Hesperian Health Guides

Tokaýlar we saglyk

Bu bapda:

Tokaýlaryň ählisi adam saglygy üçin ýaramlydyr. Tokaýlardan daşda, olaryň zaýalanan ýa-da çynlakaý zeperlenen ýerlerinde ýaşaýan adamlar hem tokaýyň baýlyklaryna garaşlydyrlar. Tokaýlar zaýalananda ýa-da ýok edilende, olar adam saglygyny goramak babatdaky wezipelerini berjaý edip bilmeýärler. Netijede ýerli ilatyň saglygyna howp abanýar.

Illustration of the following: Sun and rain come down on a tree with roots showing.
Ýagyşdan gorag
Ir-iýmişler we beýleki azyk önümleri
Beýleki ösümlikler we haýwanlar üçin öý
Kölege
Gaçybatalga we odunlyk agaç
Dermanlar
Ýapraklar topragy baýlaşdyrýarlar
Kökler topragy ýerinde we suwy toprakda saklaýarlar
Baglar we tokaýlar adam saglygyna we ilatyň abadançylygyna dürli usullar arkaly kömek edýärler.
Rainclouds above a dense forest.

Tokaý we suw

Käbir adamlar baglaryň ýagşy özlerine çekip, suwy ýeriň golaýynda saklaýar diýip pikir edýärler. Käbirleri bolsa baglaryň suw bermän, ony harç edýändiklerine we oba hojalyk ösümlikleri bilen bäsleşýär diýip pikir edýärler. Baglaryň görnüşlerine, ösýän ýerlerine we beýleki şertlere baglylykda, pikirleriň ikisi hem dogry bolup biler.

Tokaýyň baý topragy we baglaryň çuň kökleri suwy süzüp, süzgüç hökmünde hyzmat edýär. Pestisidler, agyr metallar we beýleki zäherli himikatlar ýeriň ýüzündäki we ýerasty suwlary hapalanlarynda, tokaýlar olary süzmäge kömek edýärler. Süzülen suw guýularymyza, çeşmelere we köllere akýar. Şeýle-de ol suw toplaýjy desgalary, olaryň töwereginde ýaşaýan adamlaryň saglygyny goraýar. Suw gözbaşlaryny goraýan tokaýlar bolmasa, içmek we suwa düşünmek üçin howpsuz suw azalar. Agzalan sebäplere göra, baglary çapyp aýyrman, gaýtam olaryň ösmegine ýardam beriň.

Ýöne baglaryň käbir görnüşleri suwy köp sarp edýärler. Bu görnüşlere esasanam örän çalt ösýän we şol çäklerde ýerli bolmadyk baglar degişlidir. Suw baýlygyny tygşytlamak isleýän daýhanlar we beýleki adamlar baglaryň haýsy görnüşleriniň suwa nähili täsir edýändiklerine üns berip, nähili baglary ekmelidigini oýlanyşykly çözmelidir.

Hot sun over a desolate landscape of tree stumps.

Tokaýlar we howa

Tokaýlar howa we klimata uly täsirini ýetirýärler. Sowuk howany ýylyrak we guragrak, ýyly howany salkynrak we çyglyrak etmek bilen, tokaýlar howanyň ýumşamagyna ýardam berýärler. Baglar adamlaryň öýlerini we oba hojalyk ösümlikleri güýçli ýellerden we yssy günden goraýarlar, güýçli ýagyşda gaçybatylga bolup hyzmat edýärler. Mundan başgada, tokaýlar zäherli hapalary özüne siňdirip, ýer ýüzüniň ýylylyk derejesiniň artmagyna garşy göreşýärler. Bu bolsa tutuş Ýer togalagynyň klimatynyň has ýumşak bolmagyna ýardam berýär. Tokaýlaryň köp bölegi çapylyp aýrylanda ýa-da başga sebäplere görä ýitirilende, tupan, guraklyk we gaty yssy döwürler ýaly tebigy heläkçilikleriň howpy artýar.

Tokaýlar topragyň pytramasynyň öňüni alyp, suw almalary azaldýarlar

A vine covered tree shelters a snake, birds, wasp's nest, other insects, and a jaguar.

Baglar topraga ýapraklaryny döküp, aşagyndaky ösümliklere saýa bolýarlar. Olar kökleri bilen topragy ýerinde saklap, onuň pytramasyna (eroziýasyna) ýol bermeýärler, suw almalary azaldýarlar. Olar ýagyş suwuny haýalladyp, olaryň topraga endigan siňmegine kömek edýärler.

Tokaýlar çapylyp aýrylanda, toprak köwlüp, derýalara we çeşmelere syrylyp äkidilýär. Çabgalar başlanda, toprak ýagyş suwuny özüne siňdirip saklap bilmeýär. Munuň deregine suw ýeriň ýüzünden has çalt akyp, suw almalary döredýär. Ösüp oturan baglary we ýapraklaryny goramaklyk suw toplaýjy çäklerdäki suw akarlarynyň tebigy akymyny goramagyň ähmiýetli usulydyr.

