Hesperian Health Guides
Tokaýlaryň ýok edilmegi
Gönüden-göni tokaýyň hasabyna ýaşamaýan adamlar hem tokaýyň baýlyklaryndan peýdalanýandyrlar. Muňa mysal hökmünde şulary agzap bolar: kitap we gazetler, gurluşyk materiallary, sygyr eti, tokaý çapylyp, onuň ýerinde ekilen ekinleriň önümleri, tokaý minerallary we ş.m. zatlar. Ýöne adamlar tokaýyň şeýle ulanylmagyny üýtgetmek zerurlygy barada seýrek pikirlenýärler.
Tokaýlar nädip zaýalanylýar we ýok edilýär
Biz tokaý serişdelerinden olaryň ösmegini we köpelmegini mümkin edýän usullar arkaly peýdalanmasak, ähli tokaýlarymyz ýitip gider. Tokaýlara uly zyýan ýetirilmeleriň sebäpleri şulardan ybarat:
- Agaç taýýarlamak üçin tutuşlaýyn çapylyp aýrylma (pilomateriallar üçin ýerlerdäki baglaryň köpüsiniň çapylyp aýrylmagy); ol topragy gysýar we köwýär, ýabany tebigaty ýok edýär, suw ýollaryny gyrmançadan doldurýar.
- Oba hojalygyny iri täjirçilik ýaly ýöretmek. Maldarçylyk we bagçylyk ýerleriň tokaýlardan arassalanmagyny talap edýär.
- Krewetka fermalary mangr batgalyklaryň we beýleki kenarýaka tokaýlaryň arassalanmagy we çapylyp aýrylmagy arkaly gurulýarlar. Bu bolsa köplenç kiçiräk balykçylar toparlaryny işsiz goýýar, suwy hapalaýar we keselleriň, garyplygyň we açlygyň artmagyna eltýär.
- Kagyz zawodlary topragy, suwy, howany hapalaýan zäherli galyndylary taşlaýarlar.
- Dag-magdan senagaty, nebit we gaz kompaniýalary köplenç tokaýlary çapyp aýyrýarlar we suwy, topragy, howany zaýalaýan zäherli galyndylary taşlaýarlar.
- Iri bentler tokaýlaryň uly meýdanyny suwa gark edýärler. Adamlar bendiň golaýyndaky ýerlerden göçüp gitmeli bolýarlar, soňra täze jaýlary we meýdanlary gurunmak üçin, köp bag çapmaly bolýarlar.
Tokaýlar satyn almagyň we satmagyň önümine öwrülenlerinde, kompaniýalar we hökümet munuň adamlaryň iýmitlenmegine we saglyklaryna ýetirýän täsiri barada seýrek pikir edýärler. |