Hesperian Health Guides
Hapalanan suw
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 21: Magdan gazyp alýan senagat we saglyk > Hapalanan suw
Mazmuny
Suwuň hapalanmagynyň öňüni almak we ony azaltmak
Galyndyly howdanlardan hapanyň syzmagy magdan gazyp alýan senagat zerarly hapalanmanyň esasy sebäpleriniň biridir. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin, galyndyly howdanlar:
- suw çeşmelerinden ýa-da zeýkeşlerden daşda gurulmaly;
- hapa ýerasty suwlaryna syzmaz ýaly, howdanlaryň düýbi dykyzlandyrylmaly;
- in oňat dünýä ülňülerine laýyk gurulmaly;
- hapanyň syzmaýandygyna we akyp gitmeýändigine göz ýetirmek üçin barlamaly;
- gazyp almak işleri tamamlanandan soň, hapadan boşadylmaly we howpsuz gömülmeli.
Suw magdan gazyp alýan senagat zerarly hapalansa, ony arassalamak kyn bolup, ol gymmat düşýär we hemişe şowly bolmaýar.
Ýerli ilatyň agzybir hereketleri derýany halas edýär
Demirgazyk Filippinlerdäki Abra derýasy daglaryň ýokarsyndan ekin meýdanlaryň üsti bilen Hytaý deňziniň gollaryna akyp gaýdýar. Köp ýyllaryň dowamynda Abra derýasynyň kenar ýakalarynda ýaşaýanlar oba hojalyk, balykçylyk, senetçilik, altyn we mis gazyp almak bilen eklenýärdiler. Soňky ýyllarda uly korporasiýalar derýa, tebigata we şol ýerde ýaşaýan adamlara uly zyýan ýetirip, altyn gazyp almaga başladylar.
Magdan gazyp alýan korporasiýalar şahtalary gazmak üçin tokaýlary çapyp aýyrýardy. Bu bolsa derýany suw bilen üpjün edýän gözbaşlaryň we akymlaryň gyrmançadan dolup guramagyna eltýär. Guşlaryň, haýwanlaryň we ösümlikleriň köp görnüşleri ýitip gitdi. Känlerdäki turşulyk zeýkeşlerindäki himikatlar derýa düşüp, onuň suwuny zäherledi. Abra derýasynyň kenar ýakalarynda ýaşaýan adamlar kellagyrydan, başaýlanmakdan, üsgülewükden, döşdäki agyrydan, gözüň we burnuň awuşamagyndan, deri örgüninden, içgeçmeden ejir çekýärler. Mundan başga-da hasylyň ýylsaýyn azalmagy zerarly döreýän açlyk ýaly uzak möhletleýin kynçylyklar ýüze çykýardy.
Bu meseleleri çözmek maksady bilen ýerli ýaşaýjylar “Abra derýsyny goralyň” diýen hereketi döredýärler. Bu hereket adamlaryň ýer we suw hukuklaryny goraýar. Ol ýerli ilatyň we hökümet agzalarynyň magdan gazyp alýan senagatyň ýetirýän zyýany baradaky bilimlerini artdyrýarlar. Ýerli talaplary äşgär etmek maksady bilen olar öz talaplaryny beýan edip, ýygnaklary gurnaýarlar. Olar ýerli uniwersitetleriň alymlarynyň we enjamlarynyň kömegi bilen suwuň hiline gözegçilik edýärler. Ýerli ilatdan düzülen toparlar bolsa ýolbeletler, şaýatlar we barlag üçin suw ýygnaýanlar hökmünde hereket edýärler.
Suwa gözegçilik etmek üçin döredilen topar kameralar we el telefonlar arkaly bolup geçýän üýtgeşik zatlar barada bir-birlerine habar berýärler. Mysal üçin, akymdan aşakda köp balyk ölüp başlanda, ýerli baştutanlar akymyň ýokarsynda barlag geçirip, kändäki zeýkeşden himikatlaryň ysynyň gelýändigini anykladylar. Bu barada uniwersitetiň alymlaryna habar edildi. Olar öz gezeginde haýal etmän suw nusgalaryny almak üçin gaplary iberdi. Şeýlelikde, olar derýa suwunda zäheriň bolup-bolmazlygyny barladylar.
Howply magdan gazyp alýan senagat Abra derýasynyň kenar ýakasynda işini dowam edýär. Emma indi “Abra derýasyny goralyň” atly hereket magdan gazyp alýan korporasiýalaryň iň howply usullardan peýdalanmaklaryny bes etmeklerine mejbur edýärler. Ýerli ilat bolsa howpsuz we sagdyn daşky gurşawa bolan hukuklaryny goramagy öwrendiler
Kändäki turşulyk zeýkeşi
Suw bilen howa çuň ýerde kükürt bilen garyşyp, turşulyklary emele getirmeginiň netijesinde turşulyk zeýkeşleri döreýär. Bu turşulyklar kändäki agyr metallary we beýleki zäherli galyndylary dargadyp, topraga, ýerasty suwlara, derýalara we köllere düşýär. Ilkibaşda göräýmäge köp bir howply zat ýok ýalydyr. Emma suwdaky zäherli maddalar ýuwaş-ýuwaşdan adamlaryň, haýwanlaryň, ösümlikleriň we balyklaryň kesellemegine sebäp bolýar. Kändäki turşulyk zeýkeşleri aşaky akymdaky ýaşaýşy ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyllyk hem şikeslendirip biler.
Islendik kände turşulyk zeýkeşi döräp biler. Munuň öňüni alyp bolmaýandygy sebäpli, korporasiýalar känleri açmazdan öň, hiç bir turşulyk galyndylarynyň bolmajakdygyny subut etmelidir. Kände emele gelen turşulyk zeýkeşiň döremeginiň öňüni almak, ony arassalamak örän gymmat bolýar. Şonuň üçin-de, daşky gurşawyň aladasyny edýän guramalar şeýle çäreleriň geçirilmegini talap eden ýagdaýlarynda, uly korporasiýalar känleri açmak niýetinden dänýärler.
Känlerdäki turşulyk galyndylaryna garşy çäre görüň
- Galdyrylan şahtalary tapyň we olary ynamdar alymlaryň kömegi bilen barlaň. Magdan gazyp alýan korporasiýalaryň özlerine barlag geçirmäge we size diňe netijelerini aýtmaga mümkinçilik bermäň. Olar size dogrusyny aýtmaz.
- Magdan gazyp alýan korporasiýalardan daşky gurşawa edýäň täsiri, şol sanda turşulyk zeýkeşleri barada hasabat bermegini talap ediň.
- Şahtalary barlamagy we olaryň howpsuzlygyna göz ýetirmek üçin, jemgyýetiň käbir agzalaryny bu işe gatnaşdyryň.
- Turşulyk zeýkeşleriň emele gelmeginiň öňüni almagyň ýeke-täk howpsuz usuldygy barada ynandyryň.