Hesperian Health Guides

Bag ekmeklik

Bu bapda:

Baglaryň oňaýly şertlerde ekilmegi zaýalanan ýerleri dikeltmäge kömek edýär we odun, agaç, adamlar we haýwanlar üçin iýmit, derman berýär. Baglaryň ekilmegi garyp we hasylsyz topragy täzeden mes we hasylly topraga öwrüp bilýär. Ýaramaz şertlerde ekilen baglaryň oňat ösmegi üçin aladalanmaly bolýar. Bag ekmekligiň örän köp artykmaçlyklary bar, ýöne ol hemme jemgyýetçilik toparlara we ýerlere laýyk gelmeýär.

A tall tree next to 2 seedlings.

Bag ösdürip ýetişdirmegiň birnäçe usuly bar:

Siziň saýlajak usulyňyz ekmek isleýän bagyňyza, sapjak çybygyňyza we tohumlaryň elýeterligine baglydyr.

Tohumlary we bagyň şahalaryny saýlamak

Köp halklarda “Çaga ene-atasyna meňzär” diýen nakyl bar. Ata-enesi uzyn boýly bolan çaganyň boýunyň olaryňka meňzeýşi ýaly, bagyň gözlüje çybygy hem gögerensoň öz “ata-enesine” meňzär. Mysal üçin, bag tokaý materiallary üçin ýaramly göni sütünli ýa-da peýdaly derman ösümliklerini berýän bolsa, ondan alnan şaha hem edil şolar ýaly häsiýetlere eýe bolar. Siziň isleýän häsiýetleriňize eýe bolan baglary ösdürip ýetişdirmek üçin, tohumlary we şahalary sagdyn baglardan ýygnamalydyr. Gerekli tohumlary we gözlüje çybyklary ýaşaýan ýerleriňizde ýygnap bilmeseňiz, olary oba hojalygynyň hünärmen maslahatçylaryndan, nahalhanadan ýa-da golaýdaky şäheriň bagyndan alyp bilersiňiz.

Tohumlary ekişe taýýarlamak

Käbir tohumlar, mysal üçin, ýumşak gabykly port ýa-da dykyz tohumlar ýygnalandan soň tiz wagtda ekilmeli. Käbirlerini bolsa ekmezden öň birnäçe aýyň dowamynda saklamaly bolýar.

EHB Ch11 Page 207-1.png

Tohumlaryň köpüsine baldak çykarmak üçin suw gerek bolýar. Tohum galyň we gaty gabyk bilen örtülen bolsa, ýumşadyp, kesişdirmeli bolar. Käbir tohumlar ekilmezden öň, has köp işlenip taýýarlanylmagy talap edýärler.

  • Tohumyň gabygy aşa gaty bolmasa (siz ony eliňiz bilen ezip ýa-da dyrnagyňyz bilen döwüp bilseňiz) we aşa galyň bolmasa (kitabyň ýumşak daşyndan galyň bolmasa), ony gönüden-göni çyg topraga ekiň.
EHB Ch11 Page 207-2.png
  • Eger tohumyň gabygy gaty, ýöne ýuka bolsa, tohumlary bir bölejik mata dolaň. Olary bir minutlap gyzgyn, ýöne gaýnamaýan suwda saklaň. Olary derrew gyzgyn suwdan çykaryň-da, sowuk suwa salyň. Tohumlary ertire çenli şu suwda saklap, ertesi gün ekiň.
  • Gaty, ýöne ýuka gabykly tohumlary işläp taýýarlamagyň başga-da bir usuly bar: tohumlary sowuk suwa uzak gün basyp goýmaly, soňra olary 24 sagadyň dowamynda çygly mata haltajyklarynyň aşagynda saklamaly. Muny 6 gün dowam ediň. Ýedilenji gün tohumlary ekiň.
EHB Ch11 Page 207-3.png
  • Gabyk aşa gaty we galyň bolsa, tohumyň tä ýumşak içki bölegini görýänçäňiz, oňa büdür-südür daş ýa-da naždak sürtüň. Tohumy zaýalamaz ýaly, gaty çuň sürtmezlige çalşyň.EHB Ch11 Page 207-4.png
  • Tohumyň gabygy ýumşak, ýöne galyň bolsa, gabygyň ýukajyk gatyny kesip aýryň.
  • Gaty gabykly tohumlaryň käbirini sygryň dersi garylan suwa basyp goýup, soňra bir günläp günüň aşagynda guratmak usuly örän gowudyr. Bu işi 3-4 günüň dowamynda gaýtalamaly. Gowy tohumlar baldaklap, ekişe taýýar bolar.


