Hesperian Health Guides
Agyr metallar
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 21: Magdan gazyp alýan senagat we saglyk > Agyr metallar
Siz öz ýaşaýan çäkleriňizde haýsy metallaryň bardygyny we olaryň saglyga ýetirýän täsirleri barada bilýän bolsaňyz, agyr metallar bilen zäherlenmäniň bolup-bolmazlygyny anyklamak aňsat bolar. Şahtaçylaryň käbirleri magdan gazyp alýan senagatçylardan özleriniň agyr metallaryň haýsylarynyň täsirine sezewar bolýandyklaryny barlamaklaryny we zyýanly täsiri azaltmagyň usullaryny öwretmeklerini talap edýärler.
Simap özbaşdak gazylyp alynýar we altyny magdandan aýyrmak üçin ulanylýar.
Gurşun köplenç mis, kümüş we sink bilen bir ýerde bolýar.
Mis kümüş we sink bilen bir ýerde bolýar.
Myşýak köplenç altyn, mis we sink bilen bir ýerde bolýar.
Kadmiý kümüş we sink bilen bir ýerde bolýar.
Sizde agyr metallar bilen zäherlenme bar bolsa, onda siziň ýaşaýan çäkleriňizdäki beýleki adamlarda hem zäherlenme bardyr.
Mazmuny
Simap zäherlenmesi
Şahtaçylar kümüş ýa-da altyn magdany köne senetçilik usullarynda işlänlerinde, ýumşak garyndyny ýasamak üçin magdany simap bilen garýarlar. Alnan garyndyny onuň düzümindäki altyny almak üçin ýakanlarynda, simap bugaryp, gaza öwrülýär. Şeýle ýagdaýlarda golaýdaky islendik adam bu zäherli bugdan dem alýar. Mundan başga-da, simap ýere dökülse ýa-da açyk gapda galdyrylsa, bugarýar. Simap bugundan dem almak örän howpludyr. Simap deriden ýa-da onuň bilen işleşen adamyň elinden iýmite geçip, adamlary zäherläp bilýär (338-nji sah. ser.).
Simap zäherlenmesiniň käbir alamatlary gyzzyrmanyň alamatlaryna meňzeşdir. Siz altyn gazylyp alynýan çäklerde ýaşaýan bolsaňyz we size gyzzyrma garşy dermanlar haýyr etmese, lukman bilen simap zäherlenmesi barada maslahatlaşyň. Simap suwa we topraga siňip, uzak ýyllaryň dowamynda daşky gurşawy zäherläp bilýär.
Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda derýalarda we köllerde 100 ýyl mundan ozal altynyň gazylyp alynmagynyň netijesinde dörän simap zäherlenmesi heniz-de bardyr (Suwuň we balygyň simap bilen zäherlenmesi barada has köp maglumat almak üçin 3“Balyklardaky simap.”ser.).
Simap zäherlenmesiniň öňüni almak
Şahtaçylar altyny (kümşi) senetçilik usulynda gazyp alanlarynda, simap retortasyny (suwuklyklary gyzdyryp çykarmak üçin armyt şekilli uzyn, ujy egri turbajykly rezinden gap) ulanyp, simap zäherlenmesiniň öňüni alyp bolar. Simap retortasy simap howa geçmänkä, ony “tutup” alýar.
Bu bolsa şahtaçylaryň simapdan dem almagynyň öňüni alýar we simaby gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berip, puly tygşytlamaga kömek edýär.
Altyny simapdan açyk howada ýa-da gowy şemalladylýan ýerde aýryň. Şeýle edilen ýagdaýynda simap buglarynyň adamlaryň bedeninde ýygnanmagynyň öňi alynýar. Simap bilen işläniňizde, eliňize galyň ellik geýiň. Käbir şahtaçylar simaby almak üçin altyn gyzdyrylýan gazanyň üstüne banan ýapragyny ýapýarlar. Simap gyzyp, buga öwrülýär-de, ýapraga düşüp, ýene-de suwuk görnüşinde gazana düşýär. Gyzdyrylýan gazanyň agzy açyk bolandan, ýaprak bilen ýapylany has gowudyr. Ýöne şondada simap işçini we daşky gurşawy zäherläp bilýär. Ulanylan simaby gaýtadan ulanyp bolmaýar. Şonuň üçin-de, ýapyk retortany ulanmaklyk iň oňat çözgütdir.
