Hesperian Health Guides

Amatlaşdyrylan peçler

Bu bapda:

Nahar taýýarlamak üçin ulanylýan peçler tüsselände, saglyga zyýan ýetirýär. Pejiň tüssesini azaltmak maşgala saglygyny gowulandyrmagyň iň wajyp usulydyr.

Peçleriň görnüşi taýýarlanylýan önümlere, elýeter gurluşyk materiallaryna we aşpezçiligiň adaty usullaryna bagly bolýar. Peçleriň hilini gowulandyrmak we öýdäki howanyň hapalanmagynyň meselelerini çözmek üçin, peç gurýan ussalar we saglygy goraýyş işgärleri peçlerden peýdalanjak adamlar bilen hyzmatdaşlyk etmeli. Aşpeze ýaraýan, az ýangyç talap edýän we az tüsse çykarýan peç hakykatdan-da amatlaşdyrylan hasaplanýar.

Aýallar peçleri ýylytmak we hoşboý ysly etmek üçin amatlaşdyrýarlar
A man makes notes as he watches a woman cook tortillas at a stove.

Gwatemaladaky aýallaryň köpüsi ýaly, Ines hem öz maşgalasy üçin nahary aşhanany tüsseden doldurýan we köp odun ýakdyrýan, elde ýasalan peçde taýýarlaýardy. Amatlaşdyrylan peçleri ýasaýan gurama olaryň şäherine gelende, Ines beýleki aýallar bilen olaryň aýtjak zatlaryny diňlemäge gidýär.


Guramanyň adamlary az ýangyç talap edýän, az tüsse çykarýan we gurluşyk üçin köp serişde talap etmeýän täze pejiň taslamasyny taýýarlan ekenler. Kimiň täze peji ulanyp göresi gelýändigi barada soranlarynda, Ines meýletin ylalaşýar.


Ines we onuň goňşulary palçygy saman we gum bilen garyp, guramaçylar bilen işläp başladylar. Gurama mekgöwejen gyzdyrmaçlaryny taýýarlamak üçin pejiň üstüne sygýan saply demir sajy berýär. Olar odunlary ownuk böleklere çapyşdyryp, peji otlaýarlar. Ol dogurdan hem örän oňat işleýärdi! Ines pejiň az odun talap edýändigini, tüssäniň bolsa tüssecykardan çykýandygyny görýärdi. Täze peçde demir saçda taýýarlanan nahary birnäçe gezek iýip görenlerinden soň, Ines we onuň maşgalasy mekgöwejen gyzdyrmaçlaryň tagamsyzdygyny belleýärler.


Birnäçe aýdan peç ýasan adamlar dolanyp gelýärler. Ines olara minnetdarlyk bildirip, peç zerarly mekgöwejen gyzdyrmaçlaryň tagamsyzdygyny sypaýylyk bilen aýdýar. Guramaçylar ony diňläp, bu barada onuň pikirini soraýarlar. Ines öňki saçlaryň demirden däl-de, palçykdan ýasalandygyny we mümkin gyzdyrmaçlaryň tagamynyň şoňa bagly bolýandygyny aýdýar.


Şol günüň özünde Ines, onuň goňşulary we guramaçylar palçykdan saply saç ýasaýarlar, birnäçe gün guradýarlar we demir saçlary palçykdan taýýarlanan saçlara çalyşýarlar. Ines haýaljakdan peçde ot ýakýar, gyzy bolsa mekgöwejen gyzdyrmaçlaryny taýýarlaýar. Peç gyzandan soň, gyzdyrmaçlary palçykdan ýasalan saçda taýýarlaýarlar. Taýýar bolandan soň, olary maşgala bolup iýýärler. Olar örän süýjüdi! Inesiň we onuň maşgalasynyň indi hakykytdanda amatlaşdyrylan peji bar.

Gowy peç nähili işleýär

Peçleri az ýangyç sarp edip, az tüsse çykarar ýaly we iýmit has çalt taýýarlanar ýaly amatlaşdyrmak üçin ýönekeý usullar bar:

EHB Ch17 Page 360-1.png
Güýçli ot ýangyjy doly ýakýar. Ýangyç doly ýanmasa, ot tüsseleýär. Gowy ot ýakmak üçin, ownuk çapylan odun ulanyň.
Güýçli ot nahar bişirilýän gabyň düýbüne degýär. Galtaşmagyň netijesinde, nahar has tiz taýyn bolýar
Nahar taýýarlanylanda gap otda dogry goýulsa, oduň howry howada ýitip gitmeýär.
Tüssäni çykarmak üçin tüsseçykaryjy, tüsseçekiji zerur. Bularyň ählisi pejiň içindäki howany daşyna çykaryp, naharyň çalt taýýar bolmagy üçin güýçli ody üpjün edýär.
Odunyň (oduň) aşagynda gözenekli demir howa çekip, oduň has güýçli ýanmagyna ýardam berýär.
Peç gyzgyny saklaýan materiallardan gurlan bolsa, az ýangyç sarp edilýär we nahar has çalt taýýar bolýar.


Peç ýylydylanda we nahar taýýarlanylanda ýelejiretmeklik

EHB Ch17 Page 360-2.png
EHB Ch17 Page 360-3.png
EHB Ch17 Page 360-4.png
Gowusy: Peji penjirä golaý oturdyň. Gapmagarşy iki sany çykalganyň bolmagy otagdaky howanyň aýlanmagyna kömek edýär. Ondan hem gowusy: Pejiň ýokarsyndaky tüsseçykar tüssäniň köp bölegini daşyna çykarýar. Iň gowusy: Peje birikdirilen tüsseçykar tüssäniň has köp bölegini içerden çykarýar.

