Hesperian Health Guides
Tokaýlary dikeltmek
Sagdyn tokaýyň täzeden ösmegi üçin uzak wagt gerek bolýar. Ýöne onuň başlangyjynyň oňat bolmagy üçin, käbir işleri etmek gerek. Topragyň pytramasyna (eroziýasyna) gözegçilik etmek, topragy taýýarlamak we ýaşaýan ýeriňize gabat gelýän baglary we ýerli baglary ekmek tokaýyň oňat ösmegine kömek edip biler. Tokaýlarda baglaryň köpelmeginiň tebigy düzgünine eýermek has sagdyn tokaýy döretmäge kömek etjek usullarynyň biridir (11-nji baba seret).
Baglary ekmek hemişe peýdalymy?
Tokaýy dolandyrmak üçin ýerli taslama girişmezden öň, onuň siziň zerurlyklaryňyza we ýerli daşky gurşawa peýda getirjekdigine göz ýetiriň. Çäkli suw we ýer üçin baglaryň we ekinleriň arasynda bäsleşik ýüze çykyp biler. Käte rehimsiz daşky gurşawda ýaş baglar barada alada köp işi talap edýär. Baglar ekilmesiz ýerde ýa-da olar barada alada edilmejek ýerde ekilse, taslama puja çykyp, baglar gurar.
Siziň ýaşaýan çäkleriňizdäki adamlar tokaý materilallary ýa-da miweleri ýaly tokaý önümlerinden eklenýän bolsalar, bag ekmek tokaý resurslaryny tiz dikeltmegiň iň oňat usuly bolup biler. Olar awçylykda ýa-da topragy, howany, suwy, goramakda esasan hem tokaýa bil baglaýan bolsa, onda, mümkin, tokaý özbaşdak ösýänçä, onuň böleklerini peýdalanmakdan gorap saklasa, uly girdeji alyp biler.
Örülerde, batgalyklarda we çöllerde öz-özünden ösýän baglar azdyr. Emma baglaryň az bolan ýerlerinde: şäherlerde we şäherçelerde, ýollaryň gyralarynda, fabrikleriň töwereginde we seýilgählerde bag ekmek ilatyň abadanlygyny we saglygyny has gowulaşdyryp biler.
Ýere kim eýeçilik edýär? Bu barada nähili kanunlar bar?
Tokaýy täzeden dikeldip, soňra ondan peýdalanjak bolsaňyz, tokaý ýetişenden soň, tokaýdan peýdalanyp biljekdigiňize göz ýetiriň. Ýeriň kanun boýunça kime degişlidigini bilmek we baglary ekmezden öň rugsatnamany almaklyk sizi dürli meseleleriň ýüze çykmagyndan azat eder. Birwagt garyp we hasylsyz ýerler sagdyn tokaý bilen örtülse, ol ýene-de gymmatly bolar. Şeýle hem käbir ýerlerde belli-belli baglary adamlaryň özleri eken bolsalar hem, çapmagy gadagan edýän kanunlar bar. Siziň ýaşaýan ýeriňizde şeýle kanunlar bar bolsa, olar barada biliň.
Dürli baglar dürli zerurlyklar üçin ulanylýar
Ekiljek baglaryň görnüşleri ilatyň talaplaryna görä kesgitlenmelidir.