Hesperian Health Guides
Oba hojalyk önümleriniň marketingi (bazarlary)
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Oba hojalyk önümleriniň marketingi
Mazmuny
Ýerli we halkara bazarlary
Ownuk daýhanlar köplenç öz harytlaryny araçylara (dellallara) satýarlar we öz önümleri üçin az pul alýarlar. Hökümet mekgejöwen ýa-da şaly ýaly däp bolan ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegini bes edip, olaryň deregine halkara bazarlary üçin şeker, kofe ýa-da kakao ýaly harytlyk ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegine goldaw berip bilerler. Emma harytlyk ekinleriň girdejileri durnukly bolmaýar. Olaryň halkara nyrhy pese düşse, siziň puluňyz we iýmitiňiz bolmaz.
Ýerli we sebitdäki bazarlar üçin azyklyk ekinlerini ýetişdirmek daýhanlaryň köpüsi üçin girdejiniň durnukly çeşmesini üpjün edip biler.
Kooperatiw marketingi
Oňat bahalary we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň usullarynyň biri hem beýleki daýhanlar bilen birleşmek ýa-da bazar kooperatiwini döretmekdir. Daýhanlar öz önümlerini bilelikde satsalar, olar öz ekinleri üçin alýan bahalaryna gözegçilik edip, ulag we bazar çykdajylaryny azaldyp bilerler. Ýurtlaryň köpüsinde birleşmäni ýa-da kooperatiwi döretmek barada kanunlar bar. Her kimiň öz borçlaryny berjaý edýändigine göz ýetirip, ynamdar adamlar bilen işleşmek wajypdyr.
Şeýle hem çözgütleri kabul etmekde her bir adamy ses bermäge hakly edýän we girdejiden adalatly paý berýän düzgünler boýunça ylalaşyga gelmek ähmiýetlidir.
Nyrhy artdyrylan önümler
Iýmit we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kompaniýalar daýhanlaryň özleriniň hem gazanyp biljek pullaryny gazanýarlar. Daýhanlar eken ekinlerini taýýar önüme öwrüp (mysal üçin, miwe kişdeleri guradylan we gaplanan derman ösümlikleri, mürepbe ýa-da žele, bal, peýnir, sebetler, mebeller we ş.m) satanlarynda, muňa nyrhy artdyrylan önüm diýilýär. Sebäbi ekilen ekiniň üstüne nyrh goşulýar.
Önümleriň gaýtadan işlenilmegi üçin zerur enjamlary satyn almak we artdyrylan nyrhly önümler üçin bazar tapmak kyn bolup biler. Kooperatiw bu meseläni ýeňilleşdirip biler.
Ýörite önümler we sertifikatlaşdyrma
Iri oba hojalyk birleşmeleri arzan nyrhlary saklamagy başaryp, girdeji alýarlar. Sebäbi olar örän köp önüm öndürýärler we köplenç hökümetiň goldawyny alýarlar. Ýöne has kiçi meýdanlarda önüm öndürip ýetişdirýän daýhanlar hem aýratyn usullar bilen öndürilen önümleri öňe sürýän maksatnamalardan peýda görüp bilerler.
Sertifikatlaşdyrma maksatnamalarynyň käbirleri daýhanlara öz önümlerine has gowy baha kesmäge ýardam berýär. Sertifikatlaşdyrma maksatnamasy alyjylara ekinleriň himikatsyz ösdürilip ýetişdirilendigini ýa-da daýhanyň kesýän nyrhynyň adalatlydygyny bilmäge mümkinçilik berýär. Organiki sertifikatlaşdyrma ýa-da adalatly söwda ýörelgelerine laýyk gelmeklik sertifikaty halkara bazarynyň iki sany maksatnamasydyr. Sertifikat almak babatda karara gelmezden öň, siziň daýhan birleşmäňize girizmeli boljak üýtgeşmeleri barada pikirleniň. üýtgeşmeleri girizmäge näçe wagtyň we puluň gerek boljakdygy, öndürjek sertifisirlenen önümleriňizi satmak üçin bazaryň barlygy ýa-da ýoklugy we ekinleriňiziň sertifikatlaşdyrmakdan bähbitli bolup-bolmajakdygy barada pikirleniň.
Organiki sertifikatlaşdyrma
Organiki önümler köplenç himikatlary we GÖ tohumlary ulanman, durnukly usullar bilen ösdürilip ýetişdirilýärler (13-nji baba ser). Organiki sertifikatlaşdyrma hasyl ýygnalandan soň, önümleriň himikatly ösdürilip ýetişdirilen önümlerden aýra saklanylmagyny hem talap edýär. Dürli ýurtlarda sertifikatlaşdyrmagyň dürli düzgünleri bar. Olaryň köpüsi daýhanlaryň öz ekinlerini nähili ösdürip ýetişdirýändiklerini hasaba almaklaryny talap edýärler.