Simap retortynyň köp görnüşi bolýar. Olaryň ählisi belli bir ugra gönükdirilen güýçli ody talap edýär. Galaýy çekijiniň ýa-da howa üfleýjiniň ody altyny has tiz almaga kömek edýär.
Şar şekilli retortany ýasamak
Şar şekilli retortany ýasamak
Retortanyň bu görnüşi adaty turbalardan ýasalyp, kebşirlenip birikdirilýär. Kebşirleýji enjamy ulananyňyzda ellik, äýnek we maska geýiň.
- Altyn amalgamalardan uly bolmadyk logalajyklary ýasaň, eliňize hemişe ellik (polietilen paket) geýip işläň. Ýasan logalajyklaryňyzy turbanyň gapagyna ýerleşdiriň.
- Simap uçup gitmez ýaly, retortany berk towlaň.
- Retortanyň agzyny sowuk suwly bulgura ýa-da gaba egip, ony gaty gyzdyrylan közde goýuň. Bu retorta hemme ýeri deň derejede gyzdyrylanda oňat işleýär.
- Simap turbadan suwa akar. Sowuk suw simabyň buga öwrülmegine we howa göterilmegine päsgel berer. Simap aşak çöküp, suwuklyga öwrüler.
- Simap suwda ýygnanmasyny bes etse, bar bolan altynyň ýygnalandygyny we simabyň dikeldilendigini görkezýär. Wtulka (dyky) simabyň suwa akmagyny üpjün edýär.
-
Retortany sowadyp, gapagyny açyň. Arassa altyn turbanyň gapagynyň iç tarapynda galýar.
Bu retortanyň bir kemçiligi bolýar: başda birnäçe gezek simap onuň iç tarapynda saklanýar. Ýöne siz sabyrly bolmaly, simaby ellemäň. Wagtyň geçmegi bilen simabyň hemmesi akyp çykar.
Ýene-de bir kemçiligi – altyn retortanyň dykysynda galyp biler. Şeýle ýagdaý ýüze çykmaz ýaly, retortany ulanmazdan öň, onuň düýbi garalýança, ýanyp duran şemiň üstünde saklaň. Şemdäki ýaglar altynyň retortanyň turbasynda galmagyna päsgel berer.
Uran radiasiýasy
Uran – ölüm howply radiasiýany bölüp çykarýan metal (342-nji sah. ser.).
Radiasiýa düwnügi (rak), deri kesellerini we beýleki saglyk bilen bagly kynçylyklary döredýär.
Adamlar urany gazyp alanlarynda, ony işlänlerinde ýa-da uran şahtalaryna we galyndy taşlanýan ýerlere golaý ýaşanlarynda, uranyň täsirine duçar bolýarlar.
Uran 2 zat: ýadro ýaragy we ýadro energiýasy üçin ulanylýar. Bularyň ikisi hem gymmat, howply we şeýle bir zerur bolmadyk zatdyr. Hiç bir ýurt birgiden adamy ýok etmäge niýetlenen ýadro ýaragy bolan baştutanyna ýa-da ýaragly güýçlerine ynam edip bilmez. Bize parahatçylyk gerek.
Ýadro energiýasy hem örän howpludyr. Atom elektrostansiýalarynda bolýan heläkçilikleriň netijesinde müňlerçe adamlar aradan çykýar. Ýadro energetikasynyň galyndylary müňlerçe ýyllaryň dowamynda örän zyýanly bolup bilýär. Olary howpsuz ýok edip hem bolmaýar. Elektroenergiýany has howpsuz usullar bilen hem öndürip bolýar (23-nji baba ser.).