Hesperian Health Guides
Sagdyn öýüň gurluşygy
Mazmuny
Günüň ýagtysyndan doly peýdalanmagy başaryň
Jaý guranyňyzda ýa-da onuň durkuny täzeläniňizde, günüň gyzgynlygyny has gowy ulanmak üçin, onuň ýylyň her paslynda nirede bolýandygyna üns beriň. Yssy aýlarda günortanlar gün ýokary galyp, uzak wagtyň dowamynda ýokary temperaturany üpjün edýär. Has sowuk aýlarda bolsa gün asmanda aşagrakda bolýar, az ýyllyk berýär, asmandaky başga ýollardan hereket edýär.
Günorta ýurtlardaky jaýlaryň penjireleriniň köpüsi demirgazyga tarap baksa, has oňaýly bolýar. Demirgazyk ýurtlarynda penjireleriň we daşky diwarlaryň köpüsi günorta tarap bakdyrylmalydyr. Şeýle edilmegi jaýyň günüň ýokary gyzgynlygynyň ýygnanmagyna we saklamagyna kömek eder.
Sowuk möwsümde daşky diwarlar we penjireler günüň gyzgynlygyny hem-de ýagtylygyny öýüň içinde saklamaga kömek edýär. | Yssy möwsümde jaýyň güneşli tarapynda oturdylan agaçlar öýüň salkynlygyny saklamaga kömek eder. |
Ýylylygy saklaýan materiallary saýlamak
Sowuk ýerlerde käbir gurluşyk materiallary öýdäki ýylylygy gorap saklaýar. Galyň materiallar ýylylygy ähli zatdan gowy saklaýar. Agaja we içi boş beton böleklerine garanyňda, daş, kerpiç, palçykdan ýa-da betondan doldurylan bölekler ýylylygy has gowy gorap saklaýar. Şu materiallaryň islendigi ulanylanda, ýylylygy toplamak üçin diwarlaryň galyňlygy azyndan 10-12sm bolmaly.
Gün jaýa düşende, onuň howry diwarlara we pola siňýär. | Gün ýaşyp, howa sowanda, diwarlar we pol ýylylygy öýüň içine ýaýradýarlar. |
Yssydan we sowukdan goranmak
Izolýasiýa (daşky örtük) – materiallar arkaly yssydan we sowukdan goranmak. Oňat izolirlenen jaýda bir gat ýuka diwarlaryň we potoloksyz üçegiň deregine içki we daşky diwarlaryň arasynda boş ýer galdyrylýar. Onuň üçeginiň aşagynda potolok bolýar. Şol ýerler ýonuşga, ýüň, saman, dykylyk gabyk, karton, buranyň (bor turşusynyň) ergini siňdirilen ýa-da guradylan kagyz (sary garynjalar iýmez ýaly) bilen doldurylýar.
Diwarlardaky jaýryklaryň suwalmagy sowugyň daşynda we ýylylygyň bolsa içinde saklanmagy üçin ähmiýetlidir. |
Siz iki gatly diwarlary gurup bilmeseňiz, diwarlaryň ýüzüne kagyz, köpürjik, karton ýa-da şolara meňzeş beýleki materiallar bilen örtüň. Bu izolasiýany güýçlendirer. Samandan ýasalan üçek hem oňat izolasiýa berýär. Jaýyň poluny kerpiçden ýa-da toýundan ediň.
Öýüň içinde we daşynda gyzgynlygy saklamak üçin penjireleriň we gapylaryň töweregindäki jaýryklary we yşlary ýapyň. Penjire gabsalary günüň dowamynda öýüň salkynlygyny we gije gyzgynlygy saklamaga kömek eder. Penjireleriň açyk bolmagy oňat şemmallatmak üçin, howa akymynyň hereket etmegine mümkinçilik döredýär.
Gurluşyk materiallary saýlamak
Jaý gurmak üçin ulanylýan materiallar öz arasynda ýaşaýyş üçin oňaýsyz we sagdyn, owadan toparlara bölünýärler. Emma tokaýlar we suw sakalary zaýalananda, agaç, saman ýaly tebigy gurluşyk serişdeleri we beýleki ösümlik materiallary ýitip gidýär. Betonyň we beýleki “häzirki zaman” materiallaryň köp mukdary elýeter bolanda, adaty materiallar we olardan jaý gurmak baradaky bilimler ýitirilýär ýa-da adamlaryň köpüsi onuň gadyryny bilmeýärler.
