Hesperian Health Guides

Balykçylyk

Bu bapda:

Balyklary köpeltmek üçin niýetlenen kiçijik howdan kiçi giňişlikde köp iýmit berip bilýär we suwaryş suwuny saklap bilýär.

Howdanda ýa-da şaly meýdanda siz şulary köpeldip bilersiňiz:

  • Iýmit üçin süýji suw krewetkalar ýa-da derýa leňňeçler, tilapiýa, zagara ýaly balyklar ýa-da molýusklar.
  • Balyklar üçin kuwşinka (köp ýyllyk suw oty), lotosyň köki (suwda gögerýän gül); taro, şaly ýa-da suw hozy.
  • Zat ýasamak üçin gamyş ýa-da bambuk ýaly ösümlikler.
  • Iýmit, haýwanlara iým we dökün üçin suw otlary.
  • Siziň bagyňyz üçin mes toprak.
Illustration of the below: ducks swim in a pond.
Balykly we guşly howdanlar çybynlaryň köpelmegine ýol bermezler, şol bir wagtda-da size we siziň ýeriňizi iýmit we suw bilen üpjün bererler.
Balyklary köpeltmek üçin howdany nädip etmeli

  1. Bu işe girişmezden öň, siziň ýeriňizde balyklary köpeltmek üçin gerek bolan şertleriň bardygyna göz ýetiriň. Size hemişe howdanda akyp durar ýaly suw mukdary gerekdir. Suw akyp durmasa, onda çybynlar köpeler.

    Size suwuň akyp gitmegine ýol bermejek toprak gerek bolar. Muňa toýunsow toprak hemmesinden laýyk bolar. Sizde toýunsow toprak bolmasa, onda howdanyň suwunyň akyp gitmezligi üçin betondan, plastikden ýa-da başga bir ýerden getirilen toýun bilen ýüzüni örtüň. Howdany garaýag ýa-da şepbik bilen biri-birine ýelmenen ot ýa-da bambuk bilen örtüp bolar.

    Howdan üçin iň gowy ýer – depäniň eteginde (syrygýan suwlaryň howdana akmagy üçin) we agyz suwuň gözbaşyndan azyndan 10 metr uzaklykda bolmaly. Howdana gözbaşdan suw aksa, siz howdany gurýançaňyz suwy saklamak üçin wagtlaýyn desga guruň.
  2. Çuňlugy 1 metr we giňligi mümkin boldugyça ondan hem uly bolan çukury gazyň. Giňligi 1 ýa-da 2 metr bolan kiçijik howdanda-da siziň iýmitiňizi baýlaşdyrmak üçin suw otlaryny we balyklary köpeldip bolar. Siziň ýeterlik giňişligiňiz bar bolsa, hersiniň ini 3 metrden az bolan birnäçe howdan ýasaň. Bu howdanlary gazmagy we balyk tutmagy aňsatlaşdyrar.</div>
  3. Çukuryň palçyk düýbüniň üstünden ýöräp depeläň. Howdan uly bolsa, goňşularyňyzdan kömek soraň. Palçygy depelemek üçin sygyrlar we beýleki iri mallar hem size kömek edip biler. Olaryň dersi howdanyň düýbüni berkitmäge kömek eder. Howdan suwdan doldurylan badyna, onda suw otlary we beýleki ösümlikler ösüp başlar. Howdanyň golaýynda çeşmeler ýa-da beýleki howdanlar bar bolsa, öz howdanyňyzda köpeltmek üçin olardan ösümlikleri we haýwanlary ýygnaň. Balyklary köpeltmek üçin, siz biraz balyk satyn almaly bolarsyňyz.