Hesperian Health Guides
Azyk önümlerini saklamak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Azyk önümlerini saklamak
Mazmuny
Aýap saklaýan däneleriňizi zyýanly mör-möjeklerden goraň
Hasyl ýygnalansoň, dänäniň köp bölegini gemrijiler, zyýanly mör-möjekler zaýalaýarlar ýa-da ol çüýreýär. Ammardaky dänäni goramak üçin:
- Hasyl ýygnalandan soň, mümkin boldugyça meýdandaky ýitgileriň öňüni almak üçin tohumlary tizara guradyň we aýap saklamaga başlaň. Gowy guradylan däneler dişläp döwüp bolar ýaly ýumşak we şatyrdyýan ses çykarar ýaly ýeterlik derejede gury bolmalydyr.
- Guradylan däneleri agzy jebis ýapylýan arassa gaplarda zyýanly mör-möjeklerden goragly ýerlerde saklaň.
- Aýap saklamazdan öň zyýanly mör-möjekleri öldürmek üçin, tohumlary tüsse bilen arassalaň.
- Mör-möjekleri, ýöne gemrijileri däl, agaç küli we gyzyl ajy burç, hemişe gök öwüsýän ewkalipt bagy ýaly beýleki ýiti ysly ösümlikleriň kömegi bilen kowuň. (Däne eýýäm şikeslenen bolsa, goragyň haýry degmez.) Ewkaliptiň, ajy burçuň ýa-da beýleki ösümligiň ýapraklaryny guradyp, külke ýasaň. Mör-möjekleri daşda saklamak üçin, 1 gysym külkäni kösüklileriň her bir kilogramyna garyň. Külkeden dem almajak boluň. Iýmezden öň, tohumlary ýuwmak üçin siz köp wagt we yhlas etmeli bolarsyňyz, ýöne dänäňiz has köp bolar.
Miwe we bakja önümlerini, eti we süýdi saklamak
Ir-iýmişleriň, bakja önümleriniň, etiň we süýdüň düzüminde suw köp bolýar. Çüýremä sebäp bolan bakteriýalara we kömeleklere suw gerekdir. Iýmitiň sowuk ýa-da doňdurylan usulda saklanylmagy çüýremäni haýalladyp biler. Ýöne sowukda saklamaga mümkinçiligiň bolmadyk ýagdaýlarynda hem azygy aýap saklap bolýandyr:
- Guratmak. Azyk önümleri günde, howur peçde, pes otda ýa-da duzlama arkaly guradyp bolar. Zyýanly mörmöjeklerden we yzgardan daşda saklanylsa, guradylan önümler uzak wagtyň dowamynda saklanylýar.
- Tüssede kakatmak. Ýanyp duran oduň üstünde goýlan azyk önümleri tüssede kakadyp saklamak mümkin. Et adatça tüssede kakadylyp saklanylýar.
- Turşatmak. Çüýreme ýaly turşatma hem bakteriýalara we kömeleklere iýmiti üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Ýöne çüýremeden tapawutlylykda, turşatma bakteriýalaryň we kömelekleriň kesgitli görnüşlerine ösmäge mümkinçilik berýär. Peýnir we turşy çöregiň käbir görnüşleri – turşadylan azyk önümleri. Turşadylan önümler öz taýýarlanan önümlerinden has ýokumly we ýeňil özleşdirilýän bolup bilýärler.
- Marinada ýatyrmak we bankalara ýapmak. Miweler, bakja önümleri we et sirkä ýatyrylyp agzy ýapyk ýa-da agzy baglanan gaplarda saklanylýar. Sirke turşulygy bakteriýalaryň we kömelekleriň ösmegine mümkinçilik bermeýär. Miweleri şeker ergininde taýýarlap, saklamak üçin gaýnadylan bankada agzyny baglap goýmaly.
Köki miweli ösümlikleri saklamak
Köki miweliler garaňky, gury, sowuk we gemrijilerden goragly ýerde goýulsa, olar uzak wagtyň dowamynda saklanyp bilerler. Köki miwelileri biri-birlerine degirmän, samanyň ýa-da agaç ýonuşgasynyň arasynda goýsaňyz, olar terligini saklaýar.
Tebigy sowadyjyny nädip ýasamaly
Mohammed Baa Abba atly nigeriýaly mugallym iýmiti elektroenergiýasyz saklamak üçin “Küýzedäki küýze” atly usuly işläp taýýarlady.
“Küýzedäki küýzäni” gury, açyk ýerde goýuň. Gury howa onuň daşyny gurşap alanda, çägedäki suw has uly küýzäniň daşky diwaryndan geçip, ony salkyn saklaýar. Çägäniň düzümindäki suw bugaryp aýrylanda, içki gap sowap, zyýanly mikroblary ýok edýär we iýmiti zaýalaman saklaýar. “Küýzedäki küýzä” gözegçilik edip, wagtal-wagtal onuň çägesini ýuwup we çalşyp durmaly