Organiki sertifikatlaşdyrma we adalatly söwda ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikaty daýhanlara has köp girdeji almaga kömek edýär. |
Adalatly söwda ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikat
Adalatly söwda ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikat kooperatiwe girýän daýhan birleşmelerine we oba hojalyk işgärlerine berilýär. Bu sertifikaty almak üçin, daýhanlar toparlary zähmetiň adalatly usullaryndan peýdalanýandyklaryny (mejbur we çaga zähmetini ulanman, işgärleriň adalatly aýlyklary) we daşky gurşawa oňaýly täsir edýän usullary goldaýandyklaryny görkezmeli. Sertifikatly bolmak üçin, toparlar zähmet we daşky gurşaw şertlerini wagtyň geçmegi bilen gowulaşdyrjakdygyny görkezmeli. Sertifikatyň bahasyny töläp bilmeýän daýhanlar toparlary üçin kömek pullary göz öňünde tutulandyr.
Häzirki wagtda adalatly söwda ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikat kofe, çaý, kakao, banan we beýleki ter miweleri öndürýän ownuk öndürijilere berilýär. Şu kitaby okap tamamlaýançaňyz, beýleki ekinleriň hem bu sanawa girmegi ähtimal.
Daýhanlar öz azyk önümlerini satmakda hyzmatdaşlyk edýärler
Kosta-Rikedäki Talamanka sebitiniň daýhanlari kakaony banan we beýleki miweli baglaryň saýasynda ösdürip ýetişdirýärler. Olar öňki döwürlerde öz bananlaryny we miwelerini ýerli bazarlarda satýardylar. Kakaony halkara bazarlarynda satyp, has köp pul gazanyp biljekdiklerine düşünenlerinde, muny amala aşyrmak üçin daýhanlaryň köpüsi bile işleşmek kararyna gelýärler.
Olar Talamankanyň ownuk öndürijileriniň assosiasiýasy atly (TOÖA) birleşmäni döredýärler. Başda öz kakaolaryna alyjylary tapmak olara kyn düşýär. Alyjylaryň birnäçesi diňe önümçilik çykdajylaryny ödeýän bahany töleýärdiler. Ýöne ol baha kakaonyň gaýtadan işlenilmegine we ulag bilen daşalmagyna sarp edilen çykdajyny ödemeýärdiler. TOÖA kakaony gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna gerek bolan pula mätäçdi.
Daýhanlar birnäçe gezek şähere gidip, kakaonyň alyjylary bilen gürrüňdeş bolanlaryndan soň, ekinlerine ýokary bahany kesip biljek adalatly söwda ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikaty we organiki sertifikatlaşdyrmak boýunça maksatnamalar barada eşidýärler. Olar eýýäm kiçi birleşmäniň agzalary bolandyklary sebäpli, adalatly söwda sertifikatynyň talaplaryna laýyk gelýärdiler. Eger olaryň organiki serifikatlary bolan bolsady, olar önümleriniň bahalary galdyryp, gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna gerek bolan serişdelerini alyp bilerdiler. Olar hiç himikatlary ulanmasa-da, sertifikat almaga mümkinçiligi ýokdy.
TOÖA tutuş kooperatiwi sertifikatlaşdyrmak teklibi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň we Ýewropanyň organiki sertifikatlaşdyrmak boýunça guramalary bilen gepleşikleri alyp barýar. Kooperatiw himikatlaryň ulanylmazlygyna we her bir ekin meýdanynyň saglygyň we hiliň birmeňzeş standartlaryna eýermeklerine gözegçilik edýär.
Kooperatiwiň birnäçe agzasyna kakao ekin meýdanlaryna baryp, olaryň standartlary barada habar bermek öwredildi. Kooperatiw sertifikatlaşdyrma üçin diňe bir gatanç puluny töleýärdi, daýhanlaryň resminamalaryny özi barlaýardy, soňra sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralaryň hemmesi üçin diňe bir hasabat düzýärdi.
Kooperatiw organiki sertifikatlaşdyrmany we adalatly söwda ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikaty alandan soň, daýhanlar öz önümleri üçin has bähbitli bahalary kesgitlediler. Olara kakaony gaýtadan işleýän zawody gurmak üçin karz berilýär. Tiz wagtdan olar organiki bananlary we beýleki miweleri ýerli we halklara bazarlarynda örän gowy bahalardan satyp başlaýarlar. Olar şäherde satmak üçin, organiki şokolady taýýarlaýarlar.
Kooperatiwi döretmek bilen, daýhanlar we olaryň maşgalalary diňe bir gowy nyrhlary alman, eýsem öz işlerine oňat gözegçilik etmek we gelejek üçin has köp mümkinçilikleri gazanmak hukugyna eýe boldular.