Iň gowy gurluşyk materiallary:
- Toprakdan alnan täzeden ulanyp boljak we jaý könelenden soň, ýere gaýtarylyp beriljek materiallar.
- Ýerli materiallardan alnan we öndürilen, ýerli howa şertlerine laýyk gelýän materiallar.
- Düzümi zäherli himikatsyz ýa-da öndürilmegi üçin köp energiýa talap etmeýän materiallar.
Teenagers produce improved building materials
Braziliýanyň paýtagty Braziliýa utgaşýan Santo Antoniýo şäherçesiniň golaýynda jaýlaryň köpüsi çig kerpiçden we şäherçäniň daşyndan satyn alnan beton bloklardan birnäçe günüň dowamynda gurlan jaýlardyr. Tejribeli gurluşykçylar az bolup, ýerli ilatyň ýeterlik puly bolmansoň, olar jaýlaryny hünärsiz işçileriň kömegi bilen gurýarlar.
Şonuň üçin-de, jaý gurluşygy üçin materiallar ýaramaz taýýarlanylýar: semende örän köp suw garylyp ýasalýar ýa-da armirlenen polat bilen berkidilmeýär.
Binagär Roza Fernandez Santo Antonio baranda gurluşyk boýunça tejribäniň bolmazlygy gurulýan jaýlaryň hilini we howpsuzlygyny peseldýändigini gördi. Ol bu ýagdaýy gowulandyrmak isledi. Býujet maliýeleşdirmesi arkaly Roza Fernandes San Antoniodaky ýetginjekleriň bir toparyna dykyz çig kerpiçleri taýýarlamagy öwretdi. Ol kerpiçler iki bölek gumdan, 1 bölek palçykdan biraz sement garylyp taýýarlanylýar. Soňra bolsa ýönekeý el maşynda galyba salyp gysylýar. Ýetginjekler kerpiçleri ýasamagy öwrenenlerinden soň, Roza bileleşikdäki beýleki adamlara hem çig kerpiçleri gurluşykda nähili ulanmalydygyny öwretdi. Ýetginjekler işewür önümçilige we kerpiçleriň satuwyna girişdiler.
Indi jaýlaryň köpüsi has howpsuz we has berk gurluşyk materiallaryndan gurulýar. Kerpiçleri satyn almaga niýetlenen pul ýerli ilatyň elinde galdy we ynamly geljegi gurmaga kömek etdi. Ýetginjekler okap, tejribe topladylar. San Antoniýoda indi tejribeli ökde gurluşykjylar kän.
Adaty we häzirki zaman gurluşyk materiallary
MAdaty binalar gurlanda, çäge, gum saman, agaç, gamyş, üzüm çybygy ýaly üçege we diwara niýetlenen materiallar bilelikde ulanylýarlar. Bu materiallar berk we ýerli möçberde bahasy elýeter ýada mugt diýen ýaly bolýar. Emma olaryň kemçilikleri hem bar. Palçyk diwarlar ýagyşda ýumrulyp biler, saman üçek mör-möjekler we zyýankeşler üçin öýe öwrülip biler. Şonuň üçin diňe şol materiallardan gurlan jaýlaryň uzak wagtlyk bolmazlygy mümkin.
Beton bloklary we demir üçek ýaly zawodda ýasalan materiallar köp ýerde adaty materiallaryň ornuny tutup bilýärler. Oňaýly bolany sebäpli, adamlar köplenç beton ulanýarlar. Maşgala has köp pul gazanýan bolsa, jaý tapgyrlaýyn, goşmaça öýleriň salynmagy bilen gurlup bilner. Käbir adamlar üçin jaýyň betondan gurulmagy ykdysady taýdan üstünligi we häzirki zaman durmuşy aňladýar.
Emma zawodyň çykarýan materiallaryndan gurlan binalar adam saglygy we daşky gurşaw üçin iň amatlysy däldir. Olar sowuk howadan oňat goramaýarlar. Betony taýýarlamak köp mukdarda suwy we energiýany talap edýär. Atmaturlar we simler bilen berkidilmedik bolsa, beton bölekler ýer titremesinde aňsat ýykylýar.
Mundan başga-da, bu materiallar gymmat düşüp, diňe uly şäherlerde ýaşaýan adamlara elýeter bolýar. Beýlekileriň aýratyn usul bilen jaý gurmagy onuň iň gowy usuldygyny aňlatmaýar
Hakyky palçyk suwagyny nähili taýýarlamaly
Size gerek zatlar:
suw
- Topraga çäge, palçyk, suw guýuň, suw palçyga we çäge siňýänçä garaşyň.
