Hesperian Health Guides

Inçekesel (IK)

Bu bapda:

Şahtaçylaryň dar öýlerde ýaşamagy, ýeterlikli iýmitlenmän, köp işlemegi, dermanlara we lukmançylyk kömegine mätäç bolmagy olarda inçekeseliň döremek howpuny artdyrýar.

Uzaga çekýän güýçli üsgülewük, gyzdyrma, ganly gakylyk, ysgynsyzlyk, horlanmak, gijelerine derlemek inçekeseliň alamatlarydyr. Adam düýpli bejergi almasa, ol inçekeseli beýlekilere ýokuşdyrmagy, ýogalmagy ahmal. Inçekesel her bir adam üçin ölüm howply bolup biler, ýöne açlykdan horlanan adamlar we AIW/ AIDS ýaly keseller bilen kesellänler üçin ol has howpludyr. Öýkeniň tozandan şikeslenmegi hem inçekeseliň döremek howpuny artdyrýar.

5 men, all coughing, in a small cramped room with bunk beds. Clothes hang on string tied to beds. Dirty boots and tools are on the floor.
Adamlar känlerdäki dar jaýlarda ýaşanlarynda, inçekesel has çalt ýaýraýar.

Şahtalarda, şahtaçylaryň ýatýan ýerlerinde we jaýlarynda howany ýelejiredýän ulgamyň bolmagy inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni alýar. Şahtaşylaryň we beýleki işçileriň arasynda inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçiň gowy saglyk şertlerini döretmelidir:

  • zähmet haklaryny ýokarlandyrmak;
  • iş wagtyny azaltmak;
  • has howpsuz iş şertlerini döretmek;
  • howpsuz, arassa ýaşaýyş şertleri döretmek;
  • arassa suw;
  • sagdyn iýmit;
  • netijeli öňüni alyş çäreleri geçirmek ýa-da guramaçylykly saglygy goraýyş ulgamyny üpjün etmek.


Inçekeseliň öňüni almak üçin, inçekeselli näsaglaryň zerur bolan bejergini we dermanlary kabul edýändiklerine göz ýetirmelidir. Köp döwletleriň hökümetleri inçekeseliň mugt bejerilmegini üpjün edýärler. Derman almak üçin saglygy goraýyş gullugynyň işgärine ýüz tutuň. (Inçekesel barada goşmaça maglumat almak üçin, Inçekesel sahypany ýa-da Where There Is No Doctor atly kitaby okaň).


This page was updated:18 dek 2022