Hesperian Health Guides

Genetiki özgerdilen ekinleriň daşky gurşawa ýetirýän täsiri

Bu bapda:

Iri hususy birleşmeler tohumyň birnäçe GÖ görnüşini döredýärler. Soňra bolsa olary dünýä boýunça ähli daýhanlara hödürläp, diňe şol görnüşleri ekmegi ündeýärler. Beýle edilmegi azyk howpsuzlygyna zyýan ýetirýär, ösümlikleriň bolsa köp görnüşleriniň ýitip gitmegine sebäp bolýar. Daşky gurşaw üçin örän wajyp bolan biodürlüligiň ýok edilmegi GÖ önümleriň iň uly, düzedip bolmajak zyýanydyr.

Zyýanly mör-möjeklere garşy göreşiň tebigy usullarynyň ýitirilmegi. Käbir GÖ ekinleri döredilende, olaryň içinde eýýäm pestisidler bar. Pestisidler belli bir gözegçiliksiz ulanylsa, zyýanly mör-möjekler olara uýgunlaşyp, durnukly bolýarlar.

Ýabany haýwanlara we topraga ýetirilýän zyýan. GÖ önümlerindäki pestisidler toprakda ýaşaýan peýdaly mör-möjekleri we bakteriýalary öldürýär. Mundan başga-da, olar ösümlikleri tozanlandyrýan we zyýanly mör-möjekler bilen göreşýän guşlary, ýarganatlary ýok edýärler.

GÖÖ-niň töweregindäki ösümliklere edýän täsiri. GÖ ösümlikleriniň tozgajyklary ýel arkaly golaýyndaky özüne meňzeş ösümliklere geçýär. GÖÖ-niň täze döredilendigi sebäpli, onuň täsiriniň dowamlylygy heniz takyk belli däldir.

In a field with dead birds on the ground, a farmer wielding a hoe fights off big bugs labelled,"Loss of traditional crops," "Pesticide poisoned soil," and "Harm to wildlife."
GÖ ekinleri daşky gurşawa zyýan ýetirende, daýhanlar hem ejir çekýär.

Soň öküneniňden, öňünden gamyny iýeniň ýagşydyr

“Derýanyň çuňlulygyny barlajak bolsaňyz, ilki suwa bir aýagyňyzy sokuň. Şeýle etseňiz, gark bolmarsyňyz” diýen afrikan pähimi bardyr. Bu pähim seresaply bolmagymyzy ündeýär. Täze oýlap tapmalary ulanmazdan öň, olaryň zyýan getirmejekdigine göz ýetirmeli, töwekgelligine baha bermeli.

Emma GÖÖ öndürýän birleşmeler we ýurtlaryň hökümetleri bizi GÖ önümleriň zyýany barada bihabar galdyrýarlar. Olar bize GÖÖ-ni ekdirip, iýdirip, olaryň täsirini bizde synap görýärler. Olar bize öz önümlerini hödürlemek bilen, “derýanyň çuňlugyny” iki aýagymyz bilen barlatmak isleýärler!

People speaking.
Gowulandyrylan tohumlary ulanyp görüň.
Onuň hasylyny iýmek howpsuzmyka?
Olar soňra biziň saglygymyza nähili täsir eder?
Men bu pikiriň gowulygyna şübhelenýärin.

Tohumyk dänäniň we iýmitiň genetiki özgerdilenligini nädip bilmeli

GÖÖ-niň köpüsiniň ysy, tagamy, daşky görmüşi, tebigy önümleriniňkiden tapawutlanmaýarlar. Daýhanlar onuň nämedigini bilmänem ekýärler. Sebäbi GÖ önümleri iň köp öndürýän Monsanto birleşmesi öz GÖ önümlerine bellik goýmaýar. Önümiň GÖ ýa-da GÖ däldigini bilmek üçin, onuň genetiki gurluşyny barlamaly. Muny barlap bolýan serişdeler toplumy Ýewropada we ABŞ-de bar, ýöne olaryň bahasy juda gymmatdyr.

Garşylyk görkezýän ene tohumlyk däneleri

Meksikanyň Çýapas ştatynyň daýhanlari mekgejöwen ekilen meýdanlaryna GÖÖ-niň tozgajyklaynyň geçmeginden howatyrlanýarlar. Olar beýleki ýurtlardaky tarapdarlarynyň kömegi bilen öz ekýän ekinleriniň haýsydyr bir täsire duçar edilip edilmeýändigini bilmek üçin, olary barlamagyň tärini tapdylar. Olar bu taslamalaryny “Garşylyk görkezýän ene tohumlyk däneleri” diýip atlandyrdylar.


Bu taslama daýhanlara öz ekinlerine gözegçilik etmäge, baha bermäge mümkinçilik berýär. Tohumlar Amerikadan we Ýewropadan satyn alnan synag serişdeleriniň toplumy arkaly barlanylýar. Daýhanlar tohumlara GÖÖ tozgajyklarynyň düşüp-düşmändigini anyklap, hökümete, guramalara habar berýärler. GÖÖ-ň ýaýradylmagynyň öňüni alýarlar.


Tohumlara yzygider gözegçilik edip, Çýapasdaky daýhanlar öz azyk howpsuzlygyny we azyk özbaşdaklygyny uzak möhletleýin üpjün edýärler.