Tokaýyň köp dürlüligi we saglyk

the web of life]] Tokaýda ýaşaýyş toruny aňsat synlap bolýar, sebäbi sagdyn tokaýda ösümlilikleriň we haýwanlaryň köp görnüşleri bardyr. Ýaşaýşyň şeýle köp dürlüligi adam saglygyny her hili usullar bilen goraýar. Balarylary we beýleki mör-möjekler oba hojalyk ösümlikleriniň güllemekleri we miwe getirmekleri üçin olary tozanlandyrýar. Arylar we garynjalar oba hojalyk ösümliklerine hüjüm edýän mör-möjekleri iýýärler. Ýarganatlar we guşlar gyzzyrmany, sary gyzdyrmany we başga keselleri ýaýradýan çybynlary iýýärler. Beýleki tokaý haýwanlary alakalary, büreleri, siňekleri we sakyrtgalary awlap, olaryň köpelmeginiň öňüni alýarlar, olara keselleri ýaýratmaga ýol bermeýärler.

Adamlar üçin niýetlenen haýsydyr bir binanyň gurluşygy tokaýlarda ýa-da zaýalanan tokaýlaryň golaýynda başlansa, haýwanlaryň sany we köp dürlüligi azalýar, sebäbi olaryň ýaşaýyş we iýmit çeşmeleriniň köp dürlüligi we baýlygy kemelýär. Şeýle hem galan haýwanlar adamlar bilen golaý gatnaşykda ýaşamaga mejbur bolýarlar. Bu bolsa haýwan keselleriniň adamlara geçmek howpuny döredýär. Tokaýlary goramak arkaly haýwanlaryň we ösümlikleriň köp dürlüligini saklamak bilen birlikde, adam saglygyny hem goraýandyrys.

Tokaýlar, iýmit, ýangyç we dermanlar

A woman holding a baby speaks.
Tokaýlarymyzda iýmit we odun bolmasa, biz nahar taýýarlap bilerismi?!

Tokaýlarda adamlara iýmit we derman bolup hyzmat edýän ir-iýmişleriň, hozlaryň, tohumlaryň, kökleriň, mör-möjekleriň we haýwanlaryň köp görnüşleri bardyr. Tokaý zaýalananda açlyk, horluk we keselçilik başlanýar. Tokaý baýlyklaryna garaşly bolan adamlar ýaşaýşyň başga ýollaryny gözlemeli bolýarlar. Tokaý iýmitleri we dermanlary ýitende, olaryň taýýarlanylyşy we ulanylyşy baradaky bilimler hem ýitip gidýär. Şeýlelikde, tokaýlaryň ýitip gitmegi wajyp bilimleriň we däp-dessurlaryň ýitip gitmegine hem sebäp bolýar.

Tebigy baýlyklaryň az bolan ýerlerinde, adamlar nämäni saýlajagyny bilmän, iki ýoluň ortasynda galan kimin bolýarlar: tokaýlaryň ösmegine päsgel bermän, olary goramalymy ýa-da iýmit üçin oba hojalyk ekinlerini ekmek maksady bilen tokaýlary çapyp aýyrmalymy? Ýöne ekin ekmek maksady bilen tokaýlary çapyp aýyrýan ekerançylar üçin-de käbir baglary goramak wajypdyr. Oba hojalygynyň tokaýlar bilen bäsleşýän ýerlerinde, olaryň arasyndaky deňagramlylygy saklamak örän ähmiýetlidir.

A young girl stoops as she carries  a large bundle of wood.
Uzak aralyklara agyr ýükleri daşamak kellagyrynyň, ýagyrnydaky agyrynyň, aýratyn-da çagalarda oňurga şikesleriniň döremegine sebäp bolýar.

Aýallaryň gerdenine düşýän ýük

Oduny ýygnamak we getirmek ýaly agyr işler köplenç aýallaryň we çagalaryň paýyna düşýär. Bu agyr iş bilen uzak wagtyň dowamynda meşgullanmak saglyga zyýan ýetirýär. Tokaýlar ýok edilende, odun ýygnamak üçin adamlar has daş aralyklary geçmeli bolýarlar. Bu bolsa beýleki zerur işleri ýerine ýetirmäge we okuwa gitmäge wagt galdyrmaýar.

Odun ýygnamaga gidenlerinde, aýallar we çagalar fiziki zuluma we jynsy zorlanma duçar bolup bilerler. Şol sebäpli käbir ýerlerde aýallar we gyzjagazlar oduny gündizine ýygnaýarlar. Odun üçin baglary öýleriň ýanynda ekseler, oduny ýygnaýan adamlaryň janyna howp abanmaz we olar sagdyn bolarlar