Hesperian Health Guides

Bap 21: Magdan gazyp alýan senagat we saglyk


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 21: Magdan gazyp alýan senagat we saglyk


Bu bapda:

Workers dig and spray water in an open-pit surface mine.

Adamlar ýerden altyn, kümüş, mis ýaly metallary, göwher, lagyl ýaly gymmat bahaly daşlary, uran, asbest, kömür, we duz ýaly peýdaly magdanlary gazyp almak üçin olaryň ýataklaryny (känlerini) gözleýärler. Magdan gazyp alýan senagat howpludyr. Şahtaçylara pul gazanmak, öz saglyklaryny we daşky gurşawy goramak kyn düşýär. Emma magdan gazyp alýan senagaty has howpsuz etmegiň usullary bardyr. Magdan gazyp alýan senagatdan daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna ýetirýän zyýanynyň azaltmagyny talap etmegiň-de birnäçe usullary bardyr.

Magdan gazyp alýan senagat örän uly karýerlerde (henneklerde), çuň metropolitende, açyk çukur ýa-da şahta görnüşinde ýerleşýär. Olar uly korporasiýalar tarapyndan dolandyrylýar. Kiçi şahtalar bolsa ýerli ilat tarapyndan dolandyrylýar. Magdan gazyp alýan uly senagat ägirt çukurlary we ötükleri gazyp, ägirt mukdardaky topragy bir ýerden başga ýere geçirip, daşky gurşawa uly zyýan ýetirýär. Emma uly bolmadyk magdan gazyp alýan senagat hem adamlara we daşky gurşawa zyýan ýetirýär.

Magdan gazyp alýan senagatyň alyp barýan işiniň görnüşine we göwrümine, ýerleşýän ýerine baglylykda gazyp almagyň şertleri dürli-dürli bolýar. Magdan gazyp alýan senagatyň saglyga we uzak möhletleýin abadanlyga ýetirýän zyýanyna we howpuna düşünip, şahtalaryň ählisinde zyýany azaltmak maksady bilen öňüni alyş çäreleri geçirip, şahtaçylar we ýerli ilat öz saglygyny gorap, durmuşyny gowulandyryp bilerler.



This page was updated:05 ýan 2024