- Digirler bolmaz ýaly, eliňiz bilen garyň.
- Owradylan samany goşup, digir galmaz ýaly ýene-de garyň.
Palçygy diwar suwamak üçin ulanjak bolsaňyz, diwaryň ýüzüne suw sepiň. Saman, samandan ýasalan bloklaryň ýa-da beýleki zatlaryň ýüzüne suwag etmezden öň, olary bir gat palçyk bilen suwamak gerek. Suwagy diwaryň kiçiräk bölegine çalyň, soňra ony suwag üçin ulanylýan gylmala bilen ýylmaşdyryň. Suwag guranyndan soň, ony başam barmagyňyz bilen basyp barlaň. Elläniňizde ýa-da suw sepeniziňde suwag aňsatlyk bilen jaýrylsa, döwülse ýada diwaryň şol bölegi ýumrulsa, suwaga köpräk saman goşuň. Suwag saman goşanyňdan-da soň döwülse, 4 bölek bugdaý we suw garyp ýasalan garyndyny goşuň. Suwag suwdan döwülýän bolsa, owradylmadyk saman goşuň. Suwagyňyz ýumrulman, jaýrylman ýa-da aňsatlyk bilen gopman dursa, ony diwary suwamak üçin ulanyň.
Poly suwamak üçin suwagyňyza köpräk çäge goşuň. Täze poly suwamaga girişmezden öň, onuň üstüniň tekiz we ýylmanak bolmagy üçin, ony depeleşdiriň. Suwag edilenden soň, ony ýylmamaly, jaýrylmaz ýaly birnäçe hepde guratmaly. Mümkin bolsa, pol gurandan soň, onuň ýüzüni zygyr ýagy bilen örtüň.
Ýer titremesine durnukly jaýlar
Her ýyl adamlaryň köpüsi ýer titremelerine durnukly bolmadyk jaýlarda ýaşandyklary sebäpli heläk bolýarlar. Demir beton, berkidilen kerpiç, palçyk bilen berkidilmedik ýa-da binýatsyz jaýlar ýer titremede has howpludyr. Palçyk, reýka, agaç, saman bilen garylan toprak (“saman” diýlip atlandyrylýan), birleşdirilen we suwag edilen saman daňylaryny ýaly adaty we ýumşak materiallardan gurlan jaýlar ýer titremeleriniň ýetirýän zeperlerine has durnukly bolýar.
Adaty materiallary binýat, kese goýlan armatura we suw geçirmeýän suwag ýaly amatlaşdyrylan gurluşyk tehnologiýalary bilen utgaşdyryp, has howpsuz, has oňaýly we elýeter bahaly jaýlary gurmak mümkin. Palçykdan gurlan jaýlaryň ýer titremeden weýran bolmak howpuny azaltmak üçin:
- boýy pes, bir gatly, kiçi jaýlary guruň;
- mümkin bolsa, diwarlary esasan hem burçlary aýlawly ediň;
- dörtburç jaýlary gursaňyz, burçlary kese goýlan agaç tutawaçlary bilen berkidiň; agaç elýeter bolmasa, sim ulanyp bilersiňiz;
- hekiň erginini, kerpiç owuntykly betony ýa-da uly daşlary ulanyp, binýady gaty toprakda guruň. Taýaklary, gamşy, demir simleri ýa-da armatur böleklerini garyşdyryp, binýadyň materiallaryny berkidiň.
- armatur karkas, taýaklar, çüýler, metal ýa-da demir simler binýadyň üstünde gurulýan diwarlaryň howpsuz bolmagyny üpjün edýär;
- üçek üçin ýeňil materiallary ulanyň (saman ýa-da büdür-südürli metall ulanylýar);
- kerpiji ýa-da jaýyň böleklerini has howpsuz etmek üçin, kerpiç gatlaryny ýa-da jaýyň böleklerini birikdiriň; pürsleri keseligine bir diwardan beýleki diwara atyň, jaý bir tarapdan başga tarapa süýşmez ýaly, kese tutawaçlary pürsleriň arasynda goýuň; üçegi kese pürslere berkidiň.
Saman bölekleri ýaly ýeňil materiallar ýer titremede has howpsuz bolýarlar we jaýyň içinde ortaça ýylylygy saklaýar. |