Hesperian Health Guides

Şäheriň azyk howpsuzlygy

Bu bapda:

Dünýädäki adamlaryň köpüsi şäherlerde ýa-da olaryň töwereklerinde ýaşaýarlar. Köp adamlar bosgunlaryň düşelgelerinde ýaşaýarlar. Şeýle düşelgeleriň ýaşaýyş we arassaçylyk şertleri örän ýaramaz bolýar. Ol ýerde iş ýetmezçiligi, suw we sagdyn iýmit ýetmezçiligi uludyr. Emma şäherdäki adamlaryň azyk howpsuzlygy has oňat bolýar. Sebäbi olaryň işi, puly bolup, saglyk üçin oňaýly, howpsuz durmuş şertlerinde ýaşaýarlar. Şeýle şertlerde olar has gowy azyk önümlerini satyn alyp we iýip, iýmiti taýýarlap we saklap bilerler. Olar hatda, şäher baglarynda öz önümlerini ösdürip ýetişdirip hem bilerler.

Halk dükany
People tend a garden patch between buildings.

Birleşen Ştatlaryň köp ýerlerinde bolşy ýaly, West Oklendde (Kaliforniýa ştaty) alkogol içgileri we sagdyn däl iýmiti satýan dukanlaryň sany sagdyn we ter önümleri hödürleýän dükanlardan artykdyr. Sagdyn azyk önümlerini satýan dukanlaryň jemgyýetdäki adamlaryň köpüsi üçin ýokary nyrhlary belländikleri sebäpli, West Oklendde köpler nädogry iýmitlenmekden we aşa semizlikden ejir çekýärler. Arakhorlugyň, neşekeşligiň, zorlugyň höküm sürýän jemgyýetinde ýaşamak howply bolýar. West Oklendde 4 adamyň biri adatdan daşary azyk maksatnamalaryna garaşlydyr.


Bu ýagdaýy görüp, birnäçe adam ilata elýeter bahadan sagdyn azyk önümlerini hödürlemek üçin ýygnandylar. Olar pul ýygnap, ýük ulagyny satyn aldylar. Ýük ulaglaryny açyk reňklere boýap, oňa meşhur sazlary ýaňlandyrýan stereo ulgamyny oturtdylar. Olar her hepdede şäheriň beýleki künjeklerindäki daýhan bazarlaryna baryp, miwe we bakja önümlerini getirip başladylar. Adamlaryň üýşýän köçeleriniň çüňklerinde ulaglaryny goýup, olaryň ünsüni çekmek üçin saz goýberýärler we ter önümleri arzan bahalardan satýarlar. Bu dükanyň satyjylary gök önümlerini we ir-iýmişlerini satanlarynda, adamlara sagdyn iýmitlenmäniň esaslarynyň, saglyk ýörelgesiniň ähmiýeti barada gürrüň berdiler.


Bu işiň düýbüni tutan adamlar öz göçme bazarlaryny Halk dükany diýip atlandyrdylar. Olar jemgyýetiň beýleki agzalaryny hem hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdylar. Käbir adamlar miwe we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin, jemgyýetçilik baglaryny döretmek kararyna geldiler. Olaryň ýetişdiren gök önümlerini we ir-iýmişlerini ýük ulagyndaky azyk dükanynda satyp boljakdy. Ýaşlar we garrylar bilelikde işläp, azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek barada bilim aldylar. Beýleki adamlar öz hususy baglaryny ekdiler. Şol baglaryň önümleriniň köp bölegi ýük ulagyndaky Halk azyk dükanynda satyldy.


Halk dükany oňat üstünlikler gazanansoň, ol şäher häkimliginden ýer, pul serişdelerini we mahabatlandyrmaga ygtyýar bermegini soraýar. Olary hökümetiň goldawy we taslamalarynyň kömegi arkaly has köp adamy azyk bilen üpjün edip biljekdigine ynandylar.


Halk azyk dükany West Oklendde hemmeler üçin azyk howpsuzlygyny gowulandyryp, ýerli azyk ulgamyny we ykdysadyýeti gurmagy dowam edýär. Halk azyk dükanynyň pikiriçe diňe garyp ýa-da şäherde ýaşaýandygy sebäpli hiç bir adam aç bolmaly däldir. Olar: “Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, bize azyk adalaty gerekdir” – diýýärler.

Hökümet şäherlerde azyk howpsuzlygy üpjün etmelidir

Ýük ulagyndaky göçme dükan baradaky hekaýa şäherdäki garyp jemgyýet gatlaklaryň öz azyk howpsuzlyklaryny üpjün etmekdäki işlerini beýan edýär. Olaryň işläp düzen maksatnamasy adamlaryň köpüsine kömek etse-de, azyk howpsuzlygynyň meselelerini doly çözmeýär.

A woman speaks.

  • Näme üçin West Oklenddäki adamlaryň sagdyn iýmiti ýokdy?
  • Halk azyk dükany ýerli ilaty sagdyn iýmiti iýmäge nädip höweslendirdi?
  • Taslama kömek etmek üçin, Halk azyk dükany beýleki toparlaryň ýada edaralaryň haýsylary bilen hyzmatdaşlyk edip bilerdi?
  • Siz jemgyýetiň azyk howpsuzlygyny gowulandyrmak üçin nähili kömek edip bilersiňiz?

Şäherlerdäki durnukly azyk syýasaty

Uzak möhletleýin azyk howpsuzlygy üpjün etmek üçin, şäher ýaşaýşyny we ösüşini ara alyp maslahatlaşmak zerurdyr. Ulaglaryň, okuwlaryň, işe ýerleşmegiň, täze jaýlaryň we göçüp barýanlar üçin ýerleriň meýilnamalaşdyrylmagyna jogapkär adamlar şäher ýaşaýjylarynyň azyk bilen üpjün edilmekleri barada hem pikirlenmelidirler. Jemgyýetçilik baglary üçin ýerleri bermek, bazara daşamagy ulaglaşdyrmak, mekdeplerde sagdyn iýmiti mahabatlandyrmak, azyk howpsuzlygyny öwretmek we ş.m. teklipleriň ählisi adamlara kömek berer. Mundan başga-da, olar gelejekde iň oňat azyk howpsuzlygy üpjün etmek üçin ýerli hökümetler tarapyndan peýdalanylyp bilner.

People speak outside a store with signs reading "L.Shark's Sky High Store. Credit terms:10% interest per month. Coca cola, condensed milk, cigarettes, junk food, vitamin tonics. Sorry, no beans, rice, or maize."
Elýeter bahadan sagdyn azyk satýan dükanlar ilatyň sagdyn bolmagyna ýardam berýärler.