Hesperian Health Guides

Genetiki özgerdilen iýmitiň azyk kömegi hökmünde berilmegi

Bu bapda:

3 sacks labelled "maize."

Ýurtlaryň köpüsinde GÖÖ öndürmek ýa-da başga ýerlerden getirmek gadagan edilýär. Emma hatda şol ýurtlarda-da GÖÖ azyk gorlaryna düşýär. Garyp ýurtlaryň bazarlarynda we ekin meýdanlarynda GÖÖ azyk kömegi hökmünde peýda bolýar.

Açlyk döwründe käbir ýurtlar BMG-niň ýa-da aýry-aýry ýurtlaryň kömegini bugdaý görnüşinde kabul edýärler. GÖ bugdaýy öndürýän ýurtlar hem öz önümlerini kömege mätäç ýurtlara iberýärler. Ýurtda açlyk höküm sürende, GÖÖ-ni kabul etmek mätäçligi ýüze çykýar. Käbir ýurtda betbagtçylyk bolsa-da, hökümet GÖÖ-den ýüz öwürýär.

Mysal üçin, 2002-nji ýylyň gyşynda Zambiýada we Zimbabwede açlyk boldy. Azyk kömegi hökmünde GÖ mekgejöwen hödürlenildi. Zambiýa muny kabul etmedi. Zambiýa şeýle çözgüdinden soň, daşary ýurt hemaýatkärleri Zambiýa pul hödürläp, aşa köp azyk öndüren Afrika ýurtlaryndan azyk önümlerini almagy maslahat berýärler. Ýewropa ýurtlarynyň hem birnäçesi GÖ bugdaýy azyk kömegi hökmünde mätäç ýurtlara iberýärler.

Zimbabweniň hökümeti bolsa aç ilatynyň zarbyna çydaman, azyk kömegi hökmünde iberilen mekgejöweni kabul etmeli boldy. Ýöne hökümet mekgejöweni üwelen görnüşde iberilmegi barada ýlalaşyk baglaşdy. Bu GÖ mekgejöweniň soň ekilmezligi we geljekde kynçylyk döretmezligi üçin edildi.

Tohumlyk dänelerini goraýan jemgyýetler

Sacks labelled "Rice. Contains genetically engineered ingredients."

Dünýä jemgyýetçiligi GÖ önümleriň howpuna aýratyn üns berýär. Käbir adamlar GÖ önümlere bellik edilmegini hökümetden talap edýärler. Şeýle edilse, GÖ önümleri satyn almazlyk mümkinçiligi dörär. Käbirleri bolsa öz ýaşaýan sebitlerinde GÖ ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegine rugsat bermeýärler. Jemgyýetleriň köpüsi tohum saklamagyň we oňa gözegçilik etmegiň gadymy usullaryna gaýdyp geldiler.

Tohumlara gözegçilik etmek bilen, jemgyýet olaryň wajyp çeşmelerini goraýar, biodürlüligini saklaýar, sanyna gözegçilik edýär. Şunlukda, olar öz ýetişdiren tohumlaryna bolan hukuklaryny başga adamlara bermeýärler.

Ýurtlaryň hökümetleri milli tohumlyk gorlaryny goldamaly, dürli ösümlikleri, olaryň görnüşleriniň azalmagynyň ýa-da ýitip gitmeginiň öňüni almaly. Tohumlyk goruna gözegçilik azyk howpsuzlygyny we azyk garaşsyzlygyny üpjün edýär.

Oba ýaşaýjylary tohumlyk däneleriniň alyş-çalşygyny gurnaýarlar

Meksikanyň Wisente Guýerrero obasynyň ýaşaýjylary adaty tohumlyk däneleriniň ýitip barýandygy babatda howatyrlanýardylar. Obanyň gojalary öňler mekgejöweniň, kösüklileriň örän köp görnüşleriniň bolandygyny ýatlaýarlar. Indi bolsa mekgejöweniň bary-ýogy 2, kösüklileriň bolsa diňe 4 görnüşiniň galandygyny belleýärler.


Oba adamlary kompaniýalaryň täze görnüşli tohumlary döredýändiklerinden habarlydylar. Şol tohumlary gymmat himikatlar bilen diňe bir ýyl ulanmak bolýardy. Oba ýaşaýjylary bu meseläni çözmeli diýen netijä geldiler.


Obalar bütin sebitden adamlary myhmançylyga çagyryp, olaryň öz halaýan iýmitlerini, tohumlyk dänelerini alyp gelmeklerini haýyş etdiler. Myhmanlar getiren tohumlaryny bir-birlerine berip, halaýan ösümliklerinden tagam taýýarlap, tohumlaryň gelip çykyş taryhy, olaryň ösüşi barada gürrüň etdiler. Bu ýygnanyşyk “Tohum alyş-çalşygy” diýip atlandyryldy.


Daýhanlaryň käbirleriniň getiren tohumlary beýlekilere asla belli däldi. Olar tohumlardan beýlekilere hem paýladylar. Şol ýyl mekgejöweniň 5 görnüşiniň, kösüklileriň 8 görnüşiniň tohumlary alyş-çalyş edildi. Indiki ýyl bolsa daýhanlar tohumlaryň has gadymylaryny getirdiler. Olary hatda gojalar hem çagalygyndan bäri görmändirler.

Villagers gather for a seed-swap party.

Birnäçe ýylyň dowamynda bolsa Wisente Guýerrero obasynyň ýaşaýjylary mekgejöweniň 20 görnüşini, kösüklileriň 40-dan köp görnüşlerini ýygnadylar. Ösümlikleriň köpdürlüligi olaryň ýylda ekilmegine mümkinçilik berýär. Käbir görnüşler gurak ýerlerde, käbiri ygally düzlüklerde, käbirleri tekizliklerde gowy ösýärler. Oba ýaşaýjylarynyň köpüsi bu tohumlary ekip başladylar, olara gözegçilik etdiler. Şunlukda, adamlar dürli ösümlikler bilen iýmitlenip, öz umumy iýmitlenişini gowulandyrdylar.


Indi sebitdäki beýleki obalaryň ýaşaýjylary hem tohumlyk däneleriň alyş-çalşygyny gurnaýarlar. Netijede, köp ösümlikleriň tohumlary dikeldildi. Wisente Guýerrero obasynyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, gadymy ösümlikleriň ekilmegi, ösdürip ýetişdirilmegi diňe azyk howpsuzlygyny kämilleşdirmän, eýsem uly şagalaňlary geçirmäge hem mümkinçilik berýär!