Hesperian Health Guides

GÖ azyk önümleri we saglyk

Bu bapda:

GÖ önümleriň adam saglygyna belli bir derejede zyýanly täsirini ýetirýändigi mälimdir. Adamlar şeýle önümleri iýenlerinden soň, syrkawlaýardylar. Zyýanly täsirleriň çak edilýänleri hem az däl, emma olar heniz subut edilmedikdir.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki ýurtlaryň GÖ önümlerini öndürýän hökümet edaralary öz harytlarynyň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny barlamakdan ýüz öwürýärler. Olar öz önümlerini synagdan geçirmezlik üçin, ellerinden gelenlerini edýärler. GÖ önümleri we olardan öndürilen azyk köplenç bellik edilmän, adaty azyk önümlerine garylýar. Bu ýagdaý bolsa GÖ önümleriň howplulygyna düşünmegi, zyýanyny anyklamagy kynlaşdyrýar.

People talking.
Çagamyza berýän emeli süýdümizde GÖ önümleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny nädip bilmeli?
Muny bilmek asla mümkin däl. Öndüriji kompaniýalar bu barada önümiň gutusynda ýazmaýarlar. Çagalar üçin niýetlenen emeli süýt garyndylarynyň köpüsi soýadan ýasalýar. Soýa bolsa giňden ýaýran GÖ önümidir.
Çaga üçin gowusy – ene süýdi. Men siziň aýalyňyz bilen gürleşeýinmi?

GÖ önümleriň saglyga ýetirýän zyýany

GÖ önümleriň adam saglygyna täsir edişini has takyk bilmek üçin köp ýyllyk barlaglar gerekdir. Alymlaryň şu güne çenli geçiren barlaglary GÖ önümleriň saglyga zyýan edýändigini görkezýärler.

Allergiki täsirlilik

GÖ önümleriň düzüminde ozal hiç wagt iýmit hökmünde ulanylmadyk elementler bar. Adam bedeni bu elementleri kynlyk bilen kabul edýär. GÖ ekinlerindäki haýsy maddalaryň allergiki täsiri döretjekdigini biz öňünden bilmeýäris. Netijede, adamyň öň iýip ýören köp zatlaryna allergiki täsiriň döremegi ahmal.

Pestisidler bilen güýçli zäherlenme

GÖ önümleriň köpüsi diňe köp mukdarly himikatlaryň kömegi bilen ösýärler. Käbir GÖ önümleriň tohumlary bolsa ýörite pestisidler üçin ýetişdirilendir. Pestisidleriň çäklendirilen mukdarda ulanylmagy daýhanlar üçin hem amatly bolup biler. Emma aşa köp pestisidleriň ulanylmagy adam saglygyna, daşky gurşawa zyýan ýetirýändir (14-nji baba ser.).

Rak we bedeniň içki agzalarynyň zeperlenmegi

GÖ ýer almasy we pomidor bilen iýmitlendirilen haýwanlaryň aşgazanlarynda üýtgeşmeleriň ýüze çykýandygy mälim boldy. Bu üýtgeşmeler öz gezeginde rak keseliniň döremegine, böwregiň we beýleki agzalaryň şikeslenmegine, beýniniň ösüşiniň ýetmezçiligine eltýär. Emma GÖ önümleri barlagdan geçirilmese, olaryň daşyna ýörite bellik edilmese, lukmanlar rak keseliniň döremegine ýa-da bedeniň içki agzalarynyň kesellemegine GÖ önümleriniň sebäp bolup- bolmandygyny anyk kesgitläp bilmeýärler.

Antibiotiklere durnuklylyk

Gen inženeriýasynyň netijesinde käbir GÖ önümleriň genlerinde antibiotiklere durnuklylyk bolýar. Käbir alymlaryň pikirine görä, adam GÖ önümlerini iýende, onuň aşgazanynda bakteriýalaryň antibiotiklere durnuklylygy döreýär. Netijede, bejermek üçin ulanylýan antibiotik dermanlar adama hiç täsir edip bilmeýär.

Aziýadaky “altyn şaly”

Dünýäde müňlerçe adamlar A witaminiň ýetmezçiligi zerarly dörän körlükden ejir çekýärler. Bu meseläni çözmek üçin, şalynyň täze A witaminli GÖ görnüşi döredildi. Ol “Altyn şaly” diýlip atlandyryldy. GÖ “Altyn şalyny” döreden kompaniýa öz önümini Aziýa ýurtlarynda satmagy meýilleşdirýär. Sebäbi Aziýa ýurtlarynda A witaminiň ýetmezçiligi iň uly meseleleriň biri bolup, adamlaryň esasy iýmiti şalydyr. Kompaniya daýhanlaryň adaty şalyny däl-de, “altyn şalyny” ekjekdiklerine umyt baglaýar.


Different vegetables.

Emma “Altyn şaly” adamlary körlükden halas edip bilmez. Körlügiň bu görnüşi diňe A witaminiň ýetmezçiliginden däl-de, eýsem iýmit dürlüliginiň ýetmezçiliginden hem döräp bilýär. “Altyn şaly” näçe köp iýilse-de, ýokumly iýmitiň beýleki görnüşleri bolmasa, peýdasy ýokdur.


Körlügi aradan aýyrmak üçin “Altyn şaly” ýaly tehniki çözgütler däl-de, azyk howpsuzlygyny gowulandyrmaklyk has peýdalydyr. “Altyn şalynyň” oýlap tapyjylar açlygyň we garyplygyň düýp sebäpleri bilen göreşmeýändikleri üçin, olaryň önümi körlüge garşy hiç hili peýda bermez.

Nädogry iýmitlenmegiň meselelerini aradan aýyrmagyň in oňat usuly

“Altyn şalynyň” döredilmegi açlygyň we garyplygyň netijesinde döreýän körlüge garşy ulanyljak bolnan tehniki çözgütleriň biridir. Ýöne bu meseläniň başga çözgüdi hem bardyr!

Ter ir-iýmişlerde, miwelerde we beýleki goýy ýaşyl ýaprakly bakja ekinlerinde, beýleki azyk önümlerinde A witamini köp mukdarda bardyr (Oňat iýmitlenme baradaky maglumatlary Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) ýaly saglyk baradaky kitaplardan gözläň). Ozal şaly ekilýän meýdanlarda ýabany gök önümler hem ösýärdi. Emma gerbisidleriň çenden aşa köp ulanylmagy gök ösümlikleri ýok edýär.

Bangladeşiň ilaty öz çagalaryny ýokumly iýmit bilen ýeterlik üpjün etmek maksady bilen, gökbakja ekinleri ekmek üçin birleşdiler. Açlyk bilen göreşmek we sagdyn bolmak üçin, Helen Keller atly Halkara guramasynyň kömegi bilen adamlar körlügiň we saglyk bilen bagly beýleki meseleleriň öňüni almak üçin 600 000 düýp bag ekdiler. Öý baglary peýdasyz GÖ önümlerini ulanmazdan, gymmat tehniki çözgütleri gözlemezden, iýmiti gowulandyrmaga we azyk howpsuzlygyny berjaý etmäge ýardam berýärler.