Hesperian Health Guides
Bap 13: Genetiki özgerdilen azyk önümleriniň ýalan wadasy
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 13: Genetiki özgerdilen azyk önümleriniň ýalan wadasy
Ýygnalandan soň zaýalanmayan pomidorlar, köp mukdardaky pestisidlere durnukly bolan dary, kösükli ösümlikler we mekgejöwen, zyýanly mör-möjekleri toprakda öldürýän tohumlar.... Bularyň hiç biri hakyky, tebigy önüm däldir. Emma olar şonda-da bar.
Ösümlikleriň şeýle görnüşlerine genetiki özgerdilen azyk önümleri diýilýär. Bu ösümlikleriň peýdalylygy bilen hemmeler razylaşmaýarlar. Şeýle önümleri öndürýän iri hususy birleşmeler öz harytlarynyň azyk howpsuzlygyny üpjün edip, tutuş dünýäni ekläp biljekdigi babatda ynandyrýarlar. Olar bioýangyjy mysal hökmünde getirip (533-nji ser.), adamzady nebit ýangynjyna garaşsyz edip bolar diýip ykrar edýärler. Genetiki özgerdilen önümleriň adamlara we daşky gurşawa zyýan ýetirýändigi barada aýdýanlar hem az däl. Her kimiň bu mesele babatda öz pikiri bolup biler.
Ýöne bir zat welin şübhesizdir: genetiki özgerdilen ösümlikler (GÖÖ) oba hojalygyny we biziň azyk howpsuzlygymyzy düýpgöter üýtgedýändir. Genetiki özgerdilen ösümlikler köp hasyl bermeýärler, adam saglygyna hem ýokumly bolmaýarlar. Oýlap tapyjylar bolsa genetiki özgerdilen azyk önümleriniň garyplara kömek etjekdigini wada berýärler. GÖÖ-niň kömegi bilen açlyk meselesi henize çenli çözülmedi. GÖ önümleriň köpüsi dökünleriň we pestisidleriň gowy satylmagy üçin döredilendir. Sebäbi GÖÖ-ni döredýänleriň hut özleri dökünleri we pestisidleri satuwa çykarýarlar.
Genetiki özgerdilen önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite tehnika zerurdyr. Gymmat bahaly emeli tohumlar açlyk meselesiniň çözgüdi diýip hasaplanylýar. Emma daýhanlar GÖÖ üçin dökünleri we pestisidleri almaly bolýarlar. Netijede, köp çykdajy bolup, açlyk gowşaman, öňküden-de güýjeýär. Munuň bilen birlikde azyk howpsuzlygy we azyk garaşsyzlygy hem pes derejä düşýär.
Mazmuny
Daýhanlar pagtanyň genetiki özgerdilmegine garşy çykýarlar
Basanna – Hindistanyň Karnataka ştatynyň pagtaçy daýhany. Birnäçe ýyl mundan ozal – GÖ ösümlikleriň ýaňy çykaýan wagtynda, Monsanto atly iri hususy birleşmäniň işgärleri daýhana pagta tohumynyň täze görnüşini hödürlediler. Tohumyň gowy ösmegi üçin mugt dökün hem berdiler. Olar birnäçe hepdäniň dowamynda meýdanlara aýlanyp, derman pürkjekdiklerini Basanna aýtdylar. Daýhana bu teklip örän ýarady. Onuň pikiriçe, onda mugt pagta hasyly boljakdy, hususy birleşik bolsa işleriň köp bölegini öz üstüne aljakdy.
Basanna bu işiň Monsanto hususy birleşmesiniň genleri özgertmek boýunça geçirilýän synagynyň bir bölegidiginden bihabardy. Monsantanyň işgärleri pagta meýdanyna pestisidleri ýygy-ýygydan pürkýärdiler. Emma gowaça gurçuklardan we beýleki mörmöjeklerden ejir çekýärdi. Basanna bolsa pagtanyň bu görnüşiniň beýle köp pestisidlere mätäçdigi, himiki dökünleriň bol berlendigine garamazdan gowy ösmeýändigi barada oýlanyp, pikire batýardy.
Tiz wagtdan Basanna beýleki daýhanlaryň hem täze pagtany ösdürip ýetişdirýändikleri barada bilýär. Ol Kornataka Ştatynyň Daýhanlar birleşiginiň Monsanto hususy birleşmesini we olaryň pagtasyny halamaýandygyny daş gulakdan eşidýär. Basanna bu pagta barada hakykaty bilmek üçin, daýhanlaryň bu babatda geçirjek ýygnagyna barmagy ýüregine düwýär.
Basanna täze pagtanyň köp himikatlary talap edýändigini, himikatlaryň bolsa topraga zyýan ýetirýändigini, hasylyň hem öňküsinden artyk bolmajakdygyna göz ýetirýär. Kompaniya tohumlary öz eýeçiligine alandygy sebäpli, Basanna olary täzeden ekip biljek däldi. Iň ýamany bolsa, pagtanyň tozanjyklary goňşy meýdandaky ekinlere täsirini ýetirjek. Şeýle bolan ýagdaýda goňşy meýdandaky pagta täze pagta bilen garyşyp, indiki ýyl ekilmäge rugsat ediljek däldi.