Ojagy amatlaşdyrma

Ýönekeý peçleriň köpüsi açyk otly ojaklardyr. Käte olara 3 daşly ojaklar hem diýilýär, sebäbi dünýäniň köp künjeklerinde ýanyp duran oduň daşyna 3 sany daş aýlap, olaryň üstünde nahar taýýarlanylýan gaplary goýýarlar.

Ojaklaryň gurluşyny biraz üýtgedip, olary has howpsuz, az tüsseli we az odun sarp eder ýaly amatlaşdyryp bolar. Mysal üçin gury, ownuk odun ýakylsa, tüsse az bolýar. Oduň daşyna palçykdan pessejik aýlaw aýlanylsa, ol ýangynyň, ýanyklaryň döremeginiň öňüni alar.

EHB Ch17 Page 361-1.png
EHB Ch17 Page 361-2.png
Odunlaryň diňe uçlary ýanýan arassa otda tüsse az bolýar we odun az sarp edilýär. Odunlaryň hemme ýeri ýanýan hapa otda tüsse has köp bolup, odun köp sarp edilýär.


Ot ýakmak üçin aşagy demir gözenekli ýönekeý ojagy palçykdan gurmak örän az materialy talap edýär. Şeýle ojakda ot oňat ýanyp, açyk oda garanyňda, odun az sarp edilýär.

Ýönekeý ojagy ýasamak üçin aşakdakylary garyň:

  • çägäniň 6 bölegini;
  • palçygyň 4 bölegini;
  • birnäçe gysym arassa ýonuşgany ýa-da ownuk samany;
  • palçykdan aýlaw ýasap bolar ýaly möçberde suw.
EHB Ch17 Page 361-3.png
Ojagyň gapdalyndaky körük howany çekip, odunyň ýanmagyny üpjün edýär.
Daşlar gazanjygy otdan ýokarda saklaýarlar.
EHB Ch17 Page 361-4.png
Aýmança bilen gazanyň arasyndaky ýeriň azdygy sebäpli (iň kiçi barmagyňyzyň ýogynlygynda), ol gazanyňyzy gowy gyzdyrar we tüssäni azaldar.
Odunlaryň aşagyndaky demir gözenek howanyň geçmegine mümkinçilik berýär.
Gazan palçyk aýmançanyň içinde ýerleşýär.

Samandan ýasalan peç oduny tygşytlaýar

Samandan ýasalan peç uzak wagtlap taýýarlanylan tagamlary (buglanan et, kösükliler we tüwi) bişirip, olary ýyly saklamak we ýangyjy tygşatlamak üçin ulanylýan usuldyr. Şeýle peçler saman böleklerinden ýa-da ýylylygy geçirmeýän islendik elýeter materialdan ýasalýar. Ony gaty kagyzdan, gazetden ýa-da samandan doly sebetden ýasap bolýar ýa-da nahar bişirýän gazanyňyzy galyň ýorgana ýa-da mata dolap-da bolýar.

Nahar peçde birnäçe minut gaýnanyndan soň, gazany saman guta salyň. Nahar 2 sagadyň we ondan gowrak wagtyň dowamynda taýýarlanylmagyny dowam eder. Gazanda nahar köp bolsa, ýokary temperatura gowy saklanýar. Nahar az bolsa, peç gowy işlemeýär.

EHB Ch17 Page 362-1.png
Ýylylygy geçirmeýän material (ýöne plastmassa ýa-da penoplast bolmaly däl!)
Nahar taýýarlamak üçin gapakly gazan
Guty
EHB Ch17 Page 362-2.png
Sebediň gapagy
Nahar taýýarlamak üçin gapakly gazan
Sebediň örtügi gyzgyny daşyna çykarmaýar
Gazanyň ýokarsyndaky gyzgyny çykartmaýan material naharyň bişmegine ýardam berýär.
Gutudan ýasalan saman peji Sebetden ýasalan saman peji

Amatlaşdyrylan demir peç

Demir peç (turba şekilli) – bosgunlaryň düşelgeleri ýaly wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerde ýa-da hakyky göwrümli peçleri ýasamak üçin serişdeleriň ýok ýerlerinde ulanylýan kiçijek peçdir. Ol ýangyjy arassa ýakyp, az tüsseli bolýar.

Demir peji arzan we siziň ýaşaýan ýeriňizde elýeter materialdan ýasap bolar.

EHB Ch17 Page 362-3.png
Demir peç nähili işleýär
Pejiň daşky görnüşi uly konserw gutusyna meňzeş.
Içki we daşky taraplaryň arasyndaky kül peçdäki ýokary gyzgynlygy saklaýar.
Ähli ot ýokaryk galýar, sebäbi onuň ýoly ýapyk.
Gazanyň gapagy içindäki ýokary gyzgynlygy saklaýar.
Demir aýmança gazandaky ýokary gyzgyny saklaýar.
Gazan hut oduň üstünde oturdylýar, şonuň üçin oňa gyzgyn ýetýär.
Odun çalt ýanýar
Içki gatlagyny 2,5 sm bolan keramik plitkalardan ýasamak bolýar.