Baldak çykarmadyk tohumlary zyňmak bolar. Käbir tohumlar pes otda gyzdyrmak, sowatmak ýa-da haýwanlar tarapyndan iýlip ýaýradylmak ýaly çyrşyrymly işlenip týýarlanylmagy talap edýärler. Haýsy usulyň gowudygyny bilmek üçin, synag geçiriň. Birnäçe gezek synanyşyp göreniňizden soň, siz bagyň tohumlaryny ekmek boýunça ökde maslahatçy bolarsyňyz.

Baglaryň gözlüje çybyklaryny ekişe taýýarlamak

EHB Ch11 Page 208-1.png
Gözlüje çybygy gyýyklygyna ekiň
3-4 ösüntgi ýeriň aşagynda
Kökler ýeriň aşagyndaky ösüntgilerden çykýarlar

Käbir baglar gözlüje çybygyň ýere ekilip, kökleri we ýapraklary çykýança, suwarylsa, has gowy ösýärler. Gözlüje çybykdan gögeren baglar tohumdan gögeren baglara garanda, miweleri we tohumlary has çalt berýärler.

Käbir gözlüje çybyklary bag ekjek ýeriňizdäki topraga ekmek bolar. Galanlary ýeterlik möçberde ýaprak we kök çykaryp, özbaşdak ösýänçäler, nahalhanalarda ekmeli.

Gözlüje çybygy bag şahasynyň ortaragyndan, egrelmeýän we aşa gaty bolmadyk ýerinden kesip alyň. Takmynan 6-10 sany ösüntgisi (ýapragyň ösüp çykýan ýa-da ösen ýerindäki dykyzlanma) bolan bölegini saýlaň. Ösüntgileri zaýalamaz ýaly, ýapraklary seresaply aýryň. Kökleriň dogry emele gelmegi üçin, şahany keseligine däl-de, biraz gytagrak kesiň.

Gözlüje çybyklaryň ekilen ýerine garamazdan (nahalhanada ýa-da ýönekeý ýerde), gözlüje çybyklar özbaşdak suw tapar ýaly ýeterlik kök çykarýança, olaryň oňat suwarylmagyna we zyýanly mör-möjeklerden goralmagyna gözegçilik etmelidir.

Ýabany nahallary göçürip oturtmak

A woman kneels to dig up a seedling
Tokaýdan göçürip, başga ýerde ekmek üçin nahallary ýygnamak.

Tokaýy dikeltmegiň ýene bir usuly – ýabany nahallary gazyp alyp, olary isleýän ýeriňizde ekmekden ybarat. Sagdyn tohumlyk baglary tapyp, olaryň golaýynda ýa-da aşaklarynda ösýän nahallary saýlaň.

Kiçijek nahallary gazyp alanyňyzda, onuň köküni zaýalamajak boluň. Nahalyň köki zaýalansa, ol gowy ösmez.

Nahalyň töweregini onuň köküniň ugry bilen seresap gazyň. Eliňiz ýa-da gural bilen köküň töweregindäki topragy silkmezlige çalşyp, nahaly ýerden çykaryp alyň. Ýere ekýänçäňiz, nahalyň kökleriniň töweregindäki topragy çyg saklaň. Kökleri topraga ornaşyp, özlerine suwy özbaşdak tapýançalar, nahaly suwarmagy dowam ediň.

Nahallary nahalhanada ösdürip ýetişdirmek

Nahalhanalar baglaryň beýleki ýerlere göçürilip ekilmeginden öň, olara sagdyn başlangyjy üpjün edýärler. Emma nahalhananyň döredilmegi we onuň aladasy köp işi talap edip biler.