GÖ pagtanyň öz ekin meýdanyna we tutuş oba howp salýandygyny bilensoň, Bassana Karnataka Ştatynyň Daýhanlar birleşigine Assosiasiýasyna goşulýar. Müňlerçe daýhanlar bilelikde GÖ pagta barada dünýä habar bermegiň usulyny tapýarlar. Olar degişli hereketleri meýilleşdirip, ýurtdaky ähli gazetlere hat ýollaýarlar. Ol hatda şeýle diýilýärdi:
Ertesi gün söz berişleri ýaly, daýhanlar meýdanlary otladylar. Basanna ilkinji bolup meýdanyny otlady. Ol muny Monsatano hususy birleşmesiniň ony aldanlygyna gahar edip, şeýle hem özüniň we goňşularynyň pagta meýdanlaryna zyýan ýetirmejek bolup etdi. Daýhanlar birleşmesiniň beren puluna bolsa Basanna adaty tohumlary satyn alyp, pagtaçylyk işini dowam etdirdi. Pagtanyň adaty görnüşi oňa öň hem gowy hyzmat edipdi.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
- Siz daýhanlaryň öz meýdanyny yok edenini eşidipdiňizmi? Şeýle hereket etmage näme mejbur etdikä?
- Siz karnatakaly daýhanlaryň GÖ pagta garşy göreşiniň başga usullaryny göz öňüne getirip bilersiňizmi?
- GÖ ösümlikleriň ösdürip ýetişdirmekligiň nähili aýratynlyklary bar?
- GÖ tohumlarynyň ulanylmagynyň göze görünmeýän zyýany nähili?
- GÖ tohumlar barada siz nämeleri bilýärsiňiz?
Sagdyn ösümlikleriň tohumlaryny saýlasaňyz, geljek ýylyň ekinlerini has çydamly we güýçli edip bilersiňiz. |
Ösümlikleriň adaty seçgisi (seleksiyasy)
ähli janly bedenlerde “gen” diýlip atlandyrylýan maýdaja bölejikler bolýar. Genler her bir tohumyň, ýumurtganyň ýa-da adamyň ösüşini kesgitleýär: tohum – ösümlik, ýumurtga – towuk, çaga – uly adam bolup ýetişýär.
Genler ösümlikleriň yssy, sowuk ýa-da beýleki şertlerde nähili ösjekdigini kesgitleýärler. Ösümligiň reňki, şekili, ölçegi, ösüş tizligi, haçan gülläp, haçan miwe getirjekdigi, ýokumlylygy genler arkaly anyklanylýar.
Geljek ýyl ekmek üçin daýhanlar mekgejöweniň iň iri dänelerini tohumlyk üçin saýlap alýarlar. Ol tohumlaryň genleri uzak ýyllaryň dowamynda beýleki ösümliklere geçýär. Ownuk ösümlikleriň genleri bolsa ýitip gidýär. Muňa ösümlikleriň seçgisi diýilýär. Seçgi köp ýyllaryň dowamynda amala aşyrylýar. Daýhanlaryň isleyýän häsiýetleri ösümliklerde saklanyp galyp, ol has oňat ösýär.
Genetiki özgerdilen ösümlikleriň adaty ösümliklerden tapawudy
Gen inženeriýasy ösümlikleriň adaty seçgisinden tapawutlanýar. Gen inženeriýasynyň barlaghanalarynda geni üýtgetmek üçin dürli usullar ulanylýar. Olar adaty seçgiden çendenaşa ýaramaz şertlere çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar. Ösümliklere gerek bolan häsiýetleri almak üçin, olar iki sany bütinleý aýra-aýra ösümlikleriň, mysal üçin, şalynyň we mekgejöweniň genlerini birleşdirýärler. Gen inženerleri ösümlikleriň genleri bilen hatda haýwanlaryň genlerini hem birleşdirilýär! Şoňa görä-de, bu gen inženeriýasy diýip atlandyrylýar. Alym-biolog inžener ýaly “gurýar”. Onuň “gurýan” täze ösümlikleri hiç wagt tebigy şertlerde ösüp bilmezler.
GÖ önümleri “oňat hilli” täze , öň duş gelmeýän görnüşlerdir. Kagyz öndürmek üçin tiz ösýän ýumşak gabykly agaçlary, uzak wagtlap zaýalanmaýan, terligini saklaýan pomidorlary, kösüklileri, pestisidleri köp mukdarda talap edýän bugdaýy we pagtany, aşa uly ölçegdäki haýwanlary, balyklary döretmek üçin iri hususy birleşmeler täze gen birikmelerini “gurmak” üçin ýylda milliardlarça dollar sarp edýärler.
GÖ ekinleriniň bahasy
Durnukly adaty usul bilen ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerinden GÖ ekinlerini ösdürip ýetişdirmek gymmat düşýär. Öňden ulanylýan ösümlik tohumlaryny ulanylmagyň deregine, daýhanlar köplenç GÖ tohumlaryny we gymmatbahaly dökünleri we pestisidleri satyn almaga mejbur bolýarlar. GÖ önümleriň “göze görünmeýän” ýetmezçilikleri hem az däl. Olaryň ýokumy bolmaýar, daşky gurşawa hem zyýan ýetirip bilýär. GÖ ösümlikleri ekmezden öň, olaryň zyýanly taraplary barada pikirleniň.