Hesperian Health Guides
Tohumlary aýap saklamak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Tohumlary aýap saklamak
Mazmuny
Tohumlary saýlamak
Gaty gabykly tohumlary suwly gaba salyň. Suwuň ýüzüne gaýyp çykan tohumlar şinelemezler, olar pakdyrlar. Suwa çümen tohumlary ekip bolar. |
Tohumlaryňyzyň gowudygyna göz ýetirmek üçin, tohumlary şulardan ýygnaň:
- Zyýanly mör-möjegi we keseli bolmadyk sagdyn, güýçli ösümliklerden.
- Ýeriňize uýgunlaşan ekinlerden. Mysal üçin, siz salkyn howaly ýerde ýaşaýan bolsaňyz, şol ýerlere uýgunlaşan ösümliklerden tohumlyk ýygnaň. Sebäbi has maýyl ýerde ösýäniniň tohumlaryny alsaňyz, ekinleriň salkyn howa çydamazlyklary mümkin.
- Siziň isleýän häsiýetleriňiz bar bolan ekinlerden. Mysal üçin ululygy, tagamy, gurakçylyga durnuklylygy we ş.m.
- Dürli görnüşleriň bilelikde köpelip bilmezligini üpjün etmek üçin, bir ekiniň beýleki görnüşinden ýygnalan tohumlar.
Ýere özleri gaçan tohumlary ýygnamaň. Ýere gaçan tohumlary aýyrmak üçin ekinleriň aşaklaryny süpürişdiriň. Soňra täze tohumlary ýygnamak üçin agajy ýa-da ösümligi silkiň. Tohumlary ýygnanyňyzdan soň, olary tizara arassalaň, çüýränleri ýa-da şikeslenenleri bar bolsa, ählisini saýlap aýryň.
Tohumlary saklamak
Tohumlaryň köp bölegi çüýremez ýaly, olary ýelejiredilýän salkyn, gury, garaňky ýerde saklamak maslahat berilýär. |
Tohumlaryň her bir gönüşini näçe wagtlap saklap boljakdygyny kesgitlemek üçin, olaryň ösmegi üçin zerur bolan şertler barada pikir ediň. Meselem, sowuk we gurak howaly ýerlerden alnan tohumlar adatça aýlaryň ýa-da ýyllaryň dowamynda saklanyp bilner. Sebäbi olaryň şünelemegi üçin kesgitli şertler gerek bolýar. Ýylyň köp bölegi yssy we ýagynly bolýan ýerlerden alnan tohumlary saklamak kyn bolýar, sebäbi olar islendik wagt şineläp biler. Gaty gabykly tohumlar ýumşak gabykly tohumlara garanyňda has aňsat we uzak saklanýar.
Tohumlary şineletmek
Käbir tohumlar şinelemek üçin aýratyn idegi talap edýärler. Emma ähli tohumlar üçin şular zerurdyr:
- Suw. Ekmezden öň tohumlary suwa basyp, bir gije goýuň. Siz gaty gyzgyn (gaýnag däl) suwy ulansaňyz, ol tohumlardan geçýän keselleri we zyýanly mör-möjekleri öldürer. Şeýle hem bu diňe mallaryň aşgazanyndan geçip şineleýän tohumlary şineltmäge kömek eder. Ilki birnäçe tohum bilen synag geçiriň. Olaryň şinelejekdigine göz ýetireniňizden soň, olary ekiň.
- Howa. Toprak aşa dykyz ýa-da batgaly bolsa, tohumlar howanyň ýetmeýändigi zerarly şineläp bilmez.
- Günüň ýagtysy. Käbir tohumlar, esasanam dürli pasyllarda dürli howa şertleri bolan demirgazyk ýerlerden alnan tohumlar üçin ýagtylyk ýeterlik bolmalydyr.
- Dogry temperatura. Her bir ekiniň öz möwsüminiň bardygy sebäpli, dürli tohumlar dürli temperaturalarda we ýylyň dürli döwürlerinde has gowy ösýärler.
Tohumlary ekmek
Tohumlary ekmegiň giňden ýaýran 2 usuly bar: tohumlaryň şitilhanada ekilmegi ýa-da olaryň gönüden-göni topraga ekilmegi. Siziň haýsy usuly ulanjakdygyňyz haýsy ekinleri ekjekdigiňize, ekmäge taýýar bolan wagtyňyzdaky howa şertlerine we şitilhana döretmäge ýeriňiziň bolupbolmazlygynya baglydyr. (Şitilhanany döretmek barada “Nahallary nahalhanada ösdürip ýetişdirmek” ser.).
Tohumlary gönüden-göni topraga ekmek
Has iri tohumlary tekiz ýere ekmek juda gowudyr. Sebäbi olaryň kökleri çalt ösensoň, göçürilip ekilende şikeslenmegi ähtimal. Ekiş çukurjyklaryny tohumdan 2-3 esse uly gazyň. Her çukurjyga 1-2 ýa-da 3 tohum taşlaň-da, üstüni gömüň.
Ownuk tohumlaryň ekiş meýdanynda endigan ýaýramagy üçin, olary sepip ekýärler. Olar ekilen wagty gum bilen garylansoň, biri-birine ýelmeşmeýär. Soňra ekilen meýdanyň üstüni ösümlik dersi ýa-da toprak bilen örtüň. Şeýle hem tohumlary oklaw bilen biraz ýere depeleseňiz, şinelemegine kömek eder.
Tohumlary şitilhanada ekmek
Tohumlaryň şitilhanada ekilmegi temperatura, suwa we zyýanly mör-möjeklere gözegçilik edip, tohumlaryň şinelemegine kömek eder. Şitilleriň nahalhanadan haşal otlary ýaňy-ýakynda otalan meýdana göçürilip ekilmegi ýaşajyk ekinlere suwy we topragy has gowy peýdalanmaga kömek edýär.