Baglary nahalhanalarda şu aşakdaky ýagdaýlarda ýetişdirmek ýerliklidir:

  • Siziň ekmek isleýän baglaryňyzyň tohumlary we gözlüje çybyklar ýeterlik bolmasa;
  • Ýaş baglar goralmasa, zyýanly mör-möjekler olary zaýalasala;
  • Nahalhanalara gözegçilik etmek üçin adamlaryň ýeterlik wagty bolsa.


Baglary gönüden-göni topraga ekmek olary nahalhanada ösdürip ýetişdireniňden aňsatdyr. Emma şeýle edilende, köp nahallaryň kök urman, guramagy ahmal.

Baglary haçan ekmeli

Baglaryň näçe wagtlap nahalhanada bolmalydygy olaryň ekiljek paslyna baglydyr. Siziň ýaşaýan ýeriňizde ygally we gurak möwsümler bar bolsa, baglaryňyzy ýygy-ýygydan suwarmaz ýaly, olary hut ygally möwsümiň öň ýany ekiň. Baglaryň köpüsi ulalyp, bellenilen ýerde ekilmäge ýaramly bolýançalar, 3-4 aýlap nahalhanada bolmalydyr.

Baglar üçin nahalhanany nirede gurmaly

Nahalhana barmak aňsat bolmaly, agaçlaryň ösmegi we göçürilip ekilmegi üçin gerek bolan wagtyň dowamynda ol açyk bolmaly. Nahalhana işgärleriň ählisi üçin elýeter bolmaly.

Her bir nahalhana üçin şu aşakdakylar zerurdyr:

EHB Ch11 Page 209-1.png
Suw gözbaşy we suw saklamagyň usullary.
Gurallary saklamak üçin howpsuz jaý.
Topragyň garylmagy we gaplaryň doldurylmagy üçin ýer.
Güýçli günden, ýagyşdan we ýelden gorag.
Garagollardan we haýwanlardan goramak üçin haýat.
Seedhli nahallar üçin boş ýer
Ähli nahallar üçin tekiz ýer ýa-da baýyr eňňitleri bolsa, basgançak şekilinde tekizlenen ýer.

Nahallary gaplarda ösdürip ýetişdirmek

Nahallaryň haýsydyr bir gapda (bedre, agaç guty, toýun küýze, karton guty we ş.m.) ösdürilip ýetişdirilmegi olaryň ulag bilen daşalmagyny we ekilmegini ýeňilleşdirýär. Bu gaplar nahalyň kök urmagy üçin ýeterlik giňlikde bolmaly. Ýöne nahala gerek bolan suwdan köp suw siňmez ýaly, bu gaplar örän uly hem bolmaly däldir.

Nahal nahalhanada näçe uzak wagtlap bolmaly bolsa, gap şonça-da uly bolmaly. Agzy 15 sm, çuňlugy 23 sm bolan gaplar nahallaryň köpüsi üçin amatlydyr. Mundan başga-da, bu gaplar toprak bilen doldurylanda göni durar ýaly, berk bolmalydyr. Nahallar suwarylanda artykmaç suw akyp biler ýaly, gabyň düýbünde deşikler bolmalydyr.

Seedlings in different types of containers.
Çüýrejek gaplar (gazet, kagyz, karton) nahal bilen ýere ekmek bolar. Plastikden, aýnadan, agaçdan ýasalan gaplary nahal ekilmezden öň aýyrmaly. Ýöne olary birnäçe gezek ulanmak bolýar.
Bagyň ýaş nahallary aşa güýçli gün düşmeden goralmalydyr. Baglaryň köpüsi gündizki yssyda saýaly ýerde gowy ösýärler.

Nahal ekiljek toprak nähili bolmaly

Nahallaryň kökleri çüýremez ýaly, olaryň ekiljek topragy ýumşak bolmaly. Mundan başgada, nahalyň gowy boý almagy üçin, toprak mes, ýokumly maddalara baý bolmaly. Tokaýdan ýa-da derýalardyr çeşmeleriň öwrümlerinden alnan toprak nahallar üçin örän ýaramly bolýar.

