin gorasalar, zir-zibiller çendenaşa artdyrylmasa, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany ep-esli azaldyp bolar. Tebigy baýlyklardan peýdalanýanlar olara bolan garaýşyny üýtgetseler, şol baýlyklaryň her bir adamyň saglygy üçin ýeterlik boljakdygyna ynanýarys.

Hususy bähbitli gözegçilik saglygymyz üçin zyýanlydyr

Ekwadoryň kenarýakasynda ýüze çykan saglyk kynçylygy şol sebitde işlän uly kompaniýa zerarly döredi. Bu kompaniýa tokaý agaçlaryny öz hususy bähbitleri üçin satmak maksady bilen, ýerli ilata pul tölediler. Adamlar bir günde gazanylan pula gyzygyp, tokaýlygyň hemme agaçlaryny çapyp gutardylar. Bu agaçlar bolsa kenarýaka topragy süýşmekden we gaý-tupanlardan goraýardylar. Mundan başga-da, adamlar güzeranlaryny dolamaga kömek edýän tebigy baýlyklary – azyk, odun, dermanlyk ösümliklerini, süýümli ösümlikleri ýitirdiler. Uly tokaý kimin ägirt tebigy baýlygy ýitirip-de, onuň öwezi dodurylmasa, tebigata, eklenmek üçin bu tokaýa bil baglan adamlara, geljek nesillere talaň salmak bilen des-deňdir.

Uly kompaniýalar tebigy baýlyklary: tokaýlary, nebit we suw baýlyklaryny, tohumlary ýa-da adamlaryň zähmetini dolandyranlarynda, bularyň baryny öz hususy bähbitleri üçin ulanýarlar. Olar adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin ujypsyz serişdeleri sarp edip, bu tebigy baýlyklaryň ýerli ilaty ekleýändikleri barada pikir-de etmeýärler. Uly kompaniýalar iş ýerlerini we oňat aýlyklary teklip etseler-de, bularyň bary wagtlaýyndyr. Olar tebigy baýlyklary ýurduň daşyna çykaryp, hususy bähbitlerini araýarlar. Şol ýerdäki tebigy baýlyklar gutarandan soň, kompaniýalar şol ýerden gidýärler. Ýerli ilat bolsa öňküden-de beter garyp düşýär.

Children hang a banner between two trees.
Biz iň soňky agajy çapanymyzdan soň, iň soňky derýany hapalanymyzdan soň, iň soňky balygy tutanymyzdan soň, puly iýip bolmaýandygyna düşüneris.