Hesperian Health Guides
Suw akarlaryny we batgalyk ýerlerini dikeltmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 11: Ýeri dikeltmek we baglary ekmek > Suw akarlaryny we batgalyk ýerlerini dikeltmek
Şäherdäki we şäherçelerdäki çeşmeleriň we derýalaryň töwereginde gurluşyk işlerini alyp barmak aňsat bolar ýaly we suw almalara ýol bermez ýaly, olary göni akmaga mejbur edýärler. Ýöne çeşme ýa derýa näçe göni bolsa, ondaky suw şonça-da tiz akýar. Suwuň akymy tizleşende, ol toprak pytramasyny güýçlendirýär, akymdan aşakda bolsa suw almalaryň töwekgelligini artdyrýar. Suw almalar akymyň ugry bilen uly daşlary we pürsleri alyp gidýärler. Şonuň üçin gury möwsümde hem derýanyň hanasyndaky daşlaryň we pürsleriň ululygyna seredip, siz suwuň joşup-joşmajakdygyny anyklap bilersiňiz. Haýal akýan çuň bolmadyk derýanyň hanasynda uly daşlar bar bolsa, ol ýagyşlar möwsüminde aşaklygyna uly daşlary alyp gelýän howply suw almanyň alamatydyr.
Bu derýa suwuň topraga syzmagyna mümkinçilik berip, haýal akýar. |
Ösümlik dünýäsini dikeltmek
Suw akarlarynyň gyrasynda ösýän ösümlikler suwy haýallatmaga, ýaýratmaga, ugrukdyrmaga we ýeriň süýşmezligine ýardam berýärler.
Çeşmeleriň we derýalaryň boýunda toprak pytramasynyň öňüni almagy usullarynyň biri – olaryň gyralaryna bag ekmekden ybarat. Suw toplaýjy çäkleriň her tarapyndan 20-den 50 metr çenli giň ýerde baglary ekmeklik toprak pytramasyny kemeldýär.
Batgalyk ýerleriň dikeldilmegi we goralmagy – suw toplaýjy çäkleri goramagyň möhüm bölegi. |
Köklerini suwda saklamagy halaýan ösümlikler gözlüje çybyklardan erkin ösüp çykýarlar. Şeýle çybyklardan iki ýa-da ondan köpräk hataryny ekip, olaryň arasyna gyrymsy baglary we şahalary üýşüriň. Bu topragy süýşmekden gorap, beýleki ösümlikleriň we haýwanlaryň dolanyp gelmekleri üçin zerur bolan şertleri döredip başlaýar.
Derýalaryň we çeşmeleriň kenarlary durnukly bolanda, baglar, gyrymsy baglar we otlar özbaşdak ösüp başlamagy başarýarlar. Şeýle bolmadyk ýagdaýynda, mümkin, siziň olary ekesiňiz geler. Nahallary haýwanlardan goramak üçin, olaryň daşynda haýat aýlaň. Baglar doly boý alýança, adamlara şol ýerde odun ýygnamaga rugsat bermäň.