With a shovel, a man tosses soil against a large screen.
2 bölek derýa çägesi
1 bölek mes gara toprak ýa-da kompost
2 bölek adaty toprak
Topragy elemek
Tohumlary ýa-da nahallary gaplarda nähili oturtmaly

  1. Nahal ekiljek toprak 1 gün öňünden suwarylmaly. Suwarylan toprak çyg bolup, gaty öl bolmaly däldir. Tohumlary ekmezden öň, olary arassalaň. Ýöne muny olar çüýräp ýa-da ösüntgi berip başlamankalar etmelidir. Nahal ekjek gaplaryňyzy toprakdan dolduryň.
  2. A watering can sprinkles a container.

  3. Juda ownuk tohumlary ekmek üçin, topragyň üstüni dyrmyklap, 5-10 sany tohumy sepeläp, olaryň üstüni çarşajyk ýa-da taýajyk bilen dyrmyklap, toprak bilen gömüň.
    Has uly tohumlary ekmek üçin, topragyň ortarasynda tohumyň ininden takmynan 2-3 esse çuň deşik ediň. Mümkin, siz bir gaba birden köp tohum ekesiňiz geler. Tohumlaryň üstünden çalaja basyň. Basaňyzda, kömelejigi döredip biljek howa çukanajyklary aýrylýarlar.
  4. Tohumlary ekeniňizden soň, olary suwaryň. Tohumlar has ownuk bolsa, olar akyp gitmez ýaly, usullyk bilen suwarmaly.
  5. Tohumlar 1-2 sany ýaprak çykaransoň, has sagdyn görünýän baldagy saýlaň-da, beýlekileri kesip aýryň. Her gapda diňe bir baldak galmalydyr. Gapda galdyryljak baldagyň köküne şikes ýetirmezlik üçin, gerekmejek baldaklary sogurman, usullyk bilen kesip aýryň.


Nahallary suwarmak

Nahallaryň suwarylmagy nahalhanada alnyp barylýan işleriň iň möhümidir. Ekilen nahalyň düýbündäki topragyň köwlüp, kökleriň üstüniň açylmazlygy üçin, suwy akgynly akdyrman, ýagyş damjalary sepelenýän ýaly usulda suwaryň.

Nahala gerek bolan suwuň mukdary onuň köküniň uzynlygyna bagly bolýar. Nahallary ýapraklary dökülip ugransoň, suwaryp başlaň. Ýöne osümliklere zyýany bolany sebäpli, gowusy muňa ýol bermäň.

Nahallarda 1-2 sany ýaprak peýda bolýança, ony yzygiderli suwaryp durmalydyr. Ýöne munuň üçin nahalyň düýbündäki toprak bütinleý gury görünmelidir.

Soňra 5-6 sany ýaprak çykýança, dyrnagyňyzyň uzynlygynyň çuňlugynda topragyň gury bolan wagty suwaryň. Mundan soň toprak başam barmagyňyzyň birinji bognunyň çuňlugynda gury bolsa, tä kökleri gabyň düýbüne direýänçä, suwaryň.

Dökünlemek we haşal otlary aýyrmak

Haşal otlar nahallar bilen ýagtylygyň, suwuň, toprakdaky ýokumly maddalaryň ugrunda “bäsleşýärler”. Nahal ekilen gapda birnäçe haşal otunyň bolmagy zyýanly däl. Ýöne olar köpelse, nahala zyýan ýetirer. Şonuň üçin-de, olary düýbünden kesip aýryň.

Topragyňyz mes bolsa, nahallaryňyz ondan zerur bolan ýokumly maddalary alyp bilerler. Gerek bolsa, dersden, kompostdan ýa-da peşewden tebigy dökün ýasaň (15-nji baba ser.).

Nahallaryň başga ýere geçirmek

EHB Ch11 Page 212-1.png
Baglaryň arasyndaky aralyk
Baglaryň arasyndaky aralyk
Baglaryň arasyndaky aralyk
Üçburç edip oturtmak kiçiräk ýerde köp bag ekmäge mümkinçilik berýär.

Nahallaryň kökleri gabyň düýbünden çykyp başlasalar (adatça ekileninden 3-4 aý geçensoň), bu olary başga ýere göçürip ekmelidiginiň alamatydyr.

Eger şol wagtda olary başga ýere ekip bilmeseňiz, hepdede 1 gezek olaryň köküni gyrkyşdyryň. Şeýle etseňiz, nahallar ýere kök urman, gabyň içinde kök ýumajygyny doly emele getirmäge kömek berer. Nahallaryň başga ýerde ekilmegine bir aý galanda, gelejekki ekiljek ýerindäki güne öwrenişer ýaly, nahallaryň üstündäki kölegäni kem-kemden aýryp başlaň. Bu nahallara has güneşli we gury şertlere öwrenişmäge ýardam berer.

Ekmezden bir gün öň, gaplardaky nahallary bol suwaryň. Olary seresaplyk bilen başga ýere geçiriň. Her nahaly ekjek ýeriňizi belläň. Baglaryň arasynda goýulýan aralyk bagyň görnüşine we ekilmegiň maksadyna bagly. Baglar boý alyp ösenlerinden soň bir-birine degmez ýaly, olaryň arasynda ep-esli ýer goýuň.

Nahallaryň ekiljek ýeriniň bir metr töweregindäki haşal otlary we gyrymsy baglary çapyşdyryp aýryň. Ýogsa olar ýaş nahallar bilen “bäsleşip”, olara zyýan ýetirmegi mümkin. Nahallary günden goramak üçin, olary ir ertir ýa-da günüň ikinji ýarymynda, salkyn düşende ekiň. Nahallary täze ýerde ekeniňizde, köklerini guratmazlyga we şikeslendirmezlige çalşyň.

EHB Ch11 Page 212-2.png
EHB Ch11 Page 212-3.png
Gapdan 1½ esse çuň inedördül çukurjyklary gazyň. Tegelek çukurjyklar köklere ýaýramaga mümkinçilik bermeýärler. Çukurjyk dolansoň, şahanyň düýbi ýer bilen deň bolar ýaly, çukurjygy toprakdan dolduryň. Mümkin, siz baglaryň ösüp başlamagyna ýardam bermek üçin, birnäçe gysym kompost ýa-da mes gara topragy garmak islärsiňiz. Ekeniňizden soň, nahalyň töweregindäki topragy suwaryň.

Amatsyz ýerlerde nahallary nähili ekmeli

EHB Ch11 Page 213-1.png
Gurak ýerlerde suwuň saklanyp galmagy üçin, nahalyň töwereginde oýtum çukurlary gazyň.
EHB Ch11 Page 213-2.png
Nahalyň ekiljek ýeriniň töwereginde 1m ýaly ýeri köwüp, aşagyny tekizläň.
Köwüň ýuwulmagynyň öňüni almak üçin, onuň eňňit tarapyna daş haýatjyk aýlaň.
Ýapgytlarda her nahal üçin kiçiräk köw ýasaň.
EHB Ch11 Page 213-3.png
Ýapgytlarda ýagyş suwunyň saklanyp galmagy üçin, nahalyň eňňit tarapynda V şekilde joýalar çekiň.

Nahallar barada alada etmek

EHB Ch11 Page 213-4.png
Nahallary goramak üçin haýatlary galdyryň.

Bag öz ömrüniň birinji ýylynda goralmaga mätäçdir. Adamlaryň ekilen baglar barada alada etmeýändigi zerarly, bag ekmek boýunça taslamalaryň köpüsi puja çykýar.

Howa yssy we gurak bolsa, nahallary günde bir gezek, soňabaka her 2-3 günden suwarmalydyr. Birnäçe hepdeden nahallaryň kökleri suwy özbaşdak tapmaga ukyply bolýar. Emma howa henizem gyzgyn we gurak bolsa, nahallary wagtal-wagtal suwaryň.

Olaryň boýy haşal otlardan saýlanýança, haşal otlary çapyşdyryp aýryň. Haýwanlar ýa-da çagalar nahallara şikes ýetirer öýtseňiz, olaryň daşyna aýmança ediň.

Nahallar gowy ösmese ýa-da ýapraklary sary we keselli görünse, olara tebigy